Söýgüli,Pygamberimiz Ýaradylysh we ahlak tarapdan ynsanlaryñ iñ üstünidi.Ähli Pygamberleriñ iñ gözeli Oldy.Boýny uzyn we kümüsh kibi sap,omuzlary we we çiginleri galyñ,barmaklary uzyndy. Özi semiz däldi.Uzyna ýakyn orta boýly,güýçli we kuwatlydy. Mübärek bedeni ýüpekden-de ýumshakdy.Ýüzi çalaja tegelegräk,gashlary hilal kibidi.Kirpikleri uzyn,gözleri gara,uly we soñ derejede gözeldi.Ýüzi gül kibi,gyrmyza golaý ak we nurana,açyk we ýagtydy.Dishleri dürler kibi akdy,geplän wagty alyn dishlerinden nurlar saçylar,gülen wagty agzynda yshyklar (shöhleler) ýagtylanandyr öýdülerdi.Saçlary gaty bir buýra-da däl,gaty bir ýazgyn hem däldi. Melemtil ýumshak saçlary bardy.Sakgaly gür we doludy.Uzyn däldi.Jisimi gözel,ysy hoshdy.Hoshboý ysly gül suwlaryny sepinsin sepinmesin,teni we deri iñ gözel yslardan hem has gözel yslydy.Mübärek eli bilen bir çaganyñ bashyny sypalasa,ol çaga beýlekileriñ arasyndan derrew saýlanar,belli bolardy. Doglanda sünnetli halda we göbegi kesik halda doglupdy.Örän uzakdan eshider,hiç kimiñ görüp bilmejek aralygyndan görerdi,bir ýere giden wagty sagyna,soluna bakyp ýöremezdi,salykatly we çalasyn gadam urardy.Ýüzünde-nur,sözünde-kuwwat,dilinde bir gözellik bardy.Her siniñ aklyna görä söz sözlär,her kese güler ýüz bererdi.Kimsäniñ sözüni ýarpasyndan bölmez,özüni gödek ýa gylyksyz alyp barmaz,salyhatly ýa$ardy.(1-nji bölümiñ soñy)
Hezreti Muhmmet Mustafa (s.a.w.)
-
Agent007
12 years ago
- Yazanyna sagjabol.indi yazjak wagtyn ayyuzlinin aydanyny bitirjek bol.kyn bolmasa
-
michaeljeckson
12 years ago
- Ýazgy ücin niýetlenen ýer tapmadym,ýada ol ba$ga ýerde bolýamy
-
Agent007
12 years ago
- Jogap yazylyan yer yaly uly bolup ozini tanadyp durandyr
-
Makestm
12 years ago
- Sagbol ýetirenine tekst mowzuk ac diýäne ýere ýaz
-
Makestm
12 years ago
- Sagbol ýetirenine tekst mowzuk ac diýäne ýere ýaz
-
handsome1
12 years ago
- "Kitapdan okanymy size yetireyin diydim" diyen sozlem bilen yokardaky makalan yerlerni chalsyp yaz
-
hakykygyz
12 years ago
- hormatly Michael gawy zatlar yazanyn u.n allaŷalkasyn.sho kitaby kiçikam okapdym yone doly yadyma dushenok (pygamberimizin dunyaden otjek wagtlary ezraŷyl perishdan gelishi,barada hem yetiraga ) shony ilki okamda aglapdymam
-
Bravo
12 years ago
- sallallahu aleýhi wesellem.
awtor minnetdar
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Goz onume gelip gitdi didarlasmak jennetde gonsy bolmak ahlimize nesip etsin sefaatini ustumizden ayyrmasyn
-
pida
12 years ago
- Amin!
Ayyuzli 12 years ago- michael, tanryyalkasyn,elin dert gormesin. indikide belgi diyen yere yazman yazgy ucin niyetlenilen yere yazay, bormy, okamak kynrak dushya!