Eger-de sen ejeňden çekinýäniň üçin betlik etmeýän bolsaň,
eger-de kakaňdan gorkyňa ýalan sözlemeýän bolsaň,
eger-de mugallymdan gorkyňa ekzamende başgasyndan göçürmeýän bolsaň,
eger-de başlykdan gorkyňa tabşyrylan işi kemsiz ýerine ýetirýän bolsaň,
eger-de polisiýadan-türmeden gorkyňa jenaýat işi etmeýän bolsaň,
eger-de hudaýdan gorkyňa günä iş etmeýän bolsaň,
eger-de ilden gorkyňa ilden çykmaýan bolsaň;
-Onda sen ahlakly däl-de hakyky gorkak. Eger-de bu zatlary etmäge wyždanyň rugsat bermeýän bolsa, onda sen hakyky ahlaklysyň.

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir