Uruş gidip otyrdy Günbatar sary, Ýigidiň yzynda galdy Söýgüli ýary. Şol köpeldi oturdy Ýüzde ýygyrdy. Gündiz ak ekin ordy, Gije egirdi. Kuwwat berdi gahryman Ýary biline. Birjik şübhe etmedi Diriligine. “Diri!” diýdi ýatanda, Turanda: “Diri!” “Ýok, indi gelmez” diýdi Näkesiň biri, Şonda-da, diýdi gelin: “Diridir diri!..” Goradymy yhlasy Ýa-da dilegi. Ýary agyr söweşden Dolandy geldi. Goňşy-golam sowulyp, Galyp ikiçäk, Ýumşak düşek ýazyldy Üstüne keçäň. Ýigit şonda sözledi Daňdana çenli, Dört ýyllap ýow gününde Başdan geçenni. Sözledi ol teninden Akan ganyndan. Gaýdanyny ölümiň Bäri ýanyndan. Bendilige, horluga Döz geleninden. Mauthauzeniň Şum düzgüninden. Ýarynyň hor egnine Goýdy-da elin, Sessiz-üýnsüz aglady, Towlandy gelin. Ol ynanyp bilmedi Meýmiräp ine, Ýanda diri ýatanyň Diriligine Gurbannazar Ezizowbilemokwww.turkmenedebiyaty.com

Köneler, hazeleye tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir