Ýok,men ökünemok seni söýenme, Diñe biraz ýanan ýürek aglaýar, Aýñalyp bilemok seniñ söýgiñden, Saña bolan söýgim gözüm baglaýar. Ýok,men ökünemok seni söýenme, Saña bolan söýgim öwretdi kän zat, Çöl içinde gumda galan altyn dek, Öz gereksizligim bashladym añlap. Ýok,men ökünemok seni söýenme, Seni söýüp özgerdi bu durmushym. Adyñy diñe bir dilim däl,eýsem Ýûregim hem gaýtalady günuzyn. Ýok,men ökûnemok seni söýenme, Seni söýüp duýgulary öwrendim, Öñ diñe söýmegi basharan bolsam Indi ähli durkum bilen ýigrendim. Ýok,men ökünemok seni söýenme Seni söýüp tutdum gamdan ýükümi Mert boljakdym,ýöne ýürekdäki dert Aglamasam egsilmejek ekeni Ýok,men ökünemok seni söýenme, "Sag bol"aýdýan saña eý näzenin gyz. Söýüpdim,söýýärin,belki söýerin, Bagrym ýere berip galsamda ýalñyz.
Ýok,men ökünemok seni söýenme
-
Makestm
12 years ago
- go$gy eken sagjabol dost ýende acyp dur tema
-
akylym1989
12 years ago
- gowy goşgy ekeni
-
mentalyp
12 years ago
- Jogaplarñyz üçin sag boluñ
-
akgultm
12 years ago
- wah wah soygu soygu ozi 5 harp veli gor kimleri yakyar....goshgy yaman gowy sagja bol awtor
-
Aristokrat
12 years ago
- paylasanyna sag bol, gowy gosgy eken!
-
metehangokdepe
12 years ago
- mentalyp ozin soyga uchurapsyn oydyan :D
-
mentalyp
12 years ago
- metehangokdepesgo$gyny üns berip okasañ ýok men ökünemok diýip göni manyda dälde eýsem içim ýanyp diýendigimi görersiñ,birwagtlar jandan tenden söýen bolsam indi $ol söýginiñ yzasyny çekip gelýän
-
Ayyuzli
12 years ago
- Derding guycli eken, Alla kuwwat bersin! Soz bilen yenlemez, yekeje ozun cekersin bu yuki. Wagt bitirer yarany!!!
Bravo 12 years ago- sagja boluň ýene ýazyp duruň