Goryanimdenmika seni hemishe, uch gun mundan ozal giripsin duyshe. Ertesi ir bilen gelyarkam ishe, ep-esli onumden yorap baryarsyn. Yzyndan galmadym bakmadyn eger, ishe yetishmage howlugyan meger, nazarym eglesem gozlerim deger, yone sen yag yaly erap baryarsyn. Koplerden uytgeshik uz dek nazin bar, belki-de goynunda bahar-yazyn bar, manlayda yok eken bolmak sana yar, shonda-da gownume yarap baryarsyn. Kate agshamara gelyarsin gaba, keypinem her gezek sheyle bir onat, yalbaryan yuz berme ozunden sowat, yogsa soygi yupun sarap baryarsyn. Kate bir mashyna bolyas munmeli, kate gurleshmeli kate gulmeli, gozlerin gashlaryn gara surmeli, aynadan dasharyk garap baryarsyn. Dashyndan guwanyan yokdur alajym, bir goshgy yaz diydin yazaryn borjum, bir syryn cozgudi dine mana chyn, tasin gazal bolup dorap baryarsyn.

Köneler, wulkan tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir