Gowulykda tutulsyn, goý, adymyz, Durmushda yzymyz goýaly, dostum! Ýigrenäýsek - birazajyk ýigrenip, Söýsek - ene bolup söýeli, dostum! Ýörelgämiz YNAM bolsun ýollarda, Kitap bolsun, galam bolsun ellerde, Boýun bolsun bize aýlar - ýyllar-da, Mydam ''ynsap donun'' geýeli, dostum! Ishimizden uly-kiçi shat bolsun, Gülkimiz dag ashsyn, gaýgy mat bolsun, Haramlyklar ömrümize ýat bolsun, Halal içip, halal iýeli, dostum! Döredeli sapak edip könäni, Gahar - kapyr! Unudaly kinäni, Guwandyryp perishde deý enäni, Atany pygamber sa:ýaly, dostum! Sapak alyp güýzde gaçan ýaprakdan, Örkümizi üzmäli bu toprakdan, Kuwwat alyp dañ gyzaran shapakdan, Bürgüt bolup gökde gaýaly, dostum! Dogan ýaly bolup birek-birege, Kyn günlerde öwrüleli direge, Kä gysh ýaly, kä ýaz ýaly ýürege Gözellik nuruny çaýaly, dostum! Durmush bagtlylyga bolsun bahana, Ömrümizi meñzedeli bahara, Sheýle eziz bu ümmülmez jahana, Watanyñ abraýyn ýaýaly, dostum!

Köneler, Friendship tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir