Toý gidip dur goñshymyzyñ öýünde, Saz ýañlanýar gutlag sözler diýilip. Ýöne meñ ýüregim gutaryberdi, Bir ujundan gurçuk deýin iýilip. Hat-da, ejemjanam toý lybasynda, Toýlaýar ol päk söýgümiñ ýasyny. ''Wah, eje jan, sen bir ýakma ahyry, Göreñokmy ýüregimiñ ýashyny?!'' Häzir showhun bilen geler gelinalyjy, Päkize söýgimi depeläp, basyp. ''Eje jan, shonda-da begenermisiñ - Äkitseler bagrym kerçeläp, kesip?!'' Jinnek ýaly umydym hem galmady, Hasratlarym aslyshyp dur boýunda... ...Hanha, gelinalyjy tozanlap barýar, Toý gutardy goñshymyzyñ öýünde...
Toy gidip dur gongshymyzyng oyunde...
-
Shahyrjyk
12 years ago
- Kate bu gartashan yash omrumizde,
yitgimize kayyl bolyas caresiz.
Kate soygumizde gulumiz tapman,
wyzzyldap yenede galyas shiresiz!
-
lukmantm
12 years ago
- Wahey oz söýýän gyzyñy gözlerin b.n gelinalyja mindiripsinda gynandyryjy habar berk dur dost
-
adatyadam
12 years ago
- Wagtynda dogry herekedi tapyp bilmesen shu gunde galyberyan
-
turkmenntug
12 years ago
- "bagtly we şähdiaçyk ýaşamak üçin ömri (haýsydyr bir) ynsan(lar)a dälde ,bir maksada bagla"
- diýen eken eýnşteýn daýy.
-
1merdan
12 years ago
- Sapa diýäänä, buyňa begendiňmi ýa gynandyňmy??? umuman toýa diräpsiň besdir ondan aňry geçmeseň gowy bolar jigim, ýogasa da soňky döwürlerde çenden geçýäs ýaly bolyp dur.Meniň kakamda şeýleräk bir setir bar:
...Arada aýlanyp tanyş ýerlere,
geçmişimiň "yzlaryny" gözledim.
Hool tallaryň saýasynda "irkilen"
Söýgümizi oýatmaga dözmedim.
ýagny bärde şol söýgüni gozgamasaň has gowy boljak dygy hakda aýdylýarmykan diýýän...
.. gaty çeper ýazylan we entäk sen toýdan soňa geçmänsiň, şoňada şükir. ýogsam çeper sözü, haram keýp üçin ulandy etmäli oglanlar (söz owadanlan bolyp)
-
dominic
12 years ago
- Ajayyp gosgy sagbol dost:)
DAYHANA 12 years ago- oz soygun elden gitdimi