Pikirlerim azashypdyr - dagynyk, Söýgiñ azabyndan halas et meni! Arzuw edýän: ýatsam bagtda agynap, Söýgiñ azabyndan halas et meni! Nämüçindir ykbal maña gülmedi, Ýatlamadan özge hiç zat galmady, Ýok, islämmok sensiz ýeke galmagy, Söýgiñ azabyndan halas et meni! Ahmyr odun ýakyp gitdiñ ýürekde, Gämim batdy. Haýysh ony kürekle?! Sensiz hiç zat, hawa, hiç zat gerek däl! Söýgiñ azabyndan halas et meni! Dünýäm basgylandy, göwnüm çat açdy, Dermanyn ber, köñül ýaram ötüshdi, Durmushymda bir bigän-ä satashdy..! Söýgiñ azabyndan halas et meni! Ýüzüñ añryk, öwrülmezi men taýa? Indi saña, aýt, kim bolduka saýa? Ynan, garashammok artyk serpaýa, Söýgiñ azabyndan halas et meni! Yshkyñ güzabyndan halas et meni! Ömrüñ hasabyndan halas et meni!

Köneler, Friendship tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir