Ilki bilen bize gerek zat: 1 ullakan kartoşka,(ullakan kartoşka bolmasa, kiçiräk iki-üç sanagam bolýar 1 ulurak käsir(gyzyl käşir,bolsa has amatly) bir banka kömelek şampinýony gök sogan aý gök-sök otlar-tagam üçin Indi bişirilşi: Kastrulýa bir azyrak duz sepýäs, burç(gara,ýagyzyl), we tagam beriji zatjagazlar-goý kiçiräk gaýnasynlar Sogany oňatja dograýas, ýöne käşiri aş ýaly kesmeli,uzynlygyna inçeräk edip dogralan sogany we käsiri sliwaçny ýagda bir azyrak gowurýas Kartoşkany kubik ýa parallelepiped, (islege görä dogrsaňam bolýalaý) görnişde uşajyk edip dograp,gaty bişip ýetişmez ýaly gaýnatmaly Kömelekleri demir konserwa bankdan emaýlyk bilen çykaryp (gerek bolsa onom dograsaň bolor, dogrmosoňyzam bolar) gaýnap duran kartoşkaň üstüne atarsyňyz, konserwaň suwjagyzanam guýaýyň, tagamy oňat berer Haçanda gaýnap başlandan we 5-10 minut dowamlykda gaýnanda, biziň o tüki sliwaçny ýagda gowurlan käsir bn soganymyzy üstüne goşarys, Taýn bolansoň üstüni ýapyp 10-15 minut goýmaly, wisýo noş bolsyn, ana indi kömelekli naharam bişirdik. Bir banka şampinöynyň bahasy 4-5 manat. ýöne gaty süýjije kömelek naharyny bişip bileris, islendik pasylda, Işdäniz açyk bolsyn

Köneler, YaSwami tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir