TÜRKMENISTAN, Aşgabat, 2008 ýyl Bu waka, gyş aýlarynda bolupdy. Ýaşaýan ýerim oba bolansoñ, ol ýerde howa hasam sowuk. Ine dynç günleriñ birinde ir bilen turdymda, ejemiñ: - oglum, şu gün jygyllyga gitde, öýe gerekli zatlary alyp gelsene, diýen seslerini eşitdim. Menem bor eje, häzir iýip-içip baryp gaýdaýaryn diýdimde, şähere, jygyllyk bazaryna gitmäge hyýallandym. Dogrusy öñler ýeke gidip görmämsoñ, bir-az çekinmänem duramokdym. Garaz egnime ýylyrak geýindimde, elimede az-oglak pul alyp, ýola düşdim. Obamyzyñ uly köçesine çykyp, şähere tarap gidýän ulaglara garaşmaga durdym. Görsem bir tanyş oglanym, goñşy 1merdan aga gelýärdi. Ol ulagyny golaýymda sakladyda, menden: - şäheremi inim? diýip sorady, menem howwa, diýdimde ulaga mündim. ulagyñ içinde başgada obadaş oglanlar miras aga bilen adalatly dagy bardy. Olar bilen ýolda gümür-ýamyr edip şähere nädip ýetenimem bilmändirin. Ine-de şähere ýetdik. Ulagdan düşdümde jygyllyga tarap gidýän awtobuslaryñ duralgasyna bardym, ol barmanada priznoý satyp oturan tekegyzytatyana gözüm düşdi, gapdalynda-da ayyuzli bar, iki bolup bir zat hakda gybat edip otyrlar. Ine-de garaşýan ulagym, jygyllyk diýlip ýazylan awtobus geldi, adam köplük bolansoñ, münmegem kynyrak bolýar, menem dykynşygam bolsa eýtdim-beýtdim içine girdimde özüme bir ýer aldym. Görsem ýañky adamlañ içinde karat, makintos, makestm dagylaram bar eken, menem: - nirä how? diýip soradym, olaram: - aý ony-muny alaýmasak diýdilerde yzky hatarlara tarap geçdiler. Bir-az wagtdanam awtobus ugrajak boldy. Ulagyñ ugranam şoldy welin, birä: - waaý duraweri şafýor, joram gelýär, onam alaly diýip gygyrdy. Seretsem, ýañky abadan daýza eken, o gelýän jorasam missmaysa bolup çykdy. Ine onam mündirip, ýola düşdik. Ýolda, öñdäki hatarlaryñ birinde: - şafýor, hany bir radio ýa-da aýdym-saz goýsana, barýançak diñläp gideli diýip yashuly35 gygyrdy. Ýaşulyñ bu teklibini goldap, gapdalynda oturan wulkan agada: - howwa şafýor, bir zatlar goý how, diñläliñ diýdide ýylgyrdy. Garaz aýdym-saz bilen jygyllyga baryp düşdük. Bir sertsem şafýor uly sesi bilen birinä gygyryp dur, asyl bizi bazara getiren şafýor vipboy eken. Menem näme bolduka, nämä gygyrýaka diýip seretsem, ýañky düşenleñ arasyndan phenomen2 puluny tölemän gaçyp giden eken. Menem güldümde:-) bazaryñ esasy derwezesine tarap ýöredim. Derwezäñ gapdalynda iýer ýaly odur-budur ýasap oturan aga593e gözüm düşdi, ýanynda-da yegen bilen multyk lawaşmy nämemi, bir zatlara ýasadyp durlar. Ýöräp barşyma bazaryñ kökedir-süýji satylýan ýerine barypdyryn, ol ýerde balajyk12 ejesi bilen satyjy gyz, turkmenhanymyna özleriniñ nägileliklerini bildirip, tereziden kem çekýändigini aýtdyp durlar. Ol barmanada bir ýerlerden hakykygyz çykdyda, olara goşuldy. Garaz olara üns bermän ýolumy dowam etdim. Görsem iki sany milise, nohurlyagzanyñ elinden tutup gelýär. Yzyndanam baýramsoltan bilen akylym1989 gaharly, bir zada söwünip gelýärler. Menem geñ galyp seretsem, asyl nohurly bularyñ pullaryny ogurlan eken. Birdenem gapdalymdan - düt-düt, hany geçeliñ adamlar diýip, araba sürýän shajy geçip gitdi. Onuñ yzyndanam tejenjik öz arabasyny sürüp barýar. Aý garaz şeýdip ýene ýolumy dowam etdim. görsem bir topar obadaş gyzlar merw92, maria, tmgozeli, honey12 hem-de pretty girl dagy gelýär. Olara salam berdimde, ýene ýolumy dowam etdirdim. Soñra bazaryñ egin-eşik satylýan ýerine ugradym, ýolda friendship bilen turkmentugy görüp galdym, howlukmaçmy nämemi iki bolup haýdap bir ýerigä barýalar, menem aý borla indiki gezek görüşerisdä diýip, ýöräp gaýtdym. Ine-de egin-eşik satylýan ýere ýetdim. Ýokarda asylgy duran bir penjege gözüm düşdi, menem näme, almasamam bahasyny bir sorap göreýin diýip barsam, satyjysy magnit eken. Menem: - penjekleñ näçeden? diýenimem şoldy welin, bir ýerlerden trabzonly çykdy, türkçeläbem "gün aýdyñ, iýimisiñiz" diýdimi nämemi, düşünmedim diline. Aý garaz ne bahasyny sorap bildim, ne-de penjegi görüp bildim. Ýene ýolumy dowam etdip, ýöräp gaýtdym, bir seretsem amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet atly bir dukan bar, menem: - bah, muñ adynaý, tutuş oba bolup dakypdyrlar öýdýän diýip, gülüp deñinden geçip gitdim. Ondan soñ ejemiñ al diýen zatlaryny almak üçin, hojalyk harytlarynyñ satylýan ýerine tarap ugradym. şol gidip barşyma öñümden milashka92 çykdy, elindede tort bar, buny kime alyp barýañ diýsem, joram 6armeliñ doglan güni, şoña sowgat diýdide, geçip gitdi. Ondan soñ hazeleyаny gördüm, olam başagaý bolup bir zatlara satýan eken, baryp görsem (gyzlara degişli zatlar). Soñra bir-az beýlerägimde goh bar, seretsem urgençli bilen pida algy-bergi hakynda bir zatlara düşünşip durlar. Menem borlaý, özleri çözlüşerdä diýip, deñinden geçip gitdim.

Köneler, makgush tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir