BIR başyň bar, müň işiň bar dünýäde, Müň şükür! Ýykylyp galmaýşyň besdir. Baryna ýetmeli paýy-pyýada, Tigirçek hökman däl - Şu köwşüň besdir. Bir köwşüň tozdumy - ýene bir köwüş, Ikinji tozdumy - üçünjä çalyş, Her bagy çözlende ýer bilen emiş, Toprak ajykdyrmaz - Şol aşyň besdir. Ertir bolmaz ýaly dilleriň peltek, Täze menzillere ýetmeli entek. Duşsa-da ýoluňda müň dürli kötek, Diýme: “Dynç gulagym, Aç başym besdir!”

Köneler, 1merdan tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir