Gök astynda ýalňyz men, Ýer üstünde ýalňyz men, Özüm aglap köşeşsem- Hiç kimse bilmez, eje!... Bagra basyp ýatyrdyň, Başym alyp otyrdyň, Süýjüje düýş getirdiň... Ol günler gelmez, eje!... Toýda seni gözledim, Ýasda seni gözledim, Wah, dözmezim, dözmezim, Wah, neneň dözdüň, eje!... Töwerek ýat daşym ýat, Jigerim-bagrym berbat, Gideýdiýsem başym ýaş, Geçenok günler, eje!... Gelin barmak üzüm deý, Ýürek üzüm-üzüm-leý, Ýer ýok ýeriň ýüzünde-ýeý, Barmaga ýerim, eje!... Ne ini bar, ne aga, Na gapy bar barmaga... Diýdirmen ýetim çaga! Ýok, ogluň ölmez, eje!... Ne iýmekde many bar, Ne geýmekde many bar. Men ýaşara pany dar - Duşarsmy ölsem, eje!... Eje-eje, eje jan, Tabyt boldy kejebäň. Ýer astynda nije jan... Üstde men tenha, eje!... Uçrap eýmenç külpede, Ýalňyz galdym dünýede. Nätjek, ýüzüm gülse-de, Ýüregim gülmez, eje!...

Köneler, sahett tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir