Iki dost nirädir bir ýere barýan eken. Ýolda dostlaryñ arasynda bir düşünişmezlik ýüze çykýar. Olaryñ biri ganygyzmalyk edip ikinjisine bir şapbat çalýar. Dostundan göwni ynjan kişi şol ýerde aşak oturyp, çägäniñ ýüzüne: "şu gün dostum meniñ göwnüme degdi" diýip ýazýar. Biraz wagtdan soñra dostlar bir ýapdan geçmeli bolýarlar. Suwa doly girip-girmankäler, ýañky göwni ynjan dosty batyp başlaýar. Beýleki hem ony halas edýär. Suwdan sag-aman geçensoñlar, halas edilen kişi bir daşyñ ýüzüne: "şu gün dostum meni halas etdi" diýip ýazýar. - sen näme üçin göwnüñ galanyny çägä, halas edileniñi bolsa daşa ýazdyñ? - diýip, göwnüne degen we soñra halas eden dosty soraýar. Ol şeýle jogap beripdir: - kimdir birinden göwnümiz galanda, ony çägä ýazmalydyrys. Goý, ony ýeller bozsun! Emma kimdir biriniñ bize eden ýagşylygyny daşlara ýazyp hem bolsa saklamagymyz gerek. Esasy zat, özümize edilen ýagşylygy hiç bir ýeliñ öçürip bilmezligidir.

Köneler, makgush tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir