Uly kynçylyklara mahsuz adamlar, Oña oglanlykdan bolýarmyş taýýar, Ýöne kynçylygy sen saýlamarsyñ, Gözleriñe bakyp, ol seni saýlar. Ol seniñ kimdigñi gözüñden tanar, Soñ synag eder öz dünýäsinde, Pyrlandyrar seni gyş dünýäsinde, Aýlandyrar seni ýaz dünýäsinde. Tomus dünýäsinde,güýz dünýäsinde, Synar ol.dört paslyñ içinden geçir. Bir ýerde lakyrdap duran gaýnag suw. Ýene bir ýerde-de buzly suw içer, Içegäñ çürşäýjek-ýalydyr ýada, Bogazyñ doñaýjak ýalydyr welin, Şol gidip barýansyñ,hiç zadam bolmaz, Dert-alada bilen doludyr beýniñ, Iloglusyñ, Hem-de ýologlusyñ sen, Ýologlumyñ-diýmek,derdiñem köpdir, Öz ili mekdepdir ilogly üçin, Ilogly hem öz iline mekdepdir. Öwrener,öwreder gider bararsyñ, Hem-ä şägitrsiñ sen, Hemem halypa. Öwretmek beýle bir agyr iş däldir. Öwrenmek-şol juda uly wezipe. Öwretmek ajaýyp sungatdyr weli, Öwrenşiñ boýunça keserler nyrhyñ, Ýologlusyñ.şeýdip gidip bararsyñ. Iloglusyñ.ýokdyr iliñden parhyñ. Bolubilse bardyr ýeke parhyñ, Ony hem il biler.duýmarsyñ özüñ, Illeriñkä görä garypdyr çatmañ, Illeriñkä görä narzadyr gyzyñ. Geýjekdir matalañ gowusyn saýlap, Çagadyr.etmez ol tapanna şükür, Balañdyr,dözmersiñ.işiñi goýup, Onsoñ esgi hakda edersiñ pikir. Ýene-de ýoldasyñ Iliñkä görä, Alnyñ çytygrak-da bolmagy mümkin, Ýüzüñ hem kämahal salygrak görner, Emma gülen wagtyñ dag ýarar köñlüñ. Aglañda aglarsyn aglan şekilli, Güleñde gülersiñ gülen şekilli, Hem-ä okumyşsyñ, Hem akyllysyñ, Ýöne welin dälsiñ Ilden akylly. Il aklyn ulanyp bilşiñe görä, Gymmatyñ köpeler ýa-da kemeler, Şol hasap boýunça mazarynda-da, Güler ýa-da aglar dogran eneler. Sen kemally bolsañ-mazari giñär, Sen bikemal bolsañ-ýer dardyr enä, (Ýeriñ üstündäki bikemal ogul, Ýeriñ astynda-da azardyr enä.) Iloglumyñ- Şeýder gider bararsyñ, Kynçylyk yzyndan kynçylyk dörär, Kynçylyga görä artmaz möçberiñ, Kynçylyk artýandyr möçberñe görä.
Kynçylyk hakynda (kerim gurbannepesow)
-
gadymypaytagt
12 years ago
- okap hezil etdim.
-
makgush
12 years ago
- Kerim aga zordurlaý, goşgulary hemişeki ýaly bet
-
phenomen2
12 years ago
- Maman gowy goshgy eken
-
turkmenntug
12 years ago
Aglañda aglarsyn aglan şekilli,
Güleñde gülersiñ gülen şekilli,
Hormata mynasyp şahyr,Kerim aga
-
Makintos
12 years ago
- örrän dogry :-)
-
hakykygyz
12 years ago
- hemmamizde bashymyza gelen kynchylyklary allanyn bize beren sowgady diyip kabul etsedik nahili gozel bolardy...
ol j.j bendesinin goterip bilmejek kynchylygyny bermez...
sahet agza yetiren goshgyna tanryyalkasyn.
kerim.g shahyryn goshgularynda many bar...
-
akylym1989
12 years ago
- sähet ýene şeýle goşgularyndan paýlaşyp duryň. Kitapdan okamak bir başga, talyplardan bir başga.
-
sahett
12 years ago
- hawa akyl indi nesip edenden "edebiýat burçy" atly edebiýat bilen bagly bolan goşgular,heýalar,awtobiografiýalary ýetirip durjak...nesip edenden...
-
Abadan
12 years ago
- illeriñkä görä narzadyr gyzyñ.
geýjekdir matalañ gowusyn saýlap,
çagadyr.etmez ol tapanna şükür,
balañdyr,dözmersiñ.işiñi goýup,
onsoñ esgi hakda edersiñ pikir.
kynaý
-
turkmenntug
12 years ago
- kyn :(
aldarkose12 12 years ago- kynchylyk bir synagdyrda.