Bir gün ateýistiň biri tebigatyň gözelligini synlamak üçin tokaýa aýlanmaga gidipdir. Ýaradyjynyň ýaradan gözelliklerine seredip: -Tebigat nähili gözel ýaradypdyr bu baglary, otlary we reňkleri - diýeni hem şol eken weli bir ýerden arlap elhenç bir aýy peýda bolupdyr. Ýaňky ateýist aýyny görüp aýagaldygyna gaçyp başlapdyr. Aýy bolsa kowalap ateýisti tutup aşagyna alyp penjesini ýokaryk galdyryp urjak bolup durka janhowluna şeýle dileg edipdir: -Allahym özüň kömek et! Edil şol wagt hemme zat doňup galdy. Derýa akmasyny goýdy, şemal esmesini, ýapraklaram gymyldamasyny, aýynyň hem penjesi ýokarda galdy. Gapdalyndanam bir yşyk peýda boldy we şeýle ses eşidildi: -Hany sen Ýaradyjyňy tanamazdyň, indi saňa näme boldy. Ateýist utanyp ýüzüni aşak saldy. Ses ýene dowam etdi: -Hany bolýa, isle nähili islegiň bolsa. Ateýist: -Indi men iman etjek diýmäge ýüzüm ýok, muny islemäge hakymam ýok. Gowsy şu aýy iman etsin, belki meň halas bolma umydym ýerine düşer. Men aýyň iman etmegini isleýän! Ýaňky yşykdaky ses: -dilegiň kabul boldy- diýip gaýyp boldy. Ondan soň derýa akmaga, şemal esmäge, ýapraklaram gymyldamaga başlady we aýy ateýistiň depesinden inderjek bolup duran penjesini ýere sallap, soň hem iki elini asmana galdyryp şeýle dileg etdi: -Eý Allahym, seniň ryzaň üçin agyz bekledim, saňa ynandym, seniň beren ryzkyň bilenem agzymy açýaryn!
Ateýist we aýy (gysgajyk hekaýa)
-
Bravo
12 years ago
- gorky sebäpli bolan wakadyr. şeýlemi daýy
-
1merdan
12 years ago
- aý şu ateýistleri halamogaý, gat samsyklyklaý ol(ylymy masgaralamak)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sagbol miras aga gyzykly'rajyk' erteki eken.(ya bu erteki dalde duysh'mi ?) Cagalar bagynda mugallym bolup ishleyanler un,(cagalary aldap guymemek un) gaty gyzykly 'gollanma' eken. Yone cagalar bagyndalaryng arasynda akylym1989 yaly 'ertekining' nokatdan songky yagdayy hakda pikir edip goryan caga bolmagay diyip dilemeli bolya-da yogsam mugallymyng dat
gunune... Ine
hm soňunda aýy atiýisti iýýän
ekendä agzyny atiýist bilen
açýarda. örän gyzykly rowaýat
ekeni sag boluň.
akylym1989 | 2012-06-02
09:38:23 dogrudanam ayynyng eline dushenden song ykbalyng haysydyr bir (hyyalyngdaky) gozunge gorunip gulagynga eshidilen(duyshunge giren) zadyn dalde barybir (guyclining) yagny 'ayynyng' elinde ekeni'daa. Sho wagt bolmasa agsham oldurjek ekendaa... ...(ykbal guyclining tarapynda' diylen jumle yoneyere doremandir'ow)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- diysek diymesegem gyzykly ''erteki'' eken. Awtora yene 1gezek sagbolsun aydyan, yetireni un.
-
mirasymyz
12 years ago
- Kämil dost, bu ýerde men üýtgeşik zat aýtjak bolmadym, ýa birini tankytlajagam bolmadym, gyzykly hem-de soňy gülkünç bolup gutaransoň paýlaşaýdym:)
-
Abadan
12 years ago
- Hmm,dilemane pursat berilse'de hakym yok ýúzùm yok diyip kicilik bilipdirda özùne.
Sony gùlkunjiragem bir tarapdan,mena haladym temany. Her kim özun dú$ùneni geregini alandyr temadan.
-
Yegen
12 years ago
- Manyly yazylypdyr
-
hakykygyz
12 years ago
- Sag bol awtor gowy mowzuk bolupdyr
-
Yazgeldi21
3 years ago
- Musurmanja ayy eken...ilki atayisdi sikip onnon iymeli eken...
akylym1989 12 years ago- hm soňunda aýy atiýisti iýýän ekendä agzyny atiýist bilen açýarda. örän gyzykly rowaýat ekeni sag boluň.