-haýsy maşyn depede durup bilenok? -tormozy bozulan maşyn -elek bilen suwy nädip daşap bolar? -doňduryp -towuklaryň iň gowy görýän şäheri nire? -mekge -pozguç bilen öçürip bolmaýan ýazgyt näme? -maňlaý ýazgydy -ogurlamak işliginiň geljek zamany näme? -zyndan -haýsy dişler hiç agyrmaýar? -dakylan dişler -suw haýsy gaba guýulmaýar -aýakgap -iň ysly kesel haýsy? -gül keseli -çilek limona näme diýipdir? -saraltma bolupsyň, doktora görün. -gyş gelende guşlar näme üçin günorta tarap uçýarlar? -ýöremek gyn bolansoň -haýsy guş dellegi halanok? -dazzarkel guşy -dünýäň bir ujundan beýleki ujuna gitse-de burçundan aýrylmaýan zat näme? -poçta markasy -haýsy ýaryşda ýerden bir adam-am okanmaýar? -ýüzüşme ýaryşynda -çep aýak bilen nämäni depip bolanok? -çep aýagy -biz pul berip alýas, bizden pul bermän biri alýar. bu näme? -bilet -kakasynyň ogly bolmadyk onuň nämesi bolar? -gyzy -näme holodilnikde dursa-da ýakýar? -ajy burç -bagçy bilen stomotologuň(=diş doktory) näme meňzeşlik bar? -ikisem kök kesýär. -bir depäň üstünde iki kişi dur. biri beýlekiniň oglunuň kakasy. bularyň garyndaşlyk derejesi nähili? -är-aýal -eger budilnik sagat dokuzda dokuz gezek çalman, oniki gezek çalsa nämäň wagtydyr? -sagadyň bejertmeli wagty -bir piliň holodilnige nädip girenini nädip bilersiňiz? -mesgedäki aýak yzlaryndan -piliň derisi näme üçin buruşukdyr? -ütüklemeýändigi üçin -gant gum şekere näme diýipdir? -‘soňky günler özüňi gaty pytratdyňlaý?’ -bir zat bilen kakyşman ýa-da ýere gaçman ýaralanýan zat näme? -ýürek
Sorag-jogaplar
-
Bravo
12 years ago
- in gow adam?
seni sylaýan söýýän adam.
olar yaly bamy?
özüň döretmeli....
-
handsome1
12 years ago
- -towuk name u.n kawagtlar bir ayagyny galdyryp duryar?
-ikinji ayagyny galdyrsa yykylya son u.n
-
Makestm
12 years ago
- iñ gowy ma$yn 4nji.
Toytalar gaty gityä
-
handsome1
12 years ago
- -uly gazana name sygmayar?
-gazanyn gapagy?
-
handsome1
12 years ago
- -mlaaa internet dondy
-snikers iy
-
handsome1
12 years ago
- -haysy ulaglara biri-birini ozmak gadagan edilen?
-tralebuslara!
-
Bahbit
12 years ago
- Хаха
-
metehangokdepe
12 years ago
- -talyplara haysy zatdan rugsat çäklendirlen
-dowlet derejesindäki geçirilýän çärelerden
-
Dirol
12 years ago
- :-)
-
atashkahojamberdiyev
12 years ago
- hahaha gowy sorag jogaplar.
-
Bahbit
12 years ago
- Аташ сен гайыда ишлейэнми
makgush 12 years ago- Hehe gowja soraglara bar eken:-)
näme üçin mekge?
şunyña düşünmediklaý awtor?