salam gadyrly agzalar. adam bedeni her bir janlyda boluşy yaly öyjüklerden emele gelendir. her öyjük öz ömrü boyunça etmeli işini etmek üçin göreşyar. daşardan gelen signallara jogap beryar, organizmany yaşatmak üçin beyleki öyjükler bilen bilelikde ylalaşyp hereket edyar. ömrünin ahyrynda wezipesini yerine yetirjek başga bir öyjigi yetişdiryar. kabirleri bolsa organizma ölyança ya daşardan onyn janyna kast edilyança hiç ölmeyarler.(beyin öyjükleri) aşgazan-içege yollaryndaky öyjikler bolsa tutuş bedenin iyjek-işjek ryzkyny emip durmalaryna garamazdan, olardan dine özüne geregini alyp galyar. hat-da kabirlerini yokardan rugsat bolmasa alyp hem bilmeyar. yöne adamam adam-da, nebsine hay diyip bilman öz özüne öz elleri bilen zeper beryar. öyjikler bu gelen zyyanly maddalara, signallara garşy sabyr bilen göreşyarle. emma yene yz galyar-da. ynsan bu hereketlerine dowam etdikçe öyjikler gyzyar, gaynayar. kabirleri öz janyna kast edyar. kabirleri bolsa bu adalatsyzlyga çydam edip bilman gozgalana baş göteryar. ahmyrçyl, faşist öyjükler emele gelyar. özlerini organizmadan ayry sayyarlar. gizlinje köpelyarler, töwerek daşyny öwrenyarler. belli bir güyje eye bolanlarynda bolsa gozgalan çykaryarlar. önlerine çykanlary öz tarapyna çekmane çalyşyalar, başarmasalar öldüryarler. bedenden ar almana başlayarlar. sonundanam islenmeyan zatlar bolyar, tutuş organizm güyçden düşyar we başga birinin goldawyna mataç yagdaya gelyar.

Köneler, Kuraldyshy tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir