Etrek etrapyna chozan dushmanyn Ichinden tapylyp akylly noker, Shahyryn bash yylda yazan diwanyn Yuzbashydan gizlan bolaysa eger. Eger olja onup, dolanyp oye, Noker hat yollaysa kulli turkmene: "Men, adamlar, tasin kitaba eye, Akidin dozseniz shuncha kyrk mune..." Shonda kyrk mun iner kerweni dorap, Ileri tarapa owurdi yuzin. Kyrk mun gyr at uchgun kimin sychyrap, Sarsdyrdy Turanyn al-elwan duzun. Jeyhun bilen Bahry-Hazar arasy, Ahli baylygyny kyrk mune jemlap, Shol onat nokerin diyen parasyn Ishignin onune dokerdi - emlak. Deregine bay bordy kyrk esse beter, Guyjunden kyrk esse gachardy betpal. Turkmen hich dushmandan etmezdi heder, Hyrchyny dishlardi ahmyrly Fettah. Onson yerden galkyp ahli Chingiz han. Surubersin turkmen uste ordasyn, Sheyle bir oyuny gorerdi dushman, - Chingiz han nirdesin?! Orda nirdesin?!
Magtymguly (Gurbannazar Ezizow).
-
vento
13 years ago
- Kášgá ezizow ýaly almaz zehinli adamlary dówúr bize gaýtaryp berip bilsedi,biz onuň üčúnem šo kyrk múňe gašymyzy čytman dózerdik. Pyragymyz účiná janymyzam.biz olara gaty mátáč.
Gošgyny ýetireniňe sagbol mirasymyz.
-
magnit
13 years ago
- gurbannazar şahyrada söz yok, şeyle zehinli adamlar ir gidyaler....
Sagbol miras yetirenine +
-
Kuraldyshy
13 years ago
- akgam sag bol,, şeydiban yettirip dur
-
pgs
13 years ago
- Salowmaleýkum Mirasymyz, ýagshymy oba-gara.
Goshgyny paýlashanyñyz gowy zat, minnetdar, ýöne arada sizden hem-de agzalardan maslahat sorapdym welin hich hili sizden jogap alyp bilmedim. Bu näme ün beýle bolduka, sebäbini aýtsañyz kem bolmazdy. Jogabyny ertir.com-däki shahsyma ýazaýyñ.
P.s: sizden azajyk öýkeledim :)
-
YaSwami
13 years ago
- Magtymguly Atamyz soňky sufiýa (sopy) bolan adam, muny britan alymlaram tassyklýar, ýöne gaty dindaram bolan, enetek gaty kän syrlar ýatyr arada Oňki ýurtbasymyz ylym barlag iş geçir diýende, magtymgulyň köp eserelri we o barada maglumatlary çap etmekden boýun gaçyrypdyrlar, bilmedik nämeniň syry, birhili hökibaş gorkypdyr we eýmenipdir kä eserlerinden ! Şu barad näme bilýäňiz !
-
1merdan
13 years ago
- sag bol Mirasymyz gaty gowy goşgy ýetiripsiň
....türkmentug bärde gürrüň boljak iş bolyp, kitap gyzylbaşlara geçensoň, bir paýhaslysy döräýen ýagdaýynda diýilýär
-
mirasymyz
13 years ago
- Waleykim essalam Pgs dost. Allaha shukur oba-garada gowuchylyk. Sagbol hormatynada. Nahili, gowymy ozunizem?
Araky temana-ra gorupdim welin, bagyshlarsynda, jogap yazmandym. Dogrymy aytsam oykeldendirin oydemokdym welin... yene bir gezek bagyshlarsynda. Ertir.com ishlese shahsynada otunch sorap hat yazarynda.
Menda, wepasyz dostunda. Arasynda gechirimlirak bolayarsynda.
-
mirasymyz
12 years ago
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Menem hazir barja zadymy bermage tayyar sol topraga garylan kitaplar un arman bolan bn olene care yokda gaytalap okamak oran yagsy boldy sagbolun teman eyesi
-
1merdan
12 years ago
- Ýagşylykda ile özün tanydan –
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan –
Öz yzzatyn gider, itden hor bolar.
Muňly bolar myradyna ýetmeýen,
Müýnli bolar hak emrini turmaýan,
Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen
Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.
Her kim ýamanlasa deňi-duşuny,
Özi müşgil eder asan işini,
Kim dargatsa akyl bilen huşuny,
Eder işin bilmez, şermisar bolar.
Zehini keç bolar bady ýaňylan,
Biygtyýar bolar goly daňylan,
Göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,
İçi doly namys bilen ar bolar.
Gaýraty kem bolar gahary azyň,
Depgini pes bolar matamda sazyň,
Öýine barsaňyz, bir biňyýazyň,
Göwresi gysylar, köňli dar bolar.
Kim belany satyn alsa başyna,
Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,
Tokuş etse kim başarmaz işine,
Söwdasyndan gele bilse, är bolar.
Soňun toba etmez ýaňylyp-ýazan,
Ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan,
Pähm ediň, her ýerde bir päli azan,
Ýowuz musallata sezewar bolar.
Hazyna dönüpdir ömrüm ter güli,
Nazaryn pes tutar ilden, bergili,
Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli
Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.
Öňde, yzda görseň her kes gulamyn,
Ondan aýamagyn taňry salamyn,
Kim okyp unutsa hakyň kelamyn,
Kyýamat gün iki gözi kör bolar.
Haly müşgil bolar köýüp-ýananyň,
İmany şikest tapar haram iýeniň,
Kastdan roza, namazyny goýanyň,
Özi küfür, biliň, jaýy dar bolar.
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!
turkmenntug 13 years ago- sag bol Miras aga.gowy go$gy...
...gowy go$gy.ýöne...syçrap duran gyratly.görogly gaýratly ,hatar hatar kerwenli,döwletli han,töre,begli TÜRKMENIM,du$man üstini basyp Magtymguly atamyzyñ
"bä$ ýylda bir kitap eden i$ini","bir günde reýgan eýlemänkä"de bilýädä,Bu Beýik ynsanyñ,beýik eserlerniñ gymmatyn.
Bilýädi welinem,agzybirlik güýji ýetmedimikä diýýän,$o gün,
$o gün,arman,armaly gûn,agzy birikmändirdä TÜRKMENIMIÑ...