Körelen gözlermiz nämeler görýär? Süñksiz diller öwrenshipdir telege! Ýoklukdan barlyga, barlykdan ýoga ýeketäk "gapydyr" diýdik pelege. | Biri gara ishden tapynýar çörek, Galstukly gol çekýär puluñ ugrunda. Bir bushlap ogul toýun toýlaýar, Biri nala çekýär çaga gubrunda. | Filosofik pikirlerde ýüzsekde $eytan eýeläpdir ganly damary. Bu gün manat bilen oñýan adamzat Erte dollar bilen doýmaz damagy. | Biri dañdan turup ertesin okar Alkysh aydar, $ükür eder dili dilegli. Biri gözün açyp añshyryp bilmez ýatanyny görüp $ere dolagly. | Biri müñler berip student bolar Zehinli düñderler körzehin deýin. Biri Gün deý yagty saçsa durmushda Birin tümlük bogar ýerzemin deýin. | Biri söýer ashygyny ezizläp, Kök urar daragt deý, bagta çyrmashar. Biri bolsa söýgüsini pynhanlap, Söýlüp bilmän ýene wagta syrgoshar. | Pelekde süýji az, ajy bimöçber, Durmush bize ezýet berip gurplanan. Döwülen göwünler kä-te gülsede Eýýam olar keç ýazgyda gulplanan!
Pelek
-
akylym1989
12 years ago
- şahyrjyk awtory sen ekeniňdä, galamyň ýiti bolsun jigim!
-
YaSwami
12 years ago
- mürşid bola, bereklla, dogrydanda pul-adamzadyň iňsoňky diregi bolup dur, şu goşgyda bu nädogrydygyny düşinseň bolýar, sag bol awtor !
-
Shahyrjyk
12 years ago
- murshid kim? Hic dusunmedim
-
fistik
12 years ago
- hakyky zatlar yazlan. sagbolun .
-
1merdan
12 years ago
- sagja bol jigim, şeýdip aýlanyp dur
-
Shahyrjyk
12 years ago
- no comment? ;)
-
hakykygyz
12 years ago
- Sag bol haladym gaty manyly ýazylypdyr eline saglyk.yene-de manyly goshgulanyzdan ýetirip durun
sahett 12 years ago- tuweleme