Ozallar durmuş birhili manysyzdy. Sähel zada bizar bolyadyk. Şikayat ederdik, närazy bolardyk. “Men bir bagtsyz” diyerdik. “Şeyle bolaysady, beyle bolaysady durmuşym” diyerdik Iň kiçijik zatlara hem aglardyk. Gaharlanardyk. Şu wagt bolsa, aňryyany bilen göz yetiryän, meni bagtsyz edyän asyl şol yeke pikirim eken. Yüregimdäki boşluk. Ullakan, gara boşluk. Janymdan bir parçanyň gopup gidişiniň boşlugy. Onsuz yaşamagyň agyrlygy... Ony soňky yolagçylygyna ugradan wagtymdan bäri içimde yer alan yza. Ynsan kynçylyklar bilen kämilleşyärmişin. Söyen adamlaryňy yitireniňde düşünýän ekeniň ölümiň nämedigine. Ölüm bize daş, başgalara yakyn diyip pikir ederdim. Emma hakykatlar beyle däl eken. Bir gün irden oyananyňyzda nirden biljeksiňiz siz Jananyňyzy yaňyja hemişelik yitireniňizi Durmuşa onsuz dowam etjekdigiňizi Durmuşda has wajyp zatlar bar.... Söyyänleriň gadryny dirikäler bilmelisiň. Nireden bileyin seni soňky gezek görenimde Soňky görüşmämizdigini Soňky gezek seni gujaklanymy Soňky gezek “kaka” diyyänimi Soňky gezek ogşanymy... Ol nurana yüzüňe soňky gezek bakanlygymy Şu zatlar hiç kiminň başyna düşmesin diyip yazyandyryn. Gadryny biliň ezizleriňiziň, olar yaşayarka biliň Puşman bolaymaň! Soňky gezek “Wah, käşgä, şuny eden bolsadym, muny eden bolsadym” diyip ahmyrda galmaň! Allah hiç kimi ezizlerinden ayyrmasyn! Meni hem galan jananlarymdan jyda düşürmesin!

Köneler, Ayyuzli tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir