bir wideo gördûm,bir aýdymçy toýda : "ne jeset içre jan bar..."- diýip aýdyma zowladýa.arasynda."hoop..oynaaa" diýibem goýberýä... Mähellede tans edýä... "y$k ýüregimde gaýnap,ýandyrdy derdi meni." beh,yshk diýdi weli,söýgüdirdä.söýgi diýmegem näme hindi kinodaky ýaly,oglan bilen gyz... Oynamaly,tans etmeli... ...ýöne men edip bilemokda $ony.ýok.men gaharlanman bilemok.saçymy penjelemän bilemok.ahow adamzat.Magtymguly bu go$gyny ýazanda toýda tans döretmäge ýazdymy?oturyp,aglamaly dälmi bu go$guda! Merdan aga.senem,nä i$iñ,özüñi ýigrendirme-diýýäñ. Yok.bagy$la agam.aýtman bilemok.ýigrenen ýigrenip geçsin. Ýöne Magtymgulyny kiçeltmesinler.kemsitmesinler. Magtymguly bir ulama adam ki,ol yshk diýse söýgi,gyz pyza dû$ünibermeli däl hooow.jemagat. Magtymguly.sopuçylyk.tarykat ýoly hakda biraz oýlanyñ. $o ýokardaky aýdymy (ne jeset icre jan bar) Akysh Saparowam toýda aýdýadymaý?
Bökjeklemede,pikir et!
-
sukomoto
12 years ago
- doly ýazsana goşgyny. ujuny görkezýäňde goýaňla.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sukomoto agang aydyshy yaly goshgyny doly gorkezseng gowy bolardy.yone diysek diymesegem magtymguly atamyzyng dushen yshky alla yolunyng yshkydyr(yagny sopucylyk yoly) yone oda adam oda kimdir birini(yagny mengli hanymy ) soyen.sho sebap kaabir goshgylary 2 manyda da beyan edilen.
-
turkmenntug
12 years ago
- aýtdym goýdum.
Kelläñize girmek niýetim ýok!
-
sukomoto
12 years ago
- aýtjak bolsaňa doly aýt, beýdip ýarysyny aýdyp goýma.
-
turkmenntug
12 years ago
Näme,indi bir roman hakda dagy ýazsam.romany doly ýazmalymy?
Doly teksti ýadymda ýok.ýa da nädogry ýazmakdan gorkýan!öye barsam tapyp ýazaryn!
-
sukomoto
12 years ago
- doly taýýarlanyp açmalyda tema açaňda.
-
turkmenntug
12 years ago
- bor.baglap goýber bolmasa munam :)
sen admin dälmi ýa? :)
-
handsome1
12 years ago
- menem onrak bir aydym esitdim, aydym ayralyk hakda. Aydymyn sazy satlyk ahende. Goya aydymcy soyusyaninden ayra dusenine begenyan yaly
-
turkmenntug
12 years ago
- y$k ýüregimde gaýnap,ýandyrdy derdi meni,
tütünim bada berip,buluda gardy meni,
pelek bilegim towlap,çarhyna sardy meni,
hyrydar gözi birle,kim gelip gördi meni,
hijran ýagmyr ýagyp,gam sile berdi meni.
Gam sili birle gidip,y$k ülkesine baryp,
hyýalym pikre dolup,aklymy ýel aparyp,
ol haýbat meýdanynda ,men garyp galdym aryp,
y$k hanjaryn çekiban,hijran ýûregim ýaryp,
älemge destan eýläp,aftaba serdi meni...
-
turkmenntug
12 years ago
Ne jeset icre jan bar,ne kuwwat galdy tende,
hem serke$te,hem haýran,bu i$e boldum bende,
ne hastaýam,ne bimar,ne murdaýam,ne zinde,
gam hüjúm eýläp gökden,zemin sary inende,
pelek elimden tutup,howala berdi meni.
Bir ahwala du$ boldum,gam hújùm etdi,öldûrdi.
Bu i$iñ seri$tesin,y$k okudyp bildirdi,
bu hala rehim ineip,elim tutup galdyrdy.
Jemal bir jilwe berdi,içim $owka doldurdy,
sözlemeýin neýläýin,ýaranlar,ýardy meni.
MAGTYMGULY,begligim ýar jemaly gul etdi.
Wysal umydyn berip,ýûz tilli bilbil etdi,
aýralyk oda saldy,pyrak turdy,el etdi,
y$k çekdi zybanasyn,ýakyp-örtäp,kûl etdi,
Hijran ferapiç alyp,ýele sowurdy meni.
-
Yzganttm
12 years ago
- Turkmentug dogan men señ aýdanlañ barada biraz bilesim gelýä edil birazajyk kän däl ýagny 2 söz b.n manysyny aýtsañ bolýa,
-
turkmenntug
12 years ago
- Allah ýolunda aglap ýazylan go$ga adamlar toýda aýdym edip.tans edýä.
Diýjek boldum!
-
turkmenntug
12 years ago
- diñe bu go$guda däl.umuman,Magtymgulyny okajak adam.go$gusyny aýdym etjek adam,"sözlegende söz manysyn bil'se ýag$y"
(myka diýdim men)
-
gyzlarynarzuwy
12 years ago
- ay toylarda aydylmayan aydym galmadahow
men bir toya bardym welin türklen belalim aydymyna gyz bn oglan wals etdiler
indi muna näme diyjek
-
gyzlarynarzuwy
12 years ago
- ay toylarda aydylmayan aydym galmadahow
men bir toya bardym welin türklen belalim aydymyna gyz bn oglan wals etdiler
indi muna näme diyjek
-
Yzganttm
12 years ago
- Häääääää dü$ündim dogry dogry aýtýañyz dogan! Meñ pikirimçe bu aýdym edip aýtýanlar allahy tanamaýanlar
-
turkmenntug
12 years ago
- gysgasy.biz akyllysyrap,Magtymguly$ynaslañ gepini ýalana çykarjak bolmakdan öñ,"kimiñ nagarasyna oýnaýanymyzy",nämä tans edýänimizi bileli...
-
turkmenntug
12 years ago
- kyrk ýyl gol gow$uryp,gullukda dursam,
alty gûnçe görmen,altmy$ ýyl ýörsem.
Bir $unçalyk bolsa,görsem,jan bersem,
jemalyn görkezse,ýar bizim sary.
-
turkmenntug
12 years ago
- kyrk ýyl gol gow$uryp,gullukda dursam,
alty gûnçe görmen,altmy$ ýyl ýörsem.
Bir $unçalyk bolsa,görsem,jan bersem,
jemalyn görkezse,ýar bizim sary.
-
Kamilligetarap
12 years ago
gysgasy.biz
akyllysyrap,magtymguly
$ynaslañ gepini ýalana
çykarjak bolmakdan
öñ,"kimiñ nagarasyna
oýnaýanymyzy",nämä tans
edýänimizi bileli...
turkmenntug | 2012-03-30
08:58:13 (hak aydylan soz)
-
turkmenntug
12 years ago
- sukomoto aga gelmedimaý?
-
sukomoto
12 years ago
- gelmesine geldi welin, gaty bil ylalaşmajak bolýar.
magtymgulynyň yşk hakyndaky goşgularynyň haýsysynyň alla (jj), haýsysynyň zenan hakdadygy anyk belli däl, bu jedelli mesele. meniň özümem köpüsiniň alla hakdadygyna ynanýan, ýöne onuň gyz hakdada goşgulary ýeterlik.
Ikinjidenem, seniňem aýdyşyň ýaly, anyk däl zat hakdaky öz gelen netijäňi hemmelere kabul etdirjek bolmak dogry däl bolsa gerek.
Menem öň bir gyza aşyk bolanymda ýokarky goşgyny kän okapdym söýgülimi ýatlap. :)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- ikinjidenem, seniňem aýdyşyň
ýaly, anyk däl zat hakdaky öz
gelen netijäňi hemmelere kabul
etdirjek bolmak dogry däl bolsa
gerk - shu yer dushunmedimlay. Meng sozlerimi turkmentuga atypsyng
-
sukomoto
12 years ago
- hawa kämilligetarap, sen ýazan ekeniň.
ýokarky goşga düzülen aýdymyň özi tans etmäge laýykda, onsoň näme etjek tans oýnaman.
ne jeset içre jan bar, ne kuwwat tende,
hem serkeşde, hem haýran boldum mende
diýip gysgaldyp aýdýarlar.
-
turkmenntug
12 years ago
- anyk däl zat hakdaky öz
gelen netijäňi hemmelere kabul
etdirjek bolmak dogry däl bolsa
gerk
dogry aýdylan kep
-
turkmenntug
12 years ago
- sukomot aga.menem $o hakda aýtdymda.
Söz.heñ.tans
-
1merdan
12 years ago
doly ýazsana goşgyny. ujuny görkezýäňde goýaňla.
sukomoto | 2012-03-29 23:27:06
sukomoto agang aydyshy yaly goshgyny doly gorkezseng gowy bolardy.yone diysek diymesegem magtymguly atamyzyng dushen yshky alla yolunyng yshkydyr(yagny sopucylyk yoly) yone oda adam oda kimdir birini(yagny mengli hanymy ) soyen.sho sebap kaabir goshgylary 2 manyda da beyan edilen.
Kamilligetarap | 2012-03-29 23:45:09
bärde goşgyň ujy, dolylygy dälde, umuman aýdymyň parhyna barman, tans etmäliň diýiljek bolýanyny bilmeýän bolsaňyz...
aý bilmedim belki şeýle bolmalydyr elbetde
-
turkmenntug
12 years ago
- magtymgulyñ " gep dü$ündirmedigne" sen gep dü$ündirermiñ diýse...
-
sukomoto
12 years ago
- 1merdan diýiljek bolan zada düşündim welin, şol welini barda.
göz öňüne getir, toý gidip dur, dostuň (klasdaşyň) öýlenýär. senem orta tansa çykýaň, akyş saparam birden ýaňky aýdymyna geçýär. sözüne diň salyp, aý munuň sözi tansa gabat gelenok diýip tansdan çykyp gaýdyp bilersiňmi? adamlar muňa näme bolduka, gynanýarmyka ýa göriplenýämikä diýmezlermi?
şu barada näme pikir edýäň?
-
1merdan
12 years ago
1merdan diýiljek bolan zada düşündim welin, şol welini barda.
göz öňüne getir, toý gidip dur, dostuň (klasdaşyň) öýlenýär. senem orta tansa çykýaň,
1-njidenä 24 ýyllap jan girip gezip ýörüp 1merdan tans edipdir, diýýän adam tapsaň(ýer ýüzndäki 7 millýard-dan gözläý) sorasa bor gönü 1merdana, sen umuman meselem diýmekçi bolýansyň(düşindim,yrsarajak bolamok dost)
-
1merdan
12 years ago
- meni tanaýan adamlar, 1merdanyň, arak içilýän, we tans edýän zenanyň ýanynda otyrmajagyny bilýär.
akyş saparam birden ýaňky aýdymyna geçýär. sözüne diň salyp, aý munuň sözi tansa gabat gelenok diýip tansdan çykyp gaýdyp bilersiňmi? adamlar muňa näme bolduka, gynanýarmyka ýa göriplenýämikä diýmezlermi?
men muňa jogap berip biljek däl dost bagyşla, sebäbi meniň aýdymdan,sazdan,tansdan başym çykmaýar, ýöne senki has gülkijiräk görinýän ýaly
şu barada näme pikir edýäň?
sukomoto | 2012-03-31 06:40:50
-
1merdan
12 years ago
doly ýazsana goşgyny. ujuny görkezýäňde goýaňla.
men saňa sukomoto dost sen aýdymy diňläp(ýagny diýşiň ýaly ujyndan kanagatlanmany) soň tans edýäňmi(göz öňüňe getir, aýdym gutardy sen tansa başladyň)
sukomoto | 2012-03-29 23:27:06
-
1merdan
12 years ago
- ....diýen soragy bermedimä dost
-
1merdan
12 years ago
...ýöne men edip bilemokda $ony.ýok.men gaharlanman bilemok.saçymy penjelemän bilemok.ahow adamzat.Magtymguly bu go$gyny ýazanda toýda tans döretmäge ýazdymy?oturyp,aglamaly dälmi bu go$guda!
seret şu taýda garypja adymyzy agzapdyr awtor, a indi seniň soragyňdaky şu jümlelere seret
Merdan aga.senem,nä i$iñ,özüñi ýigrendirme-diýýäñ.
Yok.bagy$la agam.aýtman bilemok.ýigrenen ýigrenip geçsin.
Ýöne Magtymgulyny kiçeltmesinler.kemsitmesinler.
aý munuň sözi tansa gabat gelenok diýip tansdan çykyp gaýdyp bilersiňmi? adamlar muňa näme bolduka, gynanýarmyka ýa göriplenýämikä diýmezlermi?
-
1merdan
12 years ago
- serçeden gorkan dary ekmez diýýä türkmen aga, pyrgyň pähimine amal etmek nire, bir çala pyýanyň sen hakdaky etjek gybaty nire dostjan
muňa näme bolduka, gynanýarmyka ýa göriplenýämikä diýmezlermi?
şu barada näme pikir edýäň?
sukomoto | 2012-03-31 06:40:50
-
1merdan
12 years ago
- MAGTYMGYLYNYŇ MONOLOGY
1
Men ýene-de size barýan
Aňyrsyndan asyrlaryň
Ýeri, bu gün taplar niçik,
Yzym tutan nesillerim?
Ata-ýurdym abatmydyr?
Bitinmidir başlaryňyz?
Eşidýäris bir suprada
Jem bolypdyr aşlaryňyz
Eşidýäris allanäme
Bir döwlete edip gullyk
Ajap ýaşap ýörmüşiňiz,
Bizem şony arzuw kyldyk
Bizi sylap ýörmüşiňiz,
Baýrak bellap adymyza
Beýle sarpa, beýle hormat.
Düşjek zatmy ýadymyza.
Adymyza köçe barmyş.
Oba barmyş adymyza.
Gözlerimiz ýaşdan doldy
Muny eşden badymyza.
Adymyza mekdep barmyş
Gözüm açan Gerkezimde.
Daga münip otyrmyşym
Il-günimiň merkezinde.
Toýuňyzda gaýtsyn hernä,
Bizi horram eýlediňiz.
Ganat gersin ykbalyňyz,
Yrylmasyn döwletiňiz
2
Men şol öňki pyragyňyz
Gaşyňyzda gullygym bar.
Eger aýyp kylmasaňyz
Kiçijik bir belligim bar.
Gürleşmegem ýeňil bolýar
Siziň ýaly düşbi bilen.
Ýaňky ýatlan belligimi,
Aydar boldym goşgy bilen.
3
Goşgymyz bar, ismi erir “name sen”
Ýatlamazdan geçe bilmen, neýleýin.
Indi aýdymyny diňlegen çagym,
Magnysyny seçebilmen neýläýin?
Diýgenime, gowy düşinmän, çaky,
Urup siz gerşime bigelşik ýüki,
Men bir gyzy dälde gözläpdim haky,
...uýalyplar gaça bilmen, neýläýin?
Gözleý-gözleý sataşmadym geregme,
Bakyň ahyr lowlap duran ýüregme,
Men Pyragy bolyp hakyň deregine?
Bir ýaş gyzy guça bilmen, neýläýin?
“Asla seni görmemişem dildarym”
Diýip, uwlaýanym däl, meňli ýarym.
Men-diýdim:-“Adyl han, asla sen barmyň?”
Guş erse, men uça bilmen, neýläýin?
Okamyş siz, beletsiňiz gylygma,
Hoşnudam il-güniň çyragylygyma
Ýöne goýaweriň pyragylygyma
Öz-özümden geçebilmen neýläýin
(berdinazar hudaýnazarow)
-
Younglord
12 years ago
Goşgymyz bar, ismi erir “name sen”
Ýatlamazdan geçe bilmen, neýleýin.
Indi aýdymyny diňlegen çagym,
Magnysyny seçebilmen neýläýin?
Be B.Hudaýnazarow gaty gowy belläp geçipdir edil şu taýynda
-
turkmenntug
12 years ago
- berdinazar aga,paýhasly TURKMEN ýa$ulydy!
-
Friendship
12 years ago
- goldayan sizi, Nejep aga!
-
pida
12 years ago
- magtymguly pyragynyn goshgularyny okanynda, bir azajyk manysyna dushunuprak okasanyz, hemme zada goz yetirersiniz!
turkmenntug 12 years ago- aý aýtdym goýdumdaý meñki, üns berme...