gadymy mifologiýada diňe aýallardan ybarat bolan halk. erkek adamlar bilen ýaşamagy çekip-çydamaýan aýallardan düzülen jemgyýet bolupdyr. olaryň öz aýal patyşasy bolupdyr. nesil dowam etdirmek üçin amazonkalar beýleki halklaryň erkekleri bilen gatnaşyga giripdirler, diňe gyz çagany özleri bilen alyp galyp, ogul dogulsa ýok edipdirler. häzirki döwürde käbir aýallaryň ýa-da aýallar toparynyň amazonkalara meňzedilýän ýagdaýlary ýygy duş gelýär. amazonkalara meňzedilmek üçin, köplenç aşakdakylar şert bolup durýar: - jemgyýetde aýallaryň erkeklerden ýokarda bolmagy, maşgalada esasan aýallaryň agalyk etmegi - aýalyň belli bir erkek bilen oňuşman, köp gezek erkek çalşyp ýörmegi we maşgalada erkege boýun bolup ýaşamakdan ýüz öwürmegi we ş.m. meşhur häzirkizaman amazonkalar hem bar. yzyny siz dowam edäýiň.

Köneler, sukomoto tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir