danalañ yzyndan ylgadym mydam, Gözlegimdi,bu durmu$a beletlik. Eý sen,kynçylyga sata$an adam, Goý ýaranyñ bolsun,ruhubelentlik. Tohum sep topraga,açylsyn güller, Dogruluk gögersin,ýitsin galatlyk. Adamy has uzak ýa$adyp biler, Eger bolsa onda,ruhubelentlik. Süýdiñ ýüzindäki gaýmak mysaly, Döwrümiziñ ýüzne çykan talantdyk. Bizi $u günlere getiren bolsa, Zähmetimiz hemem,ruhubelentlik. Çi$irilen öwgüli söz berseler, Ýel ugruna,gaýyp ýören ýelekdik. Soñra kebzämizden,hanjar ursalar, Dadymyza ýeten,ruhubelentlik. Agyr günlerimde,tutup elimden, Ýollaryma,$ol edipdi beletlik. Indäm dostlar deýin,tirke$ip ýöris, Yzymdan galanok,ruhubelentlik. Vento:$ahsy döredijilik.

Köneler, vento tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir