Iki goňşy gelinler, Çilarada sögüşýär. Gopan deýin kyýamat Dabarasy dag aşýar. Goşarlary ýumrugy, Billerinde bykynda. Galar ýaly däl olar Ikisi hem bekinde. Özleri hem at ýaly, Görk syratly etinde. Diline alýan sözi, Iň mojugy betinde. Ýok olarda müýn haýa, Ilden günden çekinme. Degibilse begenýär Bir birniň çetinne. Namemişin Dürjanyň, Geçisi boşap gidipdir. Goňşylaň melleginiň Kelemine giripdir. Birje kelem gemripdir, Munam Patma görüpdir. Ýeke kelem üstünde, Goşa ýumruk geripdir. Patma diýär aňyrdan: -"Aýu, nadan sen heleý Geçiň kelemi geýipdir, Ýoklan deýin tüweleý. Men seň üçin geçiňe Iýsin diýip ekemok. Menem çaga ekleýän, Gury azap çekemok. Kim bolaýsyn çeknemok, Goňşy bolsaň boluber. Ýöne ýere çekrämok, Ölýän bolsaň ölüber. Hanha, gül ýaly äriň, Tapanokmy iým şoňa. Wezipeli işi bar, Aýdaňokmy şonyňa. Wah, seň äriň är bolsa, Onda her gün getirdi. Oýnaşnyňkyn iýmlemän, Diňe saňa ýetirdi. Iki baş maşgalany, Eklemek kyndyr oňa. Şäherdäkä ýetirip, Seni goýandyr soňa. Oglam bolanmyş hol gün, Buşlugyma näm berjek?.. Jaýam salyp beripdir, Basym maşyn äberjek.. Erniň suwly bolmasaň, Özüň münerdiň maşyny. Birtopar dul heleýler, Almazdylar daşyny. Gaty görme ýenede, Gaýdyp geçiň geçäýse. Göni suda bererin, Mellegimde göçäýse.." Muň sesine Dürjanyň, Çüý gözleri alardy. Bir çişdi'de keýerip Patmaň üstüne arlady: -"Hekgeren bolma heleý, Bolduň başyma akylly. Gitde ondana barda Äriňe öwret akylňy. Düwlän bolup durmada, Azrak et takalňy. Öz äriňde utanç ýok, Ösdürýärem sakalny. Bar bilýäni sypamak, Dul heleýleň çokulny. Güýmenjesi synlamak Del heleýleň şekilni. Eşidýärmiň sen heleý, Hol gün ariň maşynyn, Signal berip köçede Mündürip dur oýnaşyn.. Wezipehä sizde bar, Pul urýaňyz küt-kütläp. Ýedi maşyn kimde bar, Haly alýaňyz gat-gatlap. Giden süri sygryň bar, Olar nireden geldi. Äriň firmaň hojaýny, Puly nireden çildi. Indi bir kelem üçin, Edýäňemmi gürrüňin. Äriň bilen agdaryn, Oturýanja kürsüsin. Entek başyňa ýeter, Seniň ol süri sygryň. Göni suda ýazdyryp Açaryn ähli syryň.." Bir manatlyk gök kelem, Ýetdi olaň başyna. Iki goňşy tersleşip, Awy gatdy aşyna. Düwleýärler ikisem, Barha çişýär ýelini. Şaýat bolan bolsaňyz, Görseň iki gelini. Diňlär ýaly däl olaň, Mojuk şerraý gepini. Ine şeýdip açdylar, Bir birniň sepini. Bilenokmyka olar, Erte açmak gapyňy. Nämä derkar bir kelem, Beýdip saçmak ganyňy. Birden gutarsa unuň, Kömek berjek nanyňy Ýene goňşy dälmidir Kelem alsyn janyňy.. ______________________________________ Ýazjagam däldim welin, Hiç goýmady iki gelin. Biri şerçä meňzese, Biri ajdarha deýin. Bir birne bahyllyk, Kalplaryny eýeläpdi. Görüplik duýgulary, At dek münüp eýerläpdi. Başy kelem bolsada, Maksatlary başgady. Adam ýaly aýtmakdan Sypaýçylykdan daşdady. Yegenden size maslahat: Gyzlar beýle bolaýmaň. Baran öýňe abraý ert, Beýdip ile dolaýman. Agzybirlik bagt getir, Agzaladan bagt ýiter. Il eşitse gowy däl Birden gepe galaýmaň..

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir