(Albert Einstein) (14.3.1879, Ulm, Germaniýa–18.4.1955, Prinston, ABŞ) Fizik, otnositellik teoriýasyny döreden, kwant teoriýasyny we statistik fizikany döredijileriň biri. Sýurih politehnikumyny gutarýar (1900), ilki Winterturda, soňra Şafhauzende mugallym, Berndäki federal patent býurosynda ekspert (1902—1909); Sýurih uniwersitetinde professor (1909), Prussiýa we Bawariýa Ylymlar Akademiýasynyň agzasy (1913), Berlin uniwersitetiniň professory we fizika institutynyň direktory (1914). Şol ýyllarda Eýnşteýn otnositelligiň umumy teoriýasyny tamamlaýar, şöhlelenmäniň kwant teoriýasyny ösdürýär. Statistik fizika, Broun hereketi, şöhlelenme teoriýasy barada birnäçe işleri geçirýär. Fotoeffekt kanunlaryny açanlygy we teoretiki fizika baradaky işleri üçin Nobel baýragyna mynasyp bolýar (1921) . 1933-nji ýylda Germaniýadan gidýär. Şondan soň Prinston (ABŞ) Ýokary barlaglar institutynyň agzasy. Eýnşteýn meýdanyň ýeke-täk teoriýasyny işläp düzmäge synanyşýar we kosmologiýa meseleleri bilen meşgullanýar. Faza, wagt we dartyşmanyň umumy kanuny bolan otnositellik teoriýasy Eýnşteýniň iň esasy ylmy üstünligi hasaplanýar. Eýnşteýniň ýörite otnositellik teoriýasy fiziki barlaglar üçin (mes.: Ýadro fizikasynda we elementar bölejikleriň fizikasynda) zerur serişde bolup durýar, netijede bu teoriýa doly eksperimental tassyklanýar. Eýnşteýn 1916-njy ýylda grawitasion gyşarmanyň ýaýrama meselesini çözenden soň, grawitasion tolkunlaryň bardygyny öňünden aýdýar. Şeýlelik bilen umumy otnositellik teoriýasy tamamlanýar. Umumy otnositellik teoriýasynyň kömegi bilen Nýuton mehanikasy arkaly düşündirip bolmadyk Merkuriý planetasynyň orbitasynyň anomal ýagdaýy düşündirildi. Günüň dartyş meýdanynda ýagtylyk şöhleleriniň gyşarmasyny (1919-1922) anyklady we şu meýdanda atomyň spektral çyzyklarynyň süýşmesini öňünden aýtdy (1925). Eýnşteýn kwant teoriýasyna şöhlelenýän meýdanyň diskret strukturasy hakyndaky düşünjäni girizdi we şonuň esasynda fotoeffekt kanunlaryny çykardy. Lýuminessent we fotohimiki kanunlary düşündirdi. Eýnşteýn kwant teoriýasyny ösdürip, 1916-njy ýylda şöhlelenme proseslerini öz-özünden şöhlelenmä (spontan) we mejbury (induksiýalaýyn) şöhlelenmä böldi. Eýnşteýniň bu işi häzirki zaman kwant elektronikasynyň esasyny düzdi. Eýnşteýn 1924-nji ýylda Ş. Bozeniň ýagtylygyň kwant statistikasy boýunça ýazan makalasy bilen tanyşdy, soňra ideal gazyň kwant teoriýasyny döretdi, şeýlelikde Boze-Eýnşteýn statistikasy ýüze çykdy. Eýnşteýniň ylmy işleri häzirki zaman fizikasynyň ösmeginde uly rol oýnady. Eýnşteýn diňe ylym bilen çäklenmedi. XX asyryň 20-40 ýyllaryndaky jemgyýetçilik syýasy wakalary ony tolgundyrdy, ol faşizme garşy çykmak bilen faşistik Germaniýasynda ýadro ýaragynyň döremek howpunyň bardygy barasynda 1940-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentine hat ýazdy, bu bolsa ABŞ-da ýadro barlaglaryň ösdürilmegine getirdi. Eýnşteýn dünýäniň köp ylmy jemgyýetleriniň, akademiýalarynyň hormatly agzasy bolupdy.
Albert Einstein
-
alemdarov
12 years ago
- Senem sagbol urgencli
-
jumanji
12 years ago
- albert eýn$teýnyñ geniý bolandygy mälim we onuñ uly beýni kämbridj uniwersitetynyñ labaratoriýasynda nusga görnù$inde görkezilen.
Sagbol alemdarov, dùnýäniñ me$hur geniýlaryny ýatladanyña.
-
1merdan
12 years ago
- sagja bol alemdarow gymmatly maglumatlar.
-
Galtush
12 years ago
- Sagbol maglugatyn ucin
-
Kuraldyshy
12 years ago
- alemdarov, temalaryn üçin köp köp sag bol. dowamy kesilmesin.
-
zumerchi
12 years ago
- ozi nam uchin nemec bolup oz yurduny satypdyr?????? savol yetirenine
-
ALADIN
12 years ago
- einstein barada dünýä edebiýaty jurnalda okapdym ýöne bu temadaky maglumatlar ýokdy,bu alym köp zady oýlap tapypdyr aslynda ýöne ol köp ylymy açan ishlerni özi ýok edip gidipdir,sebäbi ol atom barada ýazan ylym ishi adamlara peýda getirmän uly zyýan getiren û.n käbir ylym ishlerni otlapdyr eken.
URGENCLI 12 years ago- SAGBOL ALEMDAROW