Günamizi bagyşlaýar Eneler Sebäp Eneleriň ak süýytli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär Şeýdibem kemelýär Eneleň ýaşy Ene balasyna buýurdy ýumuş Ol diýdi “Özüň et oň ýaly işi” Ýandy Ene. Emma ötdi günasin Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy. “Öýe wagtynda gel, giç gelme balam” Ogly bolsa Enä çenedi daşyn “Wah nätsemkam” Emma günäsin ötdi Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy. Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul Gapak ýaly boldy tüýlije döşi “Indi ata bolduň adam bol oglum!” Gysyldy, gysyldy Enäniň dişi. Ene dişin gysdy otyzki gezek Her gezek gysanda gaçdy bir dişi Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp gaçdy bir ýaşy.

Köneler, sahett tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir