Düşdüm haýynyň bukusuna yoluň başyndaky garaňky we dar köçede Nähili umytlarym bardy-da, wahhh.. menden öň düşdi janajan dostlarym Olaram uçdular edil yaňyja... Meni terk eden ruhum bilen bile O garaňky we o dar köçede Çalasynlyk bilen üç-bäş adam Gülle ugratdylar arkama Ölüm ysly yaraglaryndan... gygyrdym, şeyle bir gygyrdym, emma... eyesiz, biperwaý İki köpekden başga Sesimi eşiden bolmady... Yaragyň sesini-de eşitmediňizmi,ey, Hudaysyzlar şo dereje ýyljajykdymy düşegiňiz? şo dereje owadanmydy gelinleriňiz? Ölsün sizinem umytlaryňyz....

Köneler, Ayyuzli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir