Salam santo,ýagdaýlaryň gowymy, táze ýylyň bilen gutlaýan seni. goýandyryn gurap,sagadyň togny, birazdan kakyljak,onikiniň zaňy. kóne ýylda,šatlyk baryn ečildiň. hasratam ečildiň.aý zyýany ýok. ganatsyz,gušlaryň oňmaýšy ýaly. biz adamlar,hasratsyzam oňamzok. biz adamlar,arzuwsyzam oňamzok, aýa ýeten,gúne barmak isleýár. ynsanyň elidá,diňe dilegde, náče berseň,artyk almak isleýár. az wagytdan,bereketli ýyl bilen, hošlašýarys,táze ýyla gelýáris. garšy alýas,gujak-gujak gúl bilen, begenýáris,tans edýáris,gúlýáris. ak sakal,ak sašly eý aýaz baba, sowgat bermeseňem,bor bu ýyl maňa. hanha afrikada,múňlerče čaga, golun serip ólýár,bir dówúm nana. Táze ýylda saňa,etjek haýyšym, ajyndan ólmesin ýekeje čaga. olaram ynsana,umytly gózler, seň ýoluňa bakýar,sowgat almaga. biz bu ýerde,širin nany ýemirýás, olar sorup otyr,dišiniň kirin. olara ač otyr,biz bolsa dokja, ine edáýmeli,ýeri šúkúriň. sygaýmadaý ,dowamy bar.
Vento bilen santo.
-
vento
12 years ago
- Dowamy....
šu zat hakda,gije gúndiz pikirim,
olaram musulman,bizlerem šeýle.
heýde musulmanam,eziz doganyn,
ač goýup salarmy,topragyň teýne.
šu zat hakda,gije gúndiz pikirim,
olaram ynsana,bizlerem šeýle,
isačy,musajy tapawudy ýok,
bu bize dúšeni,sóýmeli diňe.
šu zat hakda,gije gúndiz pikirim,
hindistanda,milýon -milýon čagalar.
ač,ýalaňač,kóčelerde ýatyrlar,
ústlerine mašyn súrýár agalar.
šu zat hakda,gije gůndiz pikirim,
agy sesi,owganda hem yrakda.
pikrim oka tutlan,gözi ýašlylaň.
maslygyn čokaýan gargalar hakda.
garaz sanaberseň,sanabermeli,
ýamanlygyň ýagšylyga gúlýánin.
ýogsa bilýárinem,bir čelek suwy,
damja garj ýagyň,harap etýánin.
ak sakal,ak sačly,eý aýaz baba,
sowgat bermeseňem,bor bu ýyl maňa.
ynha šu dúnýáde,milýonlap čaga,
seň ýoluňa bakýar,sowgat almaga.
ákit sowgadymy,gowšyr olara,
ýylgyrsyn ómrúnde gúlmedik ýúzler.
ýagšylygy górsůn,dúnýáni sóýsin,
ömrúnde ýagšylyk,görmedik gózler.
umytly baksynlar,ertirki gúne,
óčmesin garaja gózleň yšygy.
dowamy bar...
-
Jeihun07
12 years ago
- http://www.youtube.com/watch?feature=player_detailpage&v=9rn9lk58fjgТуркмени в харкове...
-
vento
12 years ago
- Dowamy...
ýyly sóz ber,ýyly čórek bolmasa,
asyl olar,šo sózleňňem ašygy.
táze ýylda,senden etjek haýyšym,
sózúňde dur,ak sakally eý babam.
"dúnýáň bar čagasy,čagam"diýipdiň,
ač otyrlar,čagam diýen čagalaň.
egniň zerli donly,ýúpek mataly,
gelip meniň táze ýylym gutlaýaň.
men bolsa šo pursat,garyň asdynda,
úšáp ýatan,doganlarmy ýatlaýan.
git ýanymdan,git olaryň ýanyna,
meň ýagdaýlam gowy,hudaýa šúkúr.
sen ýylynýaň,gyzyl mahmal donuňa,
ýóne olar hakda edeňok pikir.
Ynha onikiniň jaňy kakyldy,
ýóne ýúregimde,šatlyk ysy yok.
mená aglap durun,senem aglaýaň,
agy bilen bolsa, iš bitirlenok.
soňy.
-
sivee
12 years ago
-
vipboy
12 years ago
- http://www.youtube.com/watch?
feature=player_detailpage&v=9rn9lk58fjg туркмени в харкове... jeihun07 |
sen harkowda okayanmy
-
magnit
12 years ago
- .
-
burguttm
12 years ago
- gözime ýaš aýlanyp gitdaý,gaty manyly gošgy eken dostum. Dogurdanam dúnýániň gözi kórmi,bulary ná hič kim görenok.! Hemmámiz gereginden artyk islemán,hudaýa šúkir etmelimiká diýýán šu günine! ((
-
pida
12 years ago
- ehhhhhh
-
lukmantm
12 years ago
- Vento dost ajayyp goshgy goshga soz yok
yone shujagaz cagajyklara nebsim agyryp gitday
-
URGENCLI
12 years ago
- Go$gy gaty manyly!
-
Kuraldyshy
12 years ago
- yüregim bolupsynyz........belki türkmenlerdenem ak telpekli, gyrmyzy donlu, gayyş adikli mataçleri begendiryan ayazbabalar çykar inşallah !
-
vento
12 years ago
- Howlukmak gerek,eger ayazbabalar kömege gelmese,ózimiz aýazbaba bolmaly borus. Dinimizde aydylšy ýaly ilki elimiz bilen,bašarmasak dilimiz bilen,onam bašarmasak ýůregmiz bilen olara kömek etmelidirs!
garypjan 12 years ago- sagbol vento agam!