Amerikanyň raýatlyk uruşyndan birnäçe ýyl ozal bir ýaş ýigit, bir baýyň kapysyny kakdy. Isleýän zady, garyn doýurmak we ýatmaga ýer üçin işlemekdi. Baý adam bu Jim atly ýigidi işe aldy. Jim hakykatdanam zähmetkeş oglandy. Bütin günüň dowamynda işleýärdi we agşam öýdäki beýleki hyzmatkärler bilen naharlanyp samanhanada ýatýardy. Birnäçe wagtdan soň ol baýyň gyzyny görüp aşyk boldy. Gyzam ony gowy görýärdi. Ähli batyrlygyny jemläp baýa onuň gyzyny gowy görýändigini we oňa öýlenmek isleýändigini aýtdy. Baýyň muňa erbet gahary geldi: “Seniň ýaly gedaý, hyzmatkäre gyzymy bererinmi?” diýip Jimi işden kowdy. Bu wakadan soň 35 ýyl geçdi. Baý samanhanasyny ýykyp täze samanhana gurmak isledi. Ýykylan wagtynda bir wagtky ýaş ýigidiň ýatýan samanhanasyna doly adyny ýazandygyny gördüler. Ol ABŞ-yň şol wagtky (20-nji) prezidenti James A. Garfielddi.
Hekaýajyk
-
Makintos
8 years ago
way,way, way gaty gowy eken,
bayyña bagry tütândirow. sagja
bol dost yetireniñe.
burguttm | 2012-10-09
23:53:55
chuwak bu gyz ahyry
-
burguttm
8 years ago
- wi bilmândirin, sagja bol yetireniñe jora! :-)
-
Bayramsoltan
8 years ago
- Ertirki gün kimiñ näme boljagy belli däl. Gynanaydym, sagbol hazeleye.
-
makgush
8 years ago
- Sagbol awtor.
Bah baý köp bilip azdan galdy bolupdyrda:-) aý başga näme diýsin elbetde ýok diýer, haýsy baý öz gyzyny garyba beresi geler?
-
Honey12
8 years ago
- Name boldum dalde name bolarkam dp pikir etmeli.sagbol yetirenine
-
hazeleye
8 years ago
- şu hekaýada men ýene bir zada üns berdim: Eger baý Jime gyzyny beren bolsady, kowman alyp galan bolsady Prezident bolarmydy?
-
makgush
8 years ago
- Aý druk o diýýäniñ mañlaý işi, mümkin bolardy ýa-da şol baýyñ emlägine eýe bolardy:-)
-
imperator1
8 years ago
- meshur adamlan gecmisi hemise seyle bolayyaray yada sonundan duzedyaler bay sona cenli bilmedimika son prezident bolanny
-
hazeleye
8 years ago
- familiýasyny bilýändir öýdemok men-ä öýünde garyn doýurma işläp ýören hyzmatkäriň. ondada 1850-nji ýyllarda
-
imperator1
8 years ago
- bolup biler sag bol awtor yetirenne
-
pyatnica13
8 years ago
- Gaty gowy hekaya kopden bari beyle gowy hekaya okamokdym sagbol awtor
-
handsome1
8 years ago
- linkolinin hem durmushu sheylerak bolyar, yash wagty atlara seredyan eken. bir gun athanadan hukuga degishli kitap tapya we shol kitaplary okamak ucin okamagy owrenyar. seydip assa yuwas prezident bolyar
-
andrey
8 years ago
- gowja ekenay sag bol
burguttm 8 years ago- way,way, way gaty gowy eken, bayyña bagry tütândirow. Sagja bol dost yetireniñe.