Salam gadyrdan talyp.com-çylar! Çakyr(wino) - köne asyrlardan bäri örän gymmatly,uly lezzet bilen içilýän içgileriň biridir.çakyrlaryň özboluşly tagamlary bar bolan aýratyn görnüşleri bardyr.olaryň hersine degişli bulgury,nahary we içilýän usulyny dogry saýlap bilseňiz,siziň çakyr içmegiňiz ýöne bir serhoş bolmagyň ýene bir usuly bolman,eýsem hakyky keýp almagyň görnüşi bolar. Çakyr içilende iň esasy kanun - çakyryň düzümi näçe çylşyrymly bolsa,ýany bilen iýilýän tagam şonça-da ýönekeý bolmaly.çakyry eliňe alyp içjek bolanyňda geplemeli däl,eger biri sizden bir zat sorasa-çakyry ýere goýuň we soňra gepläň.sütem edilip içirilýän ýaly bolmazlyk üçin içip gutarylmadyk bulguruň üstüne çakyr guýulmaýar.çakyry guýup berýän adamyňyzyň sag tarapyndan guýuň.çakyr bulgura dolduryp guýulmaýar.indi bolsa çakyrlaryň her görnüşi hakda aýratyn aýdaýyn: Ak çakyr-ýeňil etli(balyk we towuk) naharlary bilen,dürli peýnirler we ýeňil işdäaçarlar bilen içilýär.sowadyp içilýär.bulguryň ýarysy doldurylýar.bulguryň aşagy inçe,ýokarsy giň bolmaly.göwrümi 250-350 ml. Gyzyl çakyr-ak çakyrdan öň içmek maslahat berilmeýär(ak çakyry gyzyldan öň içse bolar).agyr,ýagly etli tagamlar bilen,çişlikdir-lüle,bujenina,gowurdak(jarkoe) ýaly naharlar bilen içilýär.gyzyl çakyr bilen şokolad önümlerini iýmek,sigara çekmek il arasynda meşhur bolsa-da olar çakyryň tagamyny basyp,lezzeti ýok edýärler.çakyr içiljek wagty otag temperaturasynda bolmaly,eger sowuk bolsa eliň aýasynda çaýkamaly(hem ýylaýar,hem tagamy açylýar).içilmänkä 1 sagat öňünden "dem almagy üçin" çüýşäniň agzyny açyp goýmaly.bulguryň göwrümi 500-600 ml. Bolup,aşagy giň,ýokarsy inçeräk bolýar.ony 3/1 bölegini dolduryp içmeli. Muskat,likýer görnüşli çakyrlary süýji tagamlary bilen,nahardan soň içilýär.olaryň ýany bilen maňyzlar,hozlar,ir-iýmişler,konditer önümleri,doňdurmalar we ş.m iýilýär.aşakdaky suratlarda ak,gyzyl we muskat çakyrlary-içiň,lezzet alyň,emma özüňizi saklaň!
çakyr
-
wulkan
12 years ago
- Ay mena ichmek aladam yok. Yone maslahatyna sag bol!
-
URGENCLI
12 years ago
- Çakyryñ dogry ulanylanda saglyga peydasynyn bardygyny saglyk.info saytyndan okapdym. Sagbol awtor
-
URGENCLI
12 years ago
- B.e ozal we b.e ba$larynda nusay $aherinde köp mukdarda yerli üzümden çakyr yasalypdyr, we da$ary yurtlara hem köp mukdarda satylypdyr.
-
Bravo
12 years ago
- üzümçiligiň ösen şäheri nusaý
-
ependi
12 years ago
- gunde bir cuyshejik icsen tut yaly bolyan diyya
-
lukmantm
12 years ago
- Kop sagbol dost !
Gyzykly maglumatlaryn ucin :-):-):-)
Friendship 12 years ago- ichgilerden shu chakyr dalmi, nache kop saklansa, shoncha-da gowy hasaplanyan?
Sagja bol, Batyr, maglumatlarynga!