Aslynda omur gysga dal, gysga basharnyklarymyz! Yollaram tukenmez dal, Tukenmez howeslerimiz! Mekanlar yetdirmez dal, Gowshak adimlerimiz! Alemler alyslyk dal, Sessiz aydymlarymyz! Dunye-de hic yazykly dal, Gunali pallerimiz! Otegcilik arman dal, Arman bosh galmagymyz! Barysy yazgytdan dal, Dushunman synmagymyz! Biz bu pana bigerek dal, Ayp ony gic ananlygmyz!!!
"omur manysy"
-
Ayyuzli
12 years ago
- Yok, edil muny ozum duzemok. Mening cyrshayanlarym sizing gorejinizi kuteldip okanynyza degmez oydyan.
Shygyr barada aytsam, manysy gaty guycli. Adam pahyr, showsuzlygynda hokman.birini ya bir zady bahana tutjak bolup bashlayar koplenc. "bolmajak zadyn ozi yok" arzuwyna yetmek ucin " gapy yapylsa, penjireden barmaly.ol hem bolmasa, tuynukden dushmeli" cykalga hemishe bar diyjek bolyan. Bir gapy yapylsa, mung gapy acylar.... Ruhdan dushmeli dal. Durmush rehimsiz.innirdap oturanlary halamayar.
P.s: gapyly, penjireli mesele ashyk-magshuklar ucin daldir... :)))))
-
Yegen
12 years ago
- Dogry
-
1merdan
12 years ago
-
"Dönmerin öz pikrimden,
Atsalar-da ýanýan oda,
Ömür boýy hyzmat etjek,
Ynsan diýen belent ada.
Söýemok men bu jahanda,
Ýaranjaklap gün görmäni,
Ýagşy görýän beýle günden,
Öz ajalyma jan bermäni"
A. Kekilowa
-
1merdan
12 years ago
- Annasoltan Kekilowa
...Men ýeke däl başga-da
adamlar ýaşaýarlar.
Adamyň nesli mydama dowam
edip dur.
Goý, bu gün meniň goşgymy
okamasalar okamasynlar.
Ýöne döwrem adamlaryň
islegem, söýgüsem, ykbalam dürlüdir.
Mümkin ertir... üýtgeşik
ýürekli bir kişi doglar.
Hem meni söýer,pikirlerime
teşne bolar, goşgularymy okar,
Emma barybir ol meni garry
aýalyň keşbinde-de tapyp bilmez.
Menem onuň galyň
dodaklaryndan öpüp minnetdarlyk bildirmek üçin mazaryndan çykyp bilmen.
Şonuň üçinem,
Sen meniň ýaşdaşymmyň, ýa
kiçimiň...
Garaz kim bolaňda-da...
Kalbymda duýgy oýaranyň
üçin,
Minnetdarlyk bildirýärin...
-
1merdan
12 years ago
-
Akja kebelege ýüzlenme
Ne parhy bar meniň ýatan ýerimiň,
Daşa çykyp bilmeseň, gezip bilmesem.
Ne peýda bar islämde-de ölümi,
Ajaly gujaklap ölüp bilmesem.
Ne peýda bar uçup giden bürgütden,
Penjesinde alyp gitmese meni.
Nädeýin men gargalaryň şalygyn,
Öwrenip bilmesem olaň dilini.
Ne peýda bar maňa biwepa ýardan,
Bir nadan oguldan, gadyrsyz gyzdan.
Çat açan ýüregim ýeriň üstünde,
Gitmek islän wagty ýaz bilen güýzden.
Nädeýin men gök agaçlaň saýasyn,
Uzaklardan maňa ýat Gün görünýär.
Penjräň öňünde akja kebelek,
Pelpelläpler, iki ýana urunýar.
Bu jahanda ýalňyz syrdaşym meniň,
Kebelejik, deň sen dünýä malyna.
Sen-ä meň halyma dözmän urunýaň,
Men bolsa aglaýan seniň halyňa.
bul hem zenandan bolmaly (gaty duýguçyl ýazylan)
-
1merdan
12 years ago
- a buny bolsa ertir komyň "master" agzasyndan okapdym, barde tutyş kopýasyny goýaýjak(ertirdäki halanlaryma goşan mowzuklarymdan alnan teswir)...
ANNASOLTAN KEKİLOWA BARADA
(30.11.1942- 30.11.1983)
Totalitar rejim tarapyndan zalymlarça öldürlen ýaş gelin, zehinli türkmen şahyrasy Annasoltan Seýit gyýzy Kekilowanyñ ajy ykbaly entek-entek, köp wagtlap biziñ ýüregimizi awatsa gerek. Türkmen şygryýetiniñ saýrak bilbili, 15 ýyllap kas bilen dälihana tussaglygynda saklanan, ejiz bedeni ateşli ukollar bilen persala edilen görgüli ahyr soñunda Koşi obasynyñ «Orazguly işan» gonamçylygynda karar tapdy.
Annasoltan Kekilowa 1942-nji ýylda Köpetdagy etekläp oturan Köşi obasynda eneden dogulýar. Onuñ ejesiniñ ady Ogulgerek, kakasy/dädesi bolsa Seýit, ol Şaly we Aman Keklilowlaryñ iñ uly dogany. Ejesi ýaşajyk Annasoltany «Daglar başy» diýip, söýgüläp, seslenerdi.
A.Kekilowa köp kyýnçylyklar bilen türkmen döwlet uniwersitetiniñ Türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Emma oña bu ýerde «arkaýyn» okamak meýesser etmeýär. Ony dürli sebäpler bilen okuwdan çykarýarlar. Soñra her niçik hem bolsa ony gaýtadan okuwa alýarlar. Annasoltan diplomini alandan soñ iki ýyllap mugallymçylyk edýär. Şol ýyllarda hem onuñ radioda okan käbir «syýasy taýdan yrga» goşgulary üçin «ýokaryk» çagyrýarlar. Ol 1971-nji ýyllarda «Mydam taýýar» gazetinde işläp ýörkä hem «dürli sebäpler» bilen arzasyny berip işden gitmeli bolýar.
Berilýän şeýle gysyşlar oña Türkmenistanda ýaşamak gaty dar hem agyr düşýär. Ol bir gezek Moskwada Britaniýanyñ ilçihanasyna baryp, özüne Angilýada ýaşamaga rugsat bermekleri barada arza berýär. Hut şol günden beýlägem ol KGB tarapyndan yýzarlanyp başlanýar.
Annasoltan Kekilowa 1969-njy ýylyñ noýabrynda Sowet Soýuzynyñ Kom partiýasynyñ MK-niñ syýasy bürosyna we partiýanyñ 24-nji gurultaýyna 56 sahypalyk uly göwrümli bir hat ýollarýar. Onda ýurtda bolup geçýän pysgy-pujurlyklar hakynda durup geçýär.
Şonda Annasoltan şu aşakdaky ýaramaz zatlar hakynda ýazypdyr:
Türkmenistan kommunist partiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ apparatynyñ esasy wekilleriniñ aýal-gyýzlara bolan rehimsiz feodal gatnaşyklary hakynda öz janlaryna kast edýän aýal-gyýzlaryñ pajygaly ykbaly hakda;
Respublikda kadrlaryñ nädogry ulanylşy hakda;
Parahorlyk, tarapgöýlik, hökümet ýolbaşçylaryñ öz bähbitleri üçin birleşigi hakda;
Respublikda çykýan gazet-jurnallaryñ syýasy we çeperçilik derejesiniñ gowşaklygy hakda. Tankyýt üçin yýzarlamalar hakda, ideologik frontda garyndaşparazlyk, milletçilik hakda. Tire-taýpa seredilip, adamlara baha kesilişi hakda. Spikulýatsiýanyñ ösmegi, jenaýatçylygyñ günsaýyn artýanlygy hakda.
«Men şahyr hökmünde, respublikanyñ grajdany hökmünde bu hakda diñe lirki- goşgular ýazyp ýörmegi ýeterlik hasaplamadym. Men ýañy uniwersiteti tamaladym. Bu faktlar barada Sowet ýolbaşçylarynyñ özümden-de gowy bilýändiklerine düşünmeýärdim.»
1969-njy ýylyñ dekabrynda Sowet Soýuzynyñ Kommunist partiýasynyñ MK-inden Türkmenistana barlag komisýasy gelýär. Ýöne olary hatda agzalan faktlar däl-de haty ýazan kişi gyzylandyryp, ony bir adamynyñ ýa-da toparyñ ýazandygy hakda alada edip başlaýarlar. Şonda Annasoltan bilen bilelikde başgada bir zenan şahyra günlenýär.
Barlag komisýasy Aşgabat aýroportyndan ugran badyna Annasoltan bilen beýleki şahyry örän gazaply yýzarlap başlaýarlar. Görkezilýän gysyşlara çydaman Annasoltan işi bilen hoşlaşmaly bolýar. Howpsuzlyk gullugyñ KGB-niñ işgärleri onuñ maşgalasyna agram salmalarynyñ yýzy kesilmeýär. Annasoltanyñ ogluny okaýan sazçylyk mekdebinden çykarýarlar, çapdan çykarjak bolan kitabyny gaýtarýarlar. Onuñ eserlerini respublikan we merkezi metbugatda çap etmekden goýýarlar, sözlerine döredilen aýdymlar gadagan edilýär.
Ahyr soñy zenan şahyryñ garşysyna aýlyganç çäre görülip ol 29 ýaşyndaka zor bilen dälihana eltilýär we ömrüniñ ahyryna çenli ýagny 12 ýyllap dälihanada tussaglykda saklanýar. Ogulgerek ejäniñ aýtmagyna görä 1971-nji 26-njy awgustynda çagyrylmadyk ýerden tizkömek maşyn gelip gyzyny alyp gidýärler, bu Annasoltanyñ ilkinji gezek dälihana getirilşidi. Oña «şizofreniýeden» ejir çekýänligi barada diagnoz goýulýar. Annasoltanyñ «keseliñ taryhy» diýlen hem-de oña «gizlin» diýlip möhür basylan dokumetde şeýle ýazylan:
«ol respublika ýolbaşçylyk edip bilmeýändikleri hakynda, Türkmenistanyñ aýal-gyýzlaryna nädogry gatnaşyklary hakynda dürli ýerlere, şol sanda partiýanyñ 24-nji gurultaýyna arzalar ýazdy. Angliýada ýaşamaga rugsat sorady. Şonuñ üçinem KGB-niñ gözegçiligine alyndy, psihiatr wraçlary konsultatsiýasyna eltildi we olar Kekilowanyñ şizofreniýeden azap çekýändigini anykladylar. Ol zor bilen keselhana ýerleşdirildi».
Ogulgerek eje Seýidowa gyzyny dälihanadan halas etmek üçin elinde baryny edipdir. Ol Sowet Soýuzynyñ Kommunistik Partiýasynyñ MK-niñ halkara meseleler boýunça bölüme ýolbaşçylyk edýän Nikolaýew diýen birsine, KGB-niñ şol wagtky başlygy Ýuri Anderepowa şykaýat hat bilen ýüzlenip öz gyýzynyñ akyl-huşynyñ ýerindedigini, onuñ hiç wagt psihiatrlara işiniñ düşmändigini bildiripdi. Ejäniñ şykaýatnamasynda soñra şeýle diýlipdir:
«Psihiatrik kselhanada wraçlar gyýzymyñ sagdygyny aýtdylar, ýöne welin kommunistik partiýanyñ merkezi komitetine hatyny nerw dartgynlylygy ýagdaýynda ýazanlygy hakynda öz eli bilen bir dil haty ýazyp bermegini talap etdiler, ýogsa onuñ ebedilik dälihanada saklanjakdygyny bildirdiler. Şeýdip gorkuzdylar. Emma gyýzym islendik dil hatyny bermekden boýun gaçyrdy.»
Dönmerin öz pikrimden,
Atsalar-da ýanýan oda,
Ömür boýy hyzmat etjek,
Ynsan diýen belent ada.
Söýemok men bu jahanda,
Ýaranjaklap gün görmäni,
Ýagşy görýän beýle günden,
Öz ajalyma jan bermäni.
72 ýaşly Ogulgerek eje öz nalyşynyñ dünýä jemgiýetçiligine-de baryp ýetmegi üçin şol arzalarynyñ kopiýalaryny daşary ýurtly korrespondentlere-de gowşurypdyr. Şeýlelik bilen bu habar-hadysa daşary ýurtlaryn metbugatynda çap edildi. Protestler bildirildi. Şahyryñ boşadylmagy talap edildi. Emma Sowet hökümeti şol talaplara gulak asmady.
Annasoltan dälihanada bolan mahaly onuñ adyna ençe hatdyr sowgatlar gelýär, ýöne bu hat-sowgatlar oña berilmeýär. Orsýetli ýazyjy Nikolaý Wronowyñ aýtmagyna görä, ýazyjylar Annasoltana sowgat iberipdirler. Geýim-gejim we beýleki serişdeleri ýollapdyrlar. Emma ol sowgatlary hiç mahal Annasoltana gowşurmandyrlar.
Annasoltan öz syýasy garaýyşy we dälihananyñ ýagday barasynda bir hatynda şeýle diýipdir:
«Men öz pikirleimden dänmedim, meni biderek oýunlar ýadatdy. Eger meniñ öz pikirlerim üçin özüme ölüm jezasy garaşýan-da bolsa, men ondan boýun gaçyrmazdym. Näme meniñ herketlerim kanunyñ tersine bolsa, ýa-da howply bolsa, näme üçin meni atmaýarlar? Menden belli-külli dinaýsalar bolmaýarmyka? Şahyr hökmünde-de, SSSR-iñ grajdany hökmünde-de maña hiç hili hukuk berilmeýär. Onda meniñ grajdanlygymy saklajak bolmaklary näme üçinkä? Men muña asla düşnemok. Şahyr hökmünde we öz ýurdymyñ grajdany hökmünde meniñ durmuşym psihiki keselleriñ üstünden sosýal nähaklylyk höküm sürýän, görlüp-eşdilmedik agyr şertlerde geçdi.
Keseller üçin berilýän goşmaça imit wraçlaryñ hususy eýeçiligine gidip, olar, mallaryna berildi. Gyşyna berilýän kömürler baş wraç, onuñ garyndaşlary öz öýleri üçin ulandylar. Köp keseliler sowukdan, açlykdan, horlukdan aradan çykdylar. Ýoldaşlarynyñ elhenç ýagdaýdaky ölümi, hapaçylyk, porsy yýs, adamyñ çydam edip bilmejek agyr şertleri, kä halatlarda keselleriñ ençemesiniñ öz janyna kast etmeklerine sebäp bolýar. Men bu zatlara şaýat bolmak bilen «Adam we kanun» jurnalynda «ölüler hukuklaryny gözleýär» atly makala ýazdym. Hakykatdan-da adamlar çekip, çydap bolmajak şertlerde gözgyny ölýärler. Haçan-da jesetleri göterip äkidenlerinde olaryñ ýatan ýerlerinde gan-koklara, sansyz gurçuklara gözüñ düşýär.
Näsag Ýekaterina Çerkasowa we ýene birnäçe adam şeýle elhenç ölümi gördi. Bu betbagyt, taşlanan adamlar gör, näçe bagyr awusyna, ten we ruhy şikeslere çydam etdiler. Olar hem hakykaty gözläp, öz hukuklaryny gorajak bolup, ýene muña ýetip bilmän, aradan çykdylar. Meniñ filatonymda görkezilen faktlar tassyk boldy. Gökdepe keselhanasynyñ baş wrajyny wezipesinden boşatdylar. Olar maña: «sen hiç wagt ýazmajañ hakda aýt, onsoñ biz seni komisýadan geçmäge hödürläris» diýip, teklip edýärler. O, näme üçin men bu zatlar hakda ýazmaly dälmişim? Ýazmagymy islemeseler meni syýasy tussag hökmünde saklap ýörmän, goýberäýseler bolmaýarmy?
Menem adam ahyryn. Dogrusy adam ykbalyna bolan biparhlyklar bilen edilýän manysyz gürrüñlerden ýadadym. Bir adamyny zor bilen ýyllar boýy dälihanada saklamak bolmaz-a. Men juda syrkaw, hatta muny bildirmejek bolsam-da halys ýaramok. Her gün irden halym teñ turýar.
Maña ýaşamaga ýene näçe wagt galdyka?»
Jebir gördüm bu diwardan añyrda,
Zulum gördüm bu diwardan añyrda,
Ölüm gördüm bu diwardan añyrda,
Hapa boldum men bir suwa düşeýin.
Annasoltan Kekilowa 1974-nji ýylyñ ahyrynda Halkara Ýazyjylar Guramasy «Pen Klubyñ» Holland bölüminiñ hormatly agzalygyna kabul edilýär. Onuñ ady Halkara Günä Geçiş guramasy- Amnesty Internationlyñ tussag aýallar baradaky 1975-nji ýylky sanawuna girizildi. Türkmenistanyñ KGB-siniñ ozalky bir işgäriniñ aýytmagyna görä akademik Sahrow Aşgabada gelip, Annasoltanyñ ýatan dälhanasyna baryp görmekçi bolupdyr, ýöne KGB oña rugsat bermäni, ony Moskwa ugradypdyr.
Annasoltan birnäçe gezek dälihanadan gaçmagy başarypdyr, ýöne ol ele salynyp, öñki ýerine getirlipdir.
1983-nji ýylyñ 19-njy noýabrynda Annasoltanyñ garyndaşlary onuñ jesedini Aşgabadyñ etegindäki Bekrowa obasynyñ dälihanadan alyp gaýdýarlar. Şonda baş Wraç Zoýa Nurmämmedowanyñ görkezmesi bilen: «Annasoltan oglunyñ haýyşy boýunça öýde seretmek üçin keselhanadan çykaryldy.» diýlip dilhaty alnandan soñra Annasoltanyñ jesedi hossarlaryna berilýär. Ol Köşüniñ gonamçylygynda jaýlanýar.
Türkmenistanyñ ýazyjylar birleşigi zenan şahyryñ halas edilmegi ugrunda alada etmek-ä beýlede dursun, hatta onuñ adyny-da agzap bilmediler. Türkmen metbugaty, ozalky kärdeşleri Annasoltanyñ ölümi hakda ýekje söz-nekrolog ýazyp bilmediler, şahyrlardyr ýazyjylar ozalky galamdaşlarynyñ mazaryna ýekeje-de gül desse goýmaga milt edip bilmediler...
1983-nji ýylyñ mart aýynda SSSR ýazyjylar soýuzynyñ mejlisinde rus şahyry Ludmila Şipahina Annasoltanyñ ölendigini habar berdi we Türkmen galamdaşlaryna ýüzlenip, Kekilowanyñ işini derñemäge, eger-de kanuny bozluşyga ýol berilen bolsa onuñ ýagşy adyny gaýtadan dikeltmeklige çagyrdy. Emma Türkmen ýazyjylar birleşigi, ýazyjydyr şahyrlar seslerini çykarman, dymdylar, ýogsam şol wagt Türkmenistanyñ Kom partiýasynyñ 1-nji sekretary Muhammetnazar Gapurowy we sekretary Maýa Mollaýewany soraga çekmek gerekdi ahyryn. Diñe Türkmenistanyñ «Magtymguly» adyndaky ýaşlar guramasy, 1990-njy ýyl üçin Annasoltana lowurýat adyny berdi.
Ýöne Annasoltan edil agsy Şaly Kekil ýaly mertlerçe ýaşady we namart rejime boýun egmän buýsanç bilen dünýäsini täzeledi, ol ýüreklerde ebedi ýaşaýar, sebäbi onuñ özi aýytmyşlaýyn:
«Men ölsem-de ölmez asla asyrlar,
Men ölsem-de ölmez asla nesiller.
Meni ýagşylykda ýatlasa biri,
Diri men, diri»
-
1merdan
12 years ago
- bu günki türmedäkini ertir minstir edip, bu günki ministiri ertir türmä dykyp "kammunizim" gurmaga eňip barýan şol wagtky rejim, ynsan duýgularynyň üstünden wagşylarça depelemani hiç zatça görenokdy erkin pikire hormat goýmak hakda dil ujyndan aýdyp, hakykat ýüzünde hakykaty aýdanlary dälihanadan-dälihana entetmek ol sistemanyň esasy ýaragy bolmagynda galypdyr....
-
1merdan
12 years ago
- bu barada, bapba gökleň, annasoltan kekilowa, şiraly nurmyrat ýaly türkmeniň ýiti zehinli şahyrlary köp külpetleri başdan geçirenligini aýtmalydyrys. bapba gökleň şol döwür:
bet pygala duş etme la ilahe illalah
gowysy beýle ýaşatma la ilahe illalah
diýen bolsa
şiraly jany ýanyp beýik Alla ýüzlenipdi: ... ýada edil bize gezek gelende,
senem başga zada güýmenäýýämiň,
ýa ýurda gan çaýkan kamunistlerden,
senem azda-kände eýmenäýýämiň..
-
1merdan
12 years ago
- soň aýlanjak
-
Ayyuzli
12 years ago
- Hasha...
-
Ayyuzli
12 years ago
- Annasoltan barada ayratyn mowzuk bardy " omruzaya"
-
1merdan
12 years ago
- behh şu taýda hem aýdan ekenä aýýüzli hanym
-
Barmaley
12 years ago
türkmenistanyñ ýazyjylar birleşigi zenan şahyryñ halas edilmegi ugrunda alada etmek- ä beýlede dursun, hatta onuñ adyny-da agzap bilmediler. türkmen metbugaty, ozalky kärdeşleri annasoltanyñ ölümi hakda ýekje söz-nekrolog ýazyp bilmediler, şahyrlardyr ýazyjylar ozalky galamdaşlarynyñ mazaryna ýekeje-de gül desse goýmaga milt edip bilmediler...
Namede bolsa ol wagt Annasoltana hokumet eglishik edipdir, indi bu wagt olar yaly tankytlary aydaysan dalihana-ha dal, ondanam "uytgeshigrak yere ugradyarlar. Soyuz wagty yazyjylar soyuzy bardy, (indi bu wagt barmy, yokmy bilmedim, 91-den son yazyjylar soyuzy yapylypdy) Annasoltan cykyan kitaplaryn gowshaklygy barada tankydy bellik eden bolsa bu wagtlar asla kitabam cykardyp bolanok. Ertirki geljek nesillerimizin onunde biz name gurlali, namamize guwanyp yashaly. Soyuz wagty edebiyat gullap osdi, munlerce romanlardyr, powestler, hekayadyr-goshgular yygyndysy sanardan has kandi. Muny biz boyun almaly, soyuz bize giden yazyjy-shahyrlary nesillere sowgat etdi. Hany garashsyzlykdan sonky taze yazyjy-shahyrlarymyz?.. Yada biz olary gormeyarmikak, soyuz dowrunin guycli yazyjy-shahyrlarynyn kopusi shu wagtam ayatda diri ahyryn. Hazir men shu tankydymy yokaryk ugratsam menin gozumin nireden acyljagyndan habaryn barmy, dalihana gozune "oyun" yaly gorner. Annasoltan shahyra sozum yok, tuys gayratly turkmen zenany. Oz hukugyny, ayal-gyzlaryn hukugyny goramakda kan goreshdi, sho derejede hem ozune garshylyk gorkezildi. Meselem, men tankyda dal, yonekey ceper-eserli bir roman yazsam neshiryatdan cykardyp bilerinmi?. Miltem etdirmezler, shu wagt 15 yyldan bari roman kitap cykandyram oydemok. Sebabi namede, kim dushundirip biljek?.. Kitap okamadyk yash nesil gelejekde nahili nesil bolup yetisherka, pikir edenoklarmyka?.. Namede bolsa ol wagtky rejimin soz azatlygy shu wagtkydan has gowrakdyr, galannam oylanyp, olcap gor.
-
1merdan
12 years ago
Namede bolsa ol wagt Annasoltana hokumet eglishik edipdir,
ýok etmändirler
-
1merdan
12 years ago
Annasoltan cykyan kitaplaryn gowshaklygy barada tankydy bellik eden bolsa bu wagtlar asla kitabam cykardyp bolanok.
kitap çykardyp bolýara, baş üstüne...
-
1merdan
12 years ago
Ertirki geljek nesillerimizin onunde biz name gurlali, namamize guwanyp yashaly.
behh, kyn sorag edil gürläre söz ýokmykan, ýada haýsy birini aýtmalykan, ýada siz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan edebiýatyň bary ýogy 70 ýylyö içindäki gazananlary bilen çaga terbiýlemek isläpmidiňiz, ......bu milli ruha gabat gelenok
-
1merdan
12 years ago
- *ň
-
1merdan
12 years ago
. Soyuz wagty edebiyat gullap osdi, munlerce romanlardyr, powestler, hekayadyr-goshgular yygyndysy sanardan has kandi. Muny biz boyun almaly, soyuz bize giden yazyjy-shahyrlary nesillere sowgat etdi.
bor boýyn alaýyn, ýagny boýyn alýan köp ýazyjy şahyrlary berdi, has dogrusy žanr babatda hem stil babatda hem täzelikler boldy....
emma bu zatlaryň bary syýasaty propagandirlemek üçin ulanylan wagty özüni nä derejede peseltýär, ýagny atany ogula garşy goýmak, maollalary erbet edip görkezmek, gaçan gyzy söýgüsi üçün göreşýän gahryman etmek w.şm bary şol wagtky rejim üçin mahabatdy
-
Barmaley
12 years ago
70 ýylyö içindäki gazananlary bilen çaga terbiýlemek isläpmidiňiz, ......bu milli ruha gabat gelenok
1merdan |
Yokarky iki teswirin bilen asla ylalashamok. Men 70 yylyn gurrunini edemok, sonky 91-den 20 yyl yzky we barki 20 yylyn aratapawudyny kesgitlap gor diyan, aratapawut nahili. Onsonam shol ujypsyzja 70 yylyn bizin edebiyatymyza beren peshgeshini anyrky 7 asyr bilenem denap gor. Roman cykardyp bolanok, dine dowrun mahabatyny beyan etsen 10 romanam cykarardarsyn emma ol kitabyn magazin tekjelerinde cuyrap galar. Kekilowa barada aydylanda bolsa ol namede bolsa bir yolbashcyn gazabyna dushene menzeyar, mydama kontrollyk astynda bolana menzeyar, sholam ony sypdyrmandyr. Hokumetde yolbashcylar tazelenen bolsa olam cykardy azatlyga. Men soyuz rejimini owjek bolamokda, ol dowrun edebiyatyny shu wagtky dowur bilen deneshdirip gorkezjek bolyan. Biz dowurden yza galmaly dal, dowri medeniyet osduryar, kitapdyr-jurnal osduryar. Hany onda siz mana sonky cykan romanlan birini aytda, soylup okalyan haysy kitaplar cykdy shu gunlerimizde?..
-
1merdan
12 years ago
Namede bolsa ol wagtky rejimin soz azatlygy shu wagtkydan has gowrakdyr,
ýok dost ol adaty göz üçin hakykat, emma perde syrylsa däl ýagny biz şol döwür 1 alypsatary tankyt edip, ýa bir türkmen obasaweti raýkoma ýazyp, "tokmakda" erkin pikire ýol bar öýderdik, a resmi moskwa babatda bu zatlara rugsat ýokdy, hatda pikirem edip bilmezdik, ondan bärdäki zatlar (ýagny syýasy göz baglama) açyk edilen bolýardy, maksat gowydyr belki (hemmäňkem şeýle) komunizim gurulsa belki gowy bor, ol başga mesele ýöne edil edebiýat babatda şol 70 ýyldaky, siziň göz öňüne tutan aldawçy açyk pikir, gönüden gönü Annasoltany gabyra eltdi (ýagny ol ony çyn bildi)
-
Barmaley
12 years ago
ýagny atany ogula garşy goýmak, maollalary erbet edip görkezmek, gaçan gyzy söýgüsi üçün göreşýän gahryman etmek w.şm bary şol wagtky rejim üçin mahabatdy
1merdan |
Olar yaly kitaplar her dowurem tapdyryar. Yone yazylan romanlan esasy goterimi durmush hakda-dy. Bir adamyn bashyndan gecyan hasratly durmush hakynda, yashlar hakyndaky kitaplary sanasan sogaby bar. Roman doretmek ucinem bir maksat gerega, yone olarda yazylan eserler erkin beyanyny tapyardy, gyzykly okalmagynada itergi beryardi.
-
Barmaley
12 years ago
ýagny atany ogula garşy goýmak, maollalary erbet edip görkezmek, gaçan gyzy söýgüsi üçün göreşýän gahryman etmek w.şm bary şol wagtky rejim üçin mahabatdy
1merdan |
Olar yaly kitaplar her dowurem tapdyryar. Yone yazylan romanlan esasy goterimi durmush hakda-dy. Bir adamyn bashyndan gecyan hasratly durmush hakynda, yashlar hakyndaky kitaplary sanasan sogaby bar. Roman doretmek ucinem bir maksat gerega, yone olarda yazylan eserler erkin beyanyny tapyardy, gyzykly okalmagynada itergi beryardi.
-
1merdan
12 years ago
Yokarky iki teswirin bilen asla ylalashamok. Men 70 yylyn gurrunini edemok, sonky 91-den 20 yyl yzky we barki 20 yylyn aratapawudyny kesgitlap gor diyan, aratapawut nahili
1971-1991 bilen 1991-2011 ýyllary deňeşdirmelimi?
ehhh dost, gowy eserleriň çykyşynymy, ýada hakykaty aýdylana sütem edilşinimi?
-
Ayyuzli
12 years ago
- Edebiyatyn yok diyilayjek dereja cenli azalandygy babatda barmaley agza goshulyan. Onun hem sebabi adamlaryn zehinsizliginde ya shona menzesh zatda dal. Mowzuklar cakli. Belli bir ugra gonukdirilen. Bu bolsa edebiyat adamsyna kan bir yokanok. Yazjak zadyng mowzugyny kesgitlap berseler howes gacyar... Oz tejribamden bilyan...
-
Barmaley
12 years ago
- Siz hanha yokarda Shiralyny agzapsynyz, bu eyyam sizinem muny boyun alyandygynyzy anladyar. Shol adam shu wagtky rejime boyun egip, soz azatlygyny yaymadyk bolsa siz ony tanarmydynyz, tanamazdynyz. Shiralyn shu wagt yurtda yashap yorenliginde ne giden kitaplary nesillerimize yadygar galardy. Guycli yazyjylar yazmasyny goydy, yazjagam yurtdan cykmaga mejbur edildi. Siz onson Shiraly yaly shahyrlar bilen Annasoltanyn aratapawudyny deneshdir. Ikisem denrakdir, Shiralynynky has gussalyrakdyr, yurdundan uzne yashayar.
-
Barmaley
12 years ago
ehhh dost, gowy eserleriň çykyşynymy, ýada hakykaty aýdylana sütem edilşinimi?
1merdan |
Ikisinem deneshdir.
-
Barmaley
12 years ago
- Ikisinem deneshdir.
-
1merdan
12 years ago
gowy eserleriň çykyşynymy, ýada hakykaty aýdylana sütem edilşinimi?
1merdan |
Ikisinem deneshdir.
Barmaley | 2012-07-06 08:50:18
eseririň çeperçiligi babatynda 1965-1985 nji ýyldaky sowet türkmen edebiýaty gaty gowy görkezijilere eýe bolypdy, ýaş (şol döwürdäki ýaş) şahyrlarmyzyň goşgylary goňşy doganlyk resbulikalarda terjime edilip höwes bilen okalýardy, elbetde bul garaşsyzlyk döwründenem (ýagny şul wagtdanam) gaowy netijedi. Edil şu babatda...
..hakykaty aýdylana sütem edilşi-babatda sowet döwründe bir galypda bolmaly bolýardy, tapawutly tarapy ondaky galyp ulurak, ýagny merkeze moskwa ýetýänçäň bogaza gowy zor salmaly:-)
-
1merdan
12 years ago
Siz hanha yokarda Shiralyny agzapsynyz, bu eyyam sizinem muny boyun alyandygynyzy anladyar
howwa agzadym , ýöne şol şahyr komunistlerden has ýangynlydy, garaşsyzlygy isläpdi jany teni bilen ýagny ol:
Gije gündüz dek duranok dilimiz,
ýogsa ilde bizden dili kelte ýok.
komunistä ýurdumyzdan çykardy,
demokratam yurdumyza eltenok
diýýä
ýöne bar bilen ol milli döwletimizi, komunistik rejimden has ýokarda goýýar, sebäbi milli ruhdaky kemçilik başga, däp dessuryň üstünden höküm edilýän kemçilik has başga. Soňam hemme kişi hemme zady aýdyp ýörmegine rugsat berýän syýasat hiç ýerde ýoga
-
1merdan
12 years ago
Shol adam shu wagtky rejime boyun egip, soz azatlygyny yaymadyk bolsa siz ony tanarmydynyz, tanamazdynyz.
aslynda onuň "göwsüň üstündäki mermer", "gün bize geňeşmän dogýar" w.şm kitaplaryny okapdym hemmesem ozalky döwür(garaşsyzlykdan öň çykan) eserleridi, we men size şol döwürem ýazan adamyň ýazanlygyny aýtmak isledim
-
1merdan
12 years ago
Siz onson Shiraly yaly shahyrlar bilen Annasoltanyn aratapawudyny deneshdir. Ikisem denrakdir, Shiralynynky has gussalyrakdyr, yurdundan uzne yashayar.
barmaleý dost indi menä näme diýjegimem bilemok, aslynda derdini deňeşdirmek gowymy erbetmi bilmedik welin gowysy söhbetimiz has gyzykly bolar ýaly hersinden bir bent getiräýeli
annasoltandan:
Ne parhy bar meniň ýatan ýerimiň,
Daşa çykyp bilmeseň, gezip bilmesem.
Ne peýda bar islämde-de ölümi,
Ajaly gujaklap ölüp bilmesem.
şahyr şiralydan:
ahmyr köp bor mysapyryň gözünde,
minnet köp bor ýat illeriň sözünde.
ýöne dünýä kartasynyň ýüzünde,
watanyň ady bar, şoňa şükür et
-
1merdan
12 years ago
- bulam öz döredijiligimden barmaleý dost pikirlerimizi jemlemäge kömek eder belki
Söz azatlygy,we erkin pikiriňi aýtmak hakynda, meniň pikir edip bilişim
Sözüň azatlygy,
Hem erkin pikir
Ynsap kanunymy?
Wyždan emrimi?...
...Sagadym-am şumat, at kimin çapyp,
Sozyp barýar, manyny däl, göwrümi
Howwa, söz azatlyk, hem erkin pikir.
Kelläňe gelenni diýip galmakmy?
Ýa diliňi naýza ýaly oýnadyp,
Bir bendäň kalbyna talaň salmakmy?
Ýeňilmi, agyrmy parhyna barman,
Barja duýgularňy orta atmakmy?
Ýa-da süýt içinden agtaryp gan-y
Hol ýatan hapadan monjyk tapmakmy?
Beýikleriň beýik-beýik işlerniň
Uýalman kem ýerin tapyp bilmekmi?
Aýdyp bir bihaýa, ýeňles degişme,
Ýa bolmasa şol degişmä gülmekmi?
Unudyp boýyň bilen barabar borjyň
“meň hukugym” diýip göge bökmekmi?
Ýada öz diniňden tapyp “kemçilik”
Gaýry din wagyz edip ili sökmekmi?
Sözleň gözelden-gözelin saýlap
Türkanalaň al-petinden almakmy?
Täsirli temany teswirsiz goýyp,
Jedel görseň tirsegiňe galmakmy?
..Sözüň azatlygy,
Hem erkin pikir,
Ynsap kanunymy?
Wyždan emrimi?
...Sagadym jykgyldap, arman-ýadaman,
Ölçäp otyr, şygrymy däl ÖMRÜMI
-
1merdan
12 years ago
- has anygy şol sowet döwründe, biziň milliligimize gönüden gönü talaň edildi (mus-musuň: mustapasy). We köpçüligiň esasy propagandasy bolan edebiýat bolsa sowatly we iş başarýan adamlar bilen baýlaşdyryldy, olaryň galamynyň astyndan çykan eserler hiç kimi biparh goýmandygyny boýun almagymyz gerek (1merdan hem şol sanda)emma hakykatyň ýenede bir agyrly tarapy (1merdana erbet degýän ýeri) şol eserlerde türkmeni türkmençilikden daşlaşdyrmak maksady (düýp manysy şol bolandygy) duýulýar, buny meşhur "taýmaz baba", "ata we ogul" poemalarynda hem, ýada "doganlar" romanlarynda hem (beki aganyň köp eserlerinde bar) görmek bolýar(sanasaň kän)ýöne biz bu zatlara dogry düşünip galamgärleri günäkärlemeli däl (galyberse biz buňa endik etdigä)ýagdaý şu wagt hem şeýle, ullakan tapawut bu gün biz molladyr işanlaryň üstünden gülemizok (Kerim Gurbannepesowyň namaz okaýan ýaşulyň üstünden gülüşini görüp....aý borda) atany ogula garşy goýamyzok, äre gaçan gyzy goldap, ejesini köneçillikde aýyplamyzok, we deňeşdirsek, deňeşdirsek, aý ol zatlar agzalaryň garaýşyna bagly deňeşdiräýiň!!!!!!!1
-
Barmaley
12 years ago
eseririň çeperçiligi babatynda 1965-1985 nji ýyldaky sowet türkmen edebiýaty gaty gowy görkezijilere eýe bolypdy
1merdan |
Siz yene azajyk barrak suyshun 85-92 aralygyndaky eserlere in gowy eserler diysen ha diyjek. Yone anyrky eserlerinem gymmatlygy bar welin 85-den sonky yazylan kitaplara unsuni cek. Dowrun syyasatyny mahabat etmek yaly kitaplar asla cykarylman ugrayar. Shol wagtlar bizin edebiyatymyz hasam gullap osup ugrayar. Shol yyllara "edebiyatyn dowri" diyilse yalnysh bolmasa gerek. Yorite welayatlardan bashgada, etraplarda hem caphanalar ishlap ugrayar. Islan yazyjy, islan shahyr, islendik neshiryata baryp kitabyny arkayyn cykardyp ugrayar. 85-92 aralygyndaky capdan cykan kitaplara onkusi yaly hokumet gozastyna gecirmeyar. Onkiler yaly Moskwa ugratmalam bolmayar emma sonra caphanalan bary yapylyar. Elbetde, ol dowurde rayon gazetlerem hepdelik capdan cykar eken, yone dowrun gytcylygy, krizisler caphanalaryn yapylmagyna sebap bolyar. Garashsyzlygy alan dowurlerimiz yurt krizisde-di, rayon caphanalaryna komek bermage yagdayy bolmayar. Sheydibem wagtlayynca caphanalar yatyrylyar, sonam edebiyatyn duybune sogan ekilenson asla yatdan cykarylyar.
-
Barmaley
12 years ago
aslynda onuň "göwsüň üstündäki mermer", "gün bize
geňeşmän dogýar" w.şm
kitaplaryny okapdym hemmesem
ozalky döwür(garaşsyzlykdan öň
çykan) eserleridi, we men size şol
döwürem ýazan adamyň
ýazanlygyny aýtmak isledim
1merdan |
wah, ana gepem shonda-da. Ol sho dowri tankytlan bolsa, sonky dowrem tankytlap biler, muna bolsa ylalashmayarlar. Yurduny caksiz soyyandigine soz yok, onkuler yaly edebiyat tankytcylaram yok. Anna Paytyk, Saylaw Myrat yaly tankytcylaryn eline dushen ozun bolmaly dal eken. Shiraly yurtda yashayanlygynda yene onun ne giden kitaplary cykmaly. Belki ol goshgularyny yazyp birnace kitaplyk yazybam goyandyr, yone biz onun kitaplarynyn capdan cykanny gorermikak. Ata Gowshudyn "Permany" yaly yene 50 yyldan son capdan cykaymasa. Aytjak bolyanym indi tankyda yol berlenok, munada guycli yazyjylan kopusi egesi gelenok, egmezem.
-
Barmaley
12 years ago
..sözüň azatlygy,
hem erkin pikir,
ynsap kanunymy?
wyždan emrimi?
...sagadym jykgyldap, arman-
ýadaman,
ölçäp otyr, şygrymy däl ömrümi
1merdan |
Tuweleme, Shiraly bola :-) oran gowy yazypsyn, ellerine guller 1merdan!
Kerim Gurbannepesow bir makalasynda sheyle yatlayar:
Bir shahyr dostum yanyma oturmaga geldi. Menem ona bir goshgyny okap berdim. Goshgyn manysy gyzy asharak mahabat edyardi, suwjugrak goshga menzeyardi. Goshgyny doly okap berincam shahyr dostum zordan dinledi. Okap bolamsom aytdy:
-Shahyr, shu goshgyny ozun yazdynmy?..
-Hawa, ha name...
-Beyle suwjuk goshgulary yazma, sen tanalyan shahyra, il senden gorelde almaly ahyryn...
Aslyyetinde ol goshgy menki daldi, dashary yurtly dunya belli bir klassyk shahyrlarmyzyn goshgusydy. Men muny yone synamak ucin okap berdim.
1merdan senem Shiraly agamyzynkyny yazyp berena dalsinda... :-) (degishyan) onat yazylypdyr, yene yazyber dost.
-
sawyer
12 years ago
- 1merdan dost, eýdýäň-beýdýäň, hakykatdan gaçýaň-daraý. aý, sen, tüwelemeläý. oňarýaň, şeýtmeli. geljek, nesip bolsa, seniňki bolar.
-
sawyer
12 years ago
- barmaley, sen hakykatlary aýdyp bileniň üçin öwgä, arkaň kakylmagyna, eliň gysylmagyna mynasypsyň. berekella!!! Seniň ýaly ýigitler kän bolsun, Hudaýym!!!
-
sawyer
12 years ago
buny meşhur "taýmaz baba", "ata we ogul" poemalarynda hem, ýada "doganlar" romanlarynda hem (beki aganyň köp eserlerinde bar) görmek bolýar(sanasaň kän)ýöne biz bu zatlara dogry düşünip galamgärleri günäkärlemeli däl (galyberse biz buňa endik etdigä)ýagdaý şu wagt hem şeýle, ullakan tapawut bu gün biz molladyr işanlaryň üstünden gülemizok (Kerim Gurbannepesowyň namaz okaýan ýaşulyň üstünden gülüşini görüp....aý borda) atany ogula garşy goýamyzok, äre gaçan gyzy goldap, ejesini köneçillikde aýyplamyzok, we deňeşdirsek, deňeşdirsek, aý ol zatlar agzalaryň garaýşyna bagly deňeşdiräýiň!!!!!!!1 1merdan | 2012-07-06 10:38:48
aý, nätdiňäý, agam, diýmeli diýilse, agzyňa gelenini otaryberýäň-äý!!! Kerim Gurbannepes haýsy goşgusynda namaz okaýan ýaşulynyň üstünden gülüpdir?? Hany, subutnama???
"äre gaçan gyzy goldap", diýýäň? gyzlar şol döwürler äre köp gaçýarmy, ýa häzirki döwürde? göniňden gel! telewizory, radiony açsaň, söýgüden başga aýdylýan zat ýok!! daşary ýurt telekanallary, dom 2, tnt kanaly, we ş.m.-ler - gyzlary azdyrýan zatlar!!! öňki döwürde gyzlar ýaglykly gezerdiler. a häzir näme? ýaglyk daňynýan gyza, asyl manysyna düşünmeselerem, "totam" diýen bolýarlar käbir sowremenniýsumak gyzlar!!!
Kerim aga at dakmagyn, merdan dost!!! gaty ýalňyşarsyň!!!
atany ogla garşy goýan diýip, kerim agaň "ata we ogul" eserine diýýäň öýdýän? indi biraz pikir et! geroin (ak möjek) belasy näçe maşgalany dargatdy?? diňe bir ata bilen oguly däl-de, käbir maşgalalaryň süňňini ýer bilen ýegsan etdi dälmi? jogap bersene!!
ors döwrüni ýamanlamak hezil-dä... geçen zat geçdi, indi bulardan hasap sorajak ýok, yzyňy yzarlajak ýok. aý, türkmen aga diýipdir-le, "ýagy gaýdansoň, batyr köpeler" diýip... "namartja olam, sagja olam" diýýä käbir şahyrsumaklarymyz...
-
1merdan
12 years ago
Kerim Gurbannepes haýsy goşgusynda namaz okaýan ýaşulynyň üstünden gülüpdir?? Hany, subutnama???
"taýmaz babany" oka we eger ýalan diýseň, hakykaty sen gizlän adam bolýaň, we setir görkezip subut edesim gelenok, näme diýseňem atly şahyryň hormatyny saklasak gowy, eger et diýseň bolsa gaty ýalňyşarsyň, bolugsyz jedel üçin atly şahyryň kemçiligini sanatmaň maňa, eger isleseňiz 100% subut etjegime ynamym bar, göwnüňe degen bolsam bagyşla,....
soňam Nyýazowdan kemçilik gözleýän "hakykatyňyzy" Kerim gurbannepesow babatda hem ulansaňyz adalatly bolaýjak ýaly
-
1merdan
12 years ago
"äre gaçan gyzy goldap", diýýäň? gyzlar şol döwürler äre köp gaçýarmy, ýa häzirki döwürde? göniňden gel! telewizory, radiony açsaň, söýgüden başga aýdylýan zat ýok!! daşary ýurt telekanallary, dom 2, tnt kanaly, we ş.m.-ler - gyzlary azdyrýan zatlar!!! öňki döwürde gyzlar ýaglykly gezerdiler. a häzir näme? ýaglyk daňynýan gyza, asyl manysyna düşünmeselerem, "totam" diýen bolýarlar käbir sowremenniýsumak gyzlar!!!
bu töhmet bolýar, iim bryp ýa adalat gazetinden sorap gyzyklanyp gör sttistika bilen, anyk maglumatlary taparsyň ilat sany bn deňeşdireniňde(göterim görnüşde) 1985-1990 njy ýyllar bilen 2000-2005 nji ýyllarda maral taýdan bozuklary hasaba alynşyny, neşekeşlik al "asyr belasy" edebiýaty meniň pikrimçe dahylsyz, a ýaglyk babatda görüşimiz ýaly ors döwrü tahýaly talyp gyz barmydy saçy iki örümlije, ýada tahýaly talyp oglanlar, gaýta saçlaryny kükürt çöpüň başy ýaly edip "watan" habarlar gepleşigini alyp barýany görýärdik
-
1merdan
12 years ago
ors döwrüni ýamanlamak hezil-dä...
aslynda näme üçin hakykaty aýtmak diýlende bir zady ýamanlamak diýip düşünýäňiz? şu mahal biri erbetligi sanap çyksa göýäki "hakykatçyl" ýaly görünýä....
ana biziň ýok bagyşlaň 1merdanyň ýalňyşýan ýeri
-
1merdan
12 years ago
aý, türkmen aga diýipdir-le, "ýagy gaýdansoň, batyr köpeler" diýip... "namartja olam, sagja olam" diýýä käbir şahyrsumaklarymyz...
sawyer | 2012-07-07 04:12:58
aslynda ýagy ýok how, gokaklyk etýänlerimiz bar, şol "şahyrsumaklar" ozalam bardy, häzirem bar, nesip etse ýenede bolar, ony kamunizim däl kapitalizim ýok edäýmese, ýagny şu kitaby satyp çörek iý diýseň mežburan gowy kitap satar, we ýazar, a ony bolsa kapitalizm aýdar diňe, netijede.. gowy eser çykar
-
1merdan
12 years ago
- ýada "on ýedidir doglan ýyly türkmeniň" diýip tema açaýsammykanaý:-) aý borda sawer dost kab aganyň pikirleri entäk meniň aýtjaklarymyň 10 dan biridi ýöne, diýjek bolýanym 1merdanyň hakykaty garaýşy hoool ýokarda belleýşiň ýaly "sowulmak däl" de Isle Kerim aga, Isle Ezizow BOLsyn awtertetine(ýagny şahsyýetine dälde pikrine baha) /Isle Nýaz aganyň agtygy/dälde eýsem 1 durkuny saklamakdan ybaratdyr, aý döwür şony mežbur etýär diýen, oýnawaç bolsa bizden daşdyr, gaty daşdyr hiç döwür we hiç kim, meniň pikrime böwet bolyp bilmez
-
Ayyuzli
12 years ago
- Merdan aga, "maral" dal-de, "moral" taydan hoouw :))))))
-
Barmaley
12 years ago
bu töhmet bolýar, iim bryp ýa adalat gazetinden sorap gyzyklanyp gör sttistika bilen, anyk maglumatlary taparsyň ilat sany bn deňeşdireniňde(göterim görnüşde) 1985-1990 njy ýyllar bilen 2000-2005 nji ýyllarda maral taýdan bozuklary hasaba alynşyny, neşekeşlik al "asyr belasy" edebiýaty meniň pikrimçe dahylsyz, a ýaglyk babatda görüşimiz ýaly ors döwrü tahýaly talyp gyz barmydy saçy iki örümlije, ýada tahýaly talyp oglanlar, gaýta saçlaryny kükürt çöpüň başy ýaly edip "watan" habarlar gepleşigini alyp barýany görýärdik
1merdan |
Bagyshlan welin 1merdan, siz mydama jemgyyet gozi bilen seretmegi basharmayanyz. Goz-gortele ozunizinkini dogry etjek bolyanyz. Biraz aynalynda bu yagdaylary halkyn gozi bilenem seretjek bolun. Gazetlerdaki habarlaryn cishirlip yazylyandygyna hemmede belet ahyryn. Onler 10-20 yyl mundan ozallaram gyzlar gacyp gitse gen gorler eken "pylanyn gyzam are gacayypdyr" diylip. Ene-atalary ile cykybilman utanyp gezer ekenler. Indi welin gacmagam yonekeyje zada owruldi. Bir ay gecmanka yene onkuler yaly gatnashyp yorler. Gacyp giden gyz oyne jan edayyar: "eje men bardedirin, bagyshlarsynyzda..." Sheydibem towella bashlanyar. Yone tapawutly tarapy ol yagday ile dolmanka gyz bilen ylalashyp oyne getirilyar. Son toydan birki ay gecenson calarak gurrun yayrayar "sheyle yagday bolupmysh" shon bilen galyp gidyar. Onsonam bir zady bellap goyun, indiki ata-eneler kone dushunjelerden biraz aynalyp baryar. Indi tire zat diyip bolgusyz zatlara kelle agyrtjak bolanoklar, "halashan bolsa bagtly bolsun" diyalerde cykaryp goyberyarler. Eger yagday tersine bolsa onda gyz gacmak bilen bolyar.
Yaglyk, tahya babatynda aydylanda bolsa siz dine okuwcy, talyplara garap baha beryaniz. Olaryn okuwdan sonam nahili geynishlerinede bir syn edin, kopusine "shulam turkmenmika yada ozge milletmika" diyip kellani gashar durarsyn. Onki gyzlar bilen shu wagtky gyzlaryn geynishinin tapawudy gaty kandir. Yekeje yaglyk geyyan gyz bolsa mana gorkezsenizlan yada mysal getirip berin?.. 1merdan yene bir gezek aydayyn, siz muny halkyn gozi bilen seredin belki shonda dushunersiniz kop zada. Halk gorup otyra naman galat namanin hakykatdygyna.
ony kamunizim däl kapitalizim ýok edäýmese, ýagny şu kitaby satyp çörek iý diýseň mežburan gowy kitap satar, we ýazar, a ony bolsa kapitalizm aýdar diňe, netijede.. gowy eser çykar
1merdan |
Bu pikirinize welin doly goshulyan. Hazir shu kanuny guyje girizsinler onda kitap neshir etdirjek yazyjy-shahyrlar sanardan kan. Eserin soz azatlygyna, yonekey durmushy ceper-eserligine, mahabatdan dashrakda duryan eserlere yol berseler bu has gowy netije berer. Indi dowlet sana ozi jubusinden pul tolap kitap cykaryp berenok, ahli cykdayjylar oz ustune atylyar. Onada hemme kayyl, yone shonda-da kop bokdenclikler bilen yuzbe-yuz durmaly bolyar. Muny bolsa kopler yazanyndan yazmanyny has gowy goryar.
-
1merdan
12 years ago
Bagyshlan welin 1merdan, siz mydama jemgyyet gozi bilen seretmegi basharmayanyz. Goz-gortele ozunizinkini dogry etjek bolyanyz.
eger hakykatdanam şeýle bolsa, ýada size şeýle duýlan bolsa meni bagyşlaň
Biraz aynalynda bu yagdaylary halkyn gozi bilenem seretjek bolun.
başardygymyzdan şeýtjek bolarys dostjan,(elbetde bilelikde)
Gazetlerdaki habarlaryn cishirlip yazylyandygyna hemmede belet ahyryn
barde haýsy gazetdäki näme habar göz öňüne tutylanyna düşünip bilmedim dost.
Onler 10-20 yyl mundan ozallaram gyzlar gacyp gitse gen gorler eken "pylanyn gyzam are gacayypdyr" diylip. Ene-atalary ile cykybilman utanyp gezer ekenler. Indi welin gacmagam yonekeyje zada owruldi. Bir ay gecmanka yene onkuler yaly gatnashyp yorler. Gacyp giden gyz oyne jan edayyar: "eje men bardedirin, bagyshlarsynyzda..." Sheydibem towella bashlanyar. Yone tapawutly tarapy ol yagday ile dolmanka gyz bilen ylalashyp oyne getirilyar. Son toydan birki ay gecenson calarak gurrun yayrayar "sheyle yagday bolupmysh" shon bilen galyp gidyar. Onsonam bir zady bellap goyun, indiki ata-eneler kone dushunjelerden biraz aynalyp baryar. Indi tire zat diyip bolgusyz zatlara kelle agyrtjak bolanoklar, "halashan bolsa bagtly bolsun" diyalerde cykaryp goyberyarler. Eger yagday tersine bolsa onda gyz gacmak bilen bolyar.
aý ýokla türkmen gany bar erkek, uýaň ýa gyzyň gaçdy diýse, "aý hiçleý" diýip aýdasy ýoklaý şumata däl ýene 50 ýyldanam (gaty seýrek bolaýmasa)
-
1merdan
12 years ago
Yaglyk, tahya babatynda aydylanda bolsa siz dine okuwcy, talyplara garap baha beryaniz. Olaryn okuwdan sonam nahili geynishlerinede bir syn edin, kopusine "shulam turkmenmika yada ozge milletmika" diyip kellani gashar durarsyn
ol hem bolyp biler welin, saýuz wagty okuwda da geýlenokdyda şol tahýa, soňam siz haýsy metjitde gatnaýan bolsaňyz (parhy ýok türkmenistanda bolsa boldy) şoňa gelýän aýal gyzlary mundan 5 ýylky sany bilen deňeşdiriň we ilat sany bilen hem deňeşdiriň we otyryp göterim çykaryň, halk nirä ymtylýar ors döwrü ol bolmak däl ol hakda pikir etmegem gorkunçdy, we şol juma gelen gyzlarmyzyň geýinşini görde baha bermegi ynsabyňa goý...
ýada öz diýişiň ýaly halkyň gözüne goý
-
1merdan
12 years ago
diyip kellani gashar durarsyn. Onki gyzlar bilen shu wagtky gyzlaryn geynishinin tapawudy gaty kandir. Yekeje yaglyk geyyan gyz bolsa mana gorkezsenizlan yada mysal getirip berin?..
köpä oň ýaly gyz, meselem "hakykygyz" agza, aý indi ikimizede tanyş da ol
-
1merdan
12 years ago
1merdan yene bir gezek aydayyn, siz muny halkyn gozi bilen seredin belki shonda dushunersiniz kop zada. Halk gorup otyra naman galat namanin hakykatdygyna.
ýene bir gezek diýýän, size şeýle duýlan bolsa, ýada hakykatdanam şeýle bolsa siz we hormatly agzalar meni bagyşlaň, bärden gaýtma bolyp biler bu meniň şahsy pikirlerimdi, teswirlerme ünüs bereniň üçin sag bol barmaleý dost
-
akgultm
12 years ago
- manaa komek gerek nadip yazgy yazmaly bloga goyjak bolsan men нытфе hic zat basharamoklaa:(((
-
Barmaley
12 years ago
barde haýsy gazetdäki näme habar göz öňüne tutylanyna düşünip bilmedim dost.
Ozuniz yokarda yazypdynyz oydyan "adalat gazetinden sorap gyzyklanyp gor 2000-2005 statistika" diyip.. Neshekeshligin sonky 5-6 yyllykda, yagny 2006-2012 aralykda 90% arassalandy diysen ha diyjek emma 2006-dan anyrky ayylganc neshe belasyny welin hic kishem arassalap bilmandi. Neshekeshlik gaytam 2000-2005 dowri "gullap osen" bolaymasyn, siz yalnyshman 1merdan.. Moral taydanam sheyledi yagday..
aý ýokla türkmen gany bar erkek, uýaň ýa gyzyň gaçdy diýse, "aý hiçleý" diýip aýdasy ýoklaý şumata däl ýene 50 ýyldanam (gaty seýrek bolaýmasa) 1merdan |
Size gep dushundirip bilmedimay mena 1merdan.. Siz durmushy edil telewideniyedaki diktorlarynky yaly gowy gorkezjek bolyanyzmy namemi. Men "turkmen hiclay diyer" diyemoga dushunayin Merdan dost, gacmagyn yonekeyleshendigini dushundirjek bolyan.
ol hem bolyp biler welin, saýuz wagty okuwda da geýlenokdyda şol tahýa, soňam siz haýsy metjitde gatnaýan bolsaňyz (parhy ýok türkmenistanda bolsa boldy) şoňa gelýän aýal gyzlary mundan 5 ýylky sany bilen deňeşdiriň we ilat sany bilen hem deňeşdiriň we otyryp göterim çykaryň
Goterim cykarylan yaly, metjide gatnayan gyzlar sanardan kandir yone shoncada bozugam tapdyryandyr. "Suri agsaksy bolmaz" diyar. Jemgyyetde olar yalylaram bardyr.
Indi tahya barada aytsak, shol tahyalar dalmi gyzlarmyza yaglygy ayyrdan. Tahya geymegi owrenen okuwcy gyzlar son okuwlaryny gutarybam kellelelerine yaglyk atmagy yokush gorup ugradylar. Sonra bashyna ne tahya ne yaglyk atdylar. Seret, shaherde, obada shu wagt gyzlar bashyna name atynyar. Bashlarynda zat yok, bashacyk gezyandirler. Yek-tuk bar yaglyk geyyani, aglabasy bashy acyk. Yone "gyzlar bashyna yaglyk geyenok" diyip, biz gyzlarymyzyn baryny gunakarlemeli dal. Sebabi dowrun ozi olara sheytmegi owretdi. Okuwcyka gyzlara yaglyk dandyrlyp owredilen bolsa, bashlaryna tahya geydirilmedik bolsa onda yaglygy shu gunlerem gyzlarymyz danynardylar.
Gownunize degen yerimem bolsa bagyshlarsynyzda Merdan dost, mena yone yazyp oturyndyryn welin. Galanam sakasy saglyk diyar, yurt parahat bolsa, il abadan bolsa, ine shu uly bagt hemma, saglygyn.
-
1merdan
12 years ago
Galanam sakasy saglyk diyar, yurt parahat bolsa, il abadan bolsa, ine shu uly bagt hemma,
dogry aýtýaň
-
1merdan
12 years ago
Aslynda omur gysga dal,
gysga basharnyklarymyz!
Yollaram tukenmez dal,
Tukenmez howeslerimiz!
Mekanlar yetdirmez dal,
Gowshak adimlerimiz!
Alemler alyslyk dal,
Sessiz aydymlarymyz!
Dunye-de hic yazykly dal,
Gunali pallerimiz!
Otegcilik arman dal,
Arman bosh galmagymyz!
Barysy yazgytdan dal,
Dushunman synmagymyz!
Biz bu pana bigerek dal,
Ayp ony gic ananlygmyz!!!
gowyja goşgy ekeni aýýüzli uýa ýetireniňe köp-köp sag bol, ýenede paýlaşyp dur
-
Kamilligetarap
12 years ago
- tema un sagja bol ayyuzli . Tema edip acan gosgyň , haas hem gosgydan sonky 1nji teswirin mana gaty yarady. Eger bilsen ol diyenlen menin shu gunler eshidesim gelip yoren sozlerimdi.
.
Yone men t.com'yn hor-'mat'-ly agzalarynyn teswirlerine biraz dushunip bilemok. Has dogrusy teswirleri tema bn baglanshdyryp bilemok. Ol teswirler un taze tema acylan bolanda(yada arhiwdan teswirlere mas gelayjek temany tapyp shona yerleshdirilen bolanda)govy bolayjak yaly men pikirimce.
-
akgultm
12 years ago
- ayyuzli ozun yazdynmy gowy goshgy sende dorejilik bar oytyan mena buysanyan shular yaly yashlarymyzyn bardygyna:)
-
heartbreaker
12 years ago
- mena buysanyan shular yaly yashlarymyzyn bardygyna
akgultm | 2012-07-11
sen na garradynmy jora???( no bez obid)
-
hakykygyz
12 years ago
- Goshgyn manysy gowy tanryyalkasyn awtor oz duzenine menzeyar
Yegen 12 years ago- Saol! Ozuniz duzdunizmi