Amerikan psihologlary bagtly bolmaklygyň takyk ýedi usulyny salgy berýärler. 1. Öz ýakynlaryňyzy söýüň. Öz söýýäniňize wagtyňyzyň köpüsini sarp ediň hem-de ýygy-ýygydan özüňizi bagtly saýyň! 2. Öz söýýän käriňize kän güýç sarp ediň. Eger-de siz öz işiňizi söýýän bolsaňyz, mümkin bolsa köpräk işläň. Eger-de söýmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge çalşyň, şeýle etseňiz, ahyrky netijede bu siziň üçinem, jemgyýet üçinem peýdaly bolar. Biz öz durmuşymyzyň / ömrümiziň köp bölegini işde geçirýäris, şonuň üçinem ol wagty bisarpa, bihuda geçirmeli däl. 3. Beýleki adamlara / başgalara kömek bermek üçin güýç-gaýrat, talabedijilik bermek bilen, siz, birinjiden, özüňize sarpa goýmagy artdyrarsyňyz, ikinjiden, özüňizdäki psihiki hem-de fiziki ukypsyzlygy aýrarsyňyz. Netijede durmuşdan lezzet almaklyk güýçlener, bagtlylyga golaýlaşarsyňyz. 4. Bagtly bolmaga çalşyň! Özüňize gözegçilik ediň, anyklaň, oýlanyň, bu häsiýetler sizi keýpi köklüge getirer, sizi begendirer, siz muňa çalşyň. 5. Fiziki taýdan gujurly boluň! Fiziki gujurlylyk sagdyn adama hakyky keýp berýär. Fiziki gujurlylyk adamy kyn ýagdaýlardan halas edýär. Şularyň nepi deger: ylgamak, ýöremek, sportuň islendik görnüşi, tans – şularyň ählisi siziň üçin oňaýlysydyr. 6. Öz durmuşyňyza täzelikleri ornaşdyryň. Çagalykdan bizi uly ynam bilen terbiýeleýärler, bu bize durmuşa göz ýetirmäge ýardam edýär. 7. Bagtsyzlyga uçrasaňyz, özüňizi ýitirip, ruhdan düşmäň. Bu psihologiýanyň üýtgewsiz kanuny: ger siz şu gün bagtly bolsaňyz, onda onuň çöwre tarapynyň barlygy-da gutulgysyzdyr.
Bagtly bolmak hakda
-
Multyk
12 years ago
- Dogry bellenen sözler sag bol awtor.
-
Makestm
12 years ago
- Menem multykga go$ulýan dogry aýdylan sözler
-
Multyk
12 years ago
- :D
-
Kuraldyshy
12 years ago
- turkmen aganyn yuzyyllap aydyp, owredip gelyan zadyny amerkanlar kitap edip cykaryalar :)
1. birini formalny soyip bolyamy ? 50 cente meselem, balsayady acyp daway bir hepdan icinde sundan lezzet al diysen ,. masgala, garyndas gatnasyklary medenyetinde bolmasa son gunin psihologlara galyar
2 karini soyyan adam sonsuzAM etyar . meselem mugallym, lukman ussa suratkes. soymeyanler 12:00 da musdsrini taslap arAKESME HIKUGYNY ULANYAR.
3.GARA GAYGYN YENE OZ BAGTYN BOOLSA, basgasyna bu maksat bilen komek etmek seni rahatlandyrmayar
4.hawa, edyan herekedini, dusunjabi gozden gecirip durmaly
5.bedenin ceyeligine guwanmak dine geciji, aldawcy kanagatlanma duygusyny doredyar. ha, spordy hobbi halyna getirsen basga
6.ornasdyrmaly, emma seresap bolmaly
7.elbetde, erjel bolmaly
ay umuman adamyn ruhy yagdayyny formulalasdyryp, galyba salyp bolmayAR DA. yewropa bilen aramyzdaky milli medeni tapawutlar bizin zyyanymyza azalyar. yagdAYYNA SHUKUR ETMANI OWRENMEDIK ADAMYN JANY HIC WAGT HEM ARAM TAPMAYAR.
-
Ayyuzli
12 years ago
- simpotyaga, gowja yazgy. turkmenin in gowy hasiyetlerinin biri-de, kanagatlylygy. "saglyk bolsun, ryzkymyzy kem etmesin, bashgasynyn bir alajy bolar" diyyas gerek? shuna cyndan ynanmak bagtly bolmakdyr eyyam. yone kawagt, kawagtjyk bagtyn gadik galan yerini doldurmak ucin elinde birinin elinin bolmagyny isleyan!
-
Ayyuzli
12 years ago
- *isleyagalyň!
-
Ayyuzli
12 years ago
- ay onardy bul-a... ň harpyny galyn etjek boldum ))))))
-
Agent007
12 years ago
- Ola dogry birinin elini isleyan
-
akylym1989
12 years ago
- ýazgyny okamda bagtlybol agza ýadyma düşip gitdi
virmenaard 12 years ago- MANA-HA KAWAGT HICISEM YARANOK WELIN KAWAGTAM SHU AMERIKANLAR DOGRY AYTYAR.