GYZ-ZENANLARYÑ ATYR SEPINIP DAŞARY ÇYKMAGYNYÑ YSLAM DININDÄKI HÖKÜMI

Dinleriñ iñ kämili we iñ soñkusy dini bolan Yslam maşgala ahlaklylygynda mydama mährem zenanyñ öz ýoldaşynyñ ýanyna özüne serenjam berip, bezenip, müşk sepinip barmalydygyny ündäp gelipdir.
Ýöne her bir gyz-zenanlar döwürlere görä öz isleýişiçe gezmäge, atyr sepinmäge,bezenip-beslenip çykmaga hak-hukuklary bardyr. Yslam dini gyz-zenana zorluk bilen atyr sepinmekligi gadagan edenok-da zenanlaryñ özlerine ýagşylygy ündäp, azgyn erkeklerden geljek zyýanlara, zorluklara mydama ätiýaçly garamaklygy ündeýär.
Zeýneb es-Sehafiýýeden (r.a.) eşidilen rowaýatlaryñ birinde Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şeýle diýýär: Zenanlardan biri ýassy namaza (başga bir rowaýatda mesjide) gidende atyr (müşk) sepinmesin'' (Muslim)
Ebu Hüreýreden (r.a.) gelen hadysda, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam ''üst başyna atyr (müşk) sepinen zenan, ýassy namazyna gelmesin'' diýýär (Muslim).
Ebu Musa el-Eşariniñ (r.a.) rowaýat eden hadysynda bolsa, zenanlaryñ atyr sepinip daşaryk çykmazlygy barada anyk höküm çykarýar. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) şeýle diýýär: ''Eger bir zenan atyr sepinip soñra ynsanlaryñ ýanyndan geçse, ol kişiler onuñ ysyny alsalar, ol zenan zaniýadyr (zynaçydyr)''. [Sahyh hadys. Ahmed. Musned 4/414. Ebu Dawud No:4173. Tirmizi No:2786)
Bu hadyslar zenanlaryñ atyr (müşk) sepinip daşary çykmagynyñ haramlygyna delildir. Çünki zenanlaryñ gowy ysly atyrlar sepinip daşaryk çykmagy erkegiñ şöhwetini oýaryp, olary zenanlara meýil etdirýän zatdyr...
Bu hadysyñ şerhinde (düşündirişinde) Allame Mubarekfuri (rahimehulla) şeýle diýýär: ''Hadysda (ol aýal zynaçydyr diýmeginiñ manysy) Zenan sepinen gowy ysly atyry zerarly erkekleriñ şöhwetlerini oýaryp, olaryñ özüne seretmeklerine sebäp bolýandyr. Keseki zenana sereden kişi bolsa, göz zynasyny etdigi bolar, gowy atyrlar sepinen zenan bolsa, bu göz zynasynyñ sebäpkäridir we şonuñ üçin günäkärdir.
Zenana seretmegiñ özi hakyky zynanyñ başlangyjydyr. Musulman zenana parz bolan zerur bolmasa öýünden çykmazlygydyr. Eger çykmaly bolaýan ýagdaýynda-da Allatagalanyñ buýruşy ýaly edebe laýyk hijap we doly örtýän giñ lybaslar geýmelidir we atyr sepinmeli däldir. Öýüniñ içinde bolsa, eger keseki ýok bolsa (myhman ýok bolsa) onda islän atyryny sepinip biler.
Ar-namysly zenan musulman diñe öz äri üçin bezenmeli we oña görünmelidir.
Emma ar-namysdan, edep-haýadan daş zenanlar bolsa, kesekilere görünjek bolarlar. Musulman zenan diñe öýüniñ içinde ýoldaşy üçin bezenip, atyr sepinmelidir.

Çeşme:
www.ertir.com

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir