meň kellämde hiç jogabyny tapyp bilmedik soragym bardy. ine düýnem oturyp hasapladym. mesele şu: lift döwüldi we sagatda 60-70km ýagny sekuntda 18 metr tizlik bilen aşak gaçýar. sizem iň soňky sekuntda ýokaryk bökýäňiz. hooop... ýokary bökmegiňiz eger ýalňyşmasam sekuntda 4-5 metr tizlik bolar. (saglyk ýagdaýy ýerinde 65kg adam göz öňüne tutdym). bu diýmek siz takmynan sekuntda 13-14 metr tizlik bilen aşak gaçmaga dowam etýäňiz. sekuntda 18 metr yada 13 metr tizlik bilen ýere gaçyň tapawudy ýok, netije uýtgänok. ýere düşeňizden ýere ýapyşarsyňyz, ýagny sizi ýerden gazyp çykararlar. o_ooo duruň duruň, panika etmäň, lifti saklaýan tross ýüp iň azyndan 5 ýada 6 sany bolýar. käbir liftlerde ýagly we amortizatorly gorag sistemalary bolýar. bu sistemalaryň hiç haýsy işlemese şonda-da optimistligi elden gidermäň, hiç bolmanda ömrüňizde bir gezek sizden aşakdaky etajlaryň hiçisinde durman göni podwala bararsyňyz!!!

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir