Pygamberimiz s.a.w. bir gezek bir özi 500 hurma nahalyny oturdýar (I.Hanbel, 5:354) we munuň bilen baglanyşykly şeýle diýýär: “Bir musulman bir agaç ekse, onuň miwesinden-de ynsan, eldeki ýa-da ýabany haýwan ýa-da bir guş iýse, şol daragtyň miwesi ony eken üçin sadaka hökmüne geçer” (Müslim, “Müsakat”, 10). “Kyýamat gopan hem bolsa, elinde bir nahaly bar bolan, ony hökman eksin” (Buhary, el-Edebül-Müfred, 168). Dowarlaryna iýdirmek üçin bir daragtyň şahalaryna elindäki taýagy bilen urup duran bir adama söý¬güli Pygamberimiz: “Hany, biraz salyhatly bol, daragta zeper ýetirip, onuň şahalaryny döwüşdirmek ýerine, emaý bilen şahalaryny silkeläp ýapragyny dök!” diýip, duýduryş berýär (Üsdül-Gabe, 3:276). gazetden alynan

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir