Uly turkmen taypalarynyň biri teke taypasydyr. Bu taypa hakda 16-njy asyra çenli yazuw çeşmelerinde hiç-hili mglumat duş gelmeyär. Turkmen sowet ensiklopediyasynyň 8-nji tomunyň 2-nji babynda bu taypa bagyşlanyp yazylan makalada agzeki maglumatlara esaslanyp, 12-nji, 13-nji asyrlarda tekeleriň syrderyaň aşak akymlarynda yaşandygy, soňra olaryň bir böleginiň samarkanda, uly bir toparynyň bolsa balkan we maňgyşlak taraplara süýşendigi hakda aýdylyar. Dogrudan-da samarkant welayatyndaky nurata turkmenleriniň düzüminde teke, syçmaz ýaly tireleriň bolmagy bu maglumatlaryň dogrulygyna güwä geçyär. Yöne tekeler 16-njy, 17-nji asyrlara çenli uly we güýçli taypa hokmünde turkmen taryhynyň sahnasyna çykmadyk bolarly. Sebäbi abulgazy ‘’şejereyi-türkmeninde’’ tekeler hakda diňe iki setir yazmak bilen çäklenipdir. Abulgazy şeyle yazyar ‘’salyr ilinde bir kişi bar erdi, ady toytutmaz. Teke we saryk ili onuň oglanlary turar’’ bar yazylany şu. Abulgazydan oňki alymlaryň işlerinde teke ady duş gelmeyär. Abulgazyň tekeleriň salyr ilindendigi hakdaky maglumaty biziň üçin has ähmiyetli , çünki bu maglumat tekeleriň taypa hokmünde nirede we haçan dörändigi hakda çaklamaga mümkinçilik beryär. Karpow bu taypa 11-nji, 12-nji asyrda dörändir diyyär. Turkiyanyň Anadoli welayatynda, horezmde we saragtda yaşan tekeleriň baryp 13-nji asyrda göçendigini, şeyle hem gazak, gyrgyz halklarynyň düzüminde teke atly urug-tireleriň duş gelyändigini nazara alsak, teke diyen etniki adyň gaty gadymydygyny çekinmän aytsa bolar. Çünki turkmenler seljuklar hereketi döwrunde (11-nji asyr) gyrgyzlardan aýrylyşyp häzirki mekanlaryna göçüpdirler. Diymek tekeler taypa hokmunde bolmasa-da kiçiräk etnik topar görnüşde 11-nji asyrdan öň döräpdir. Belli edebiyatçy alym ahmet bekmyradow yň teke sözüni gadymy gunlaryň ‘’tüke’’(ya-da tukyu) etnoniminden çaklamagy yöne yerden däl bolsa gerek. Öz sözüni delillendirmek üçin bu alym gunlaryň harby-administratiw bölünşigindäki käbir däpleriň tekelerde saklanandygyny aydyar. (çeşme – yaş komunist, 1985,20-nji iyul) Yokarda agzalan alymlaryň pikirlerini, iň esasy-da turkmen etnonimleriniň beryän maglumatlaryny nazara alyp bu taypanyň döreyşi hakda şeylerqk çaklamak bolar Tekeler urug hokmünde iňňän gadymy döwürde turkmenleriň gyrgyz sähralarynda yaşan eyyamynda emele gelipdir. Muny olaryň teke diyen etnik ady hem tassyklayar. Alymlar bu sözi bir agyzdan totemden dörän at hasaplayar. Totemden emele gelen etnonimler bolsa tire-taypa atlarynyň iň gadymy gatlagyny emele getiryärler. Seljuklar hereketi döwrinde tekeleriň uly bolegi günbatara süyşüpdir, göçmän galanlary gyrgyz we gazaklaryň arasyna siňipdir. Maňgyşlaga gelen tekeler kopçülikleyin şu yarym adanyň demirgazygynda ural we emba deryalarynyň yakalarynda ornaşypdyrlar. Muny häzirki uralsk diyen şäheriň öňki adynyň tekeli bolandygy hem tassyklayar. Galyberse-de mongol agalygy döwrinde ural we emba etraplary we maňgyşlak , balkan sebitleri altyn orda hanlaryna tabyn bolupdyr. Tekeleriň utamyş we togtamyş diyen esasy iki boleginiň ikisine-de altyn orda hanlarynyň adynyň dakylmagy hem tekeleriň şol towereklerde yaşanlygyndan habar beryär. Tekeli diyen urug-taypa we olaryň atlary dakylan obalara azerbayjanda we gurjistanda hem duş gelinyär. Alymlar biragyzdan ony turkmen taypasy hasaplayar. Altyn orda döwletiniň basybalyjylyk syýasaty tekeleri atarman, çaparman, ezber esger edip yetişdiryär. 15-nji asyrda altyn orda hanlygy kiçi hanlyklara (astrahan, krym, gazan we sibir ) bölünenden soň yurtda uruş-dawa kopelyär. Tekeleriň uly bölegi günbatar turkmenistana göçýär. Londonda yaşayan turkmen taryhçysy professor mehmet saray ‘’turkmenler imperializm zamanynda’’ diyen ylmy işinde maňgyşlakda yaşayan tekeleriň üstüne galmyklaryň wagtal-wagtal çozanlygyny , netijede tekeleriň bu yerlerden gysylyp çykarylandygyny belleyär. Turkmenistanyň gunbatarynda yaşayan taypalar: ärsarylar, saryklar, yomutlar we salyrlar daşky salyr diyen taypa birleşigini emele getiripdirler. Tekeler hem soňra şu birleşigiň düzüminde uly taypa hokmünde özüni tanadyar. Abylgazyň tekeler asly salyr bolan toytutmazyň neberesi diyip görkezmegi şu jähtden hakykata laýyk gelyär. Diymek tekeleriň kiçiräk etnik topar bolmagyndan uly we güýçli taypa derejesine ösüp yetişmegi 16-njy, 17-nji asyrlarda bolupdyr. Taypalyk derejesine yeten yeri hem daşky salyr taypalar soyuzy bolmaly. Tekeleriň soňky taryhy belli. 16-njy asyrda uzboýyň (oguz boy) suwy kesilenden soň uzboy, was etraplarynda yaşamak kynlaşypdyr. Netijede tekeler ahala süýşüp, bu yerdäki oturymly ilaty 18-nji asyrda gysyp çykaryar. We olaryň yerlerini eyeleyär. Dumly-duşdaky tekeleriň ahala jemlenmegi netijesinde bu welayatyň ilaty barha kopelyär. 19-njy asyrda olaryň bir bölegi saragt-tejen etraplaryna ornaşyar. 1855 we 1857-nji ýyllarda gowşut hanyň yolbaşçylygynda murgap oazisini hem eyeleyärler. Teke diyen at orän gadymy turkmen etnonimi bolup ol bu taypanyň teke diyen öy haywanyny totem edinen döwrunde yüze çykypdyr. Tekeleriň bu çaklamany kabul etmezligi mumkindir sebäbi olar teke diyen etnonimi tekemuhammet diyen taýpabaşynyň adyndan gelip çykan, tekeleriň özüni bolsa saryklaryň legendar taypabaşysy yalkamyş bilen dogan hasaplayarlar (utamyş, togtamyş, yalkamyş). Eyran gyzylbaşlarynyň arasynda hem tekeli diyen taypa bardyr. Hydyrilileriň düzümindäki tekeleç, gokleňlerdäki tekeli, burkazlardaky tekem, ärsarylardaky tekren diyen tireleriň adynda-da teke etnonimi duş gelyär.

Köneler, URGENCLI tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir