Eje! Munuň özi bary-ýogy üçje harp. Muňa garamazdan, “Eje” sözünde soňuna ýetip bolmajak umman deý many ýatyr. Türkmenlerde eje käbä deňelýär. Käbe bolsa, gudraty güýçli Ýaradanyň öýüdir. Diýmek, enelerimiz keramatly hasaplanylýar. Enelerimiz gynanamyzda gynanýan, şadyýan günümizde begenýän mähribanlarymyzdyr. Bizi dünýä inderen, Watana, il günümize peýdaly, wepaly adamlar bolup ýetişmegimiz üçin süýji ukudan galan, özi iýmän iýdiren, özi geýmän geýdiren, sowuk wagty mährem gujagynda ýyladan enelerimiz dälmidir?! Çaga wagtym aýdan sözlerim ýadyma düşýär... Okuwda sapaklarymyň gowy bolmagyna garamazdan, maňa ähli ýerde kömek eden, öý işlerimi edişen, ähli aýdan zatlarymy diňlän we olary goldan doganymyň bolmagyny islärdim. Öz jigim bolsa entek kiçidi. Özümi jigimiň ýerine goýup pikirler ummanyna çümüp gidipdim. Eger men, meni diňlejek, kömek etjek dogan isleýän bolsam, belki, olam bir gün okuwçy bolup meniň eden arzuwymy ederdi diýip oýlanypdym. Ulalmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Sebäbi meniň islän doganym mende bolmasa-da, onda bolar diýip pikir edýärdim. Soňunda ol hem ulaldy, okuwçy boldy. Belkem, başlangyç synpda okaýarka kömek eden bolmagym ahmal. Ýöne indi bir zady düşündirmegä aňyrda dursun, onuň aýdan zatlaryny diňläsimem gelenok. Bilýärin, ol hem birwagtlar meniň islän doganym ýaly bir dogan islär. Ýöne men başaramok. Näme diýseňem, ähli ýerde dadyňa ýetişýän mähriban käbäň – ejeň bolýar. Haýran galaýmaly ýeri, ejemiň näçe köp işi bolsa-da, perzendini hemme zatdan hem gymmatly görýär. Jigime kömek edýänem, ony diňleýänem ejem bolup çykdy. Başymdan geçen bir waka hiç ýadymdan çykanok. Bir gezek synp ýolbaşçymyz bilen birlikde bolan çaý sapagymyzda nämedir bir ýerden ene-ata bolan hormat hakynda gürrüň açyldy. Mugallymymyz: “Gynansak-da, käwagt durmuşda şeýle bir pursatlar bolýandyr. Meselem, bir gün epeý bir adam başlyk bilen duşuşmaly bolýar. Ýöne haýsydyr bir sebäp zerarly gijä galýar. Elbetde, ol kişiniň gahar-gazaba münüp, ejesiniň üstüne hem gygyryp başlamagy mümkin. Ähli zadyň sebäpkäri hökmünde ejesini günäkärlemegem ahmal. Ýöne pikir edip görüň? Eýsem, ol kişä ömürboýy hossary ene-ata gerekmi ýa başlyk gerekmi?! Eýsem-de bolsa, onuň ulurak wezipesi ene-atadan gymmatly boldugymyka?!“ diýen sözleri hiç ýadymdan çykanok. Bu sözleriň üstünde köp oýlandym. Aslynda her gün okuwa gidenimde gijä galyp baran wagtlam ejeme „Näme üçin irräk turuzmadyň“ diýip, azajygam bolsa gaharlanardym. Sebäbi okuwda käýinç eşidýän mendim. Şeýle hem bolýardy. Emma, oturyp pikirlenip görseň, ýitgi çekýän özüň bolýaň; ilki bilen ejeň göwnüne degýäň, soňam bolsa, okuwda käýinç eşidýäň. Gowuja oýlanyp görseň iň soňunda käýinç eşitjek bolsaň, ejeňe gaharlanyp göwnüne degmek nämä gerek?! Bir gün mugallymymyzyň diýeni ýaly etdim. Irden giç turanyma garamazdan, ejem bilen hoşlaşyp ýola düşdüm. Dogrusy, okuwa gijä galybam bardym. Ýöne okuwçylar synpdan-synpa ylgaşýardylar. Görüp otursam – sapak tertibi täzeden düzülipdir. Sapaklar şonuň üçin hem başlamandyr. Sapaga öz wagtyndajyk baraýdym. Ol wagtky ýüregimdäki bagty söz bilen düşündirip boljak däldi. Gözüme ýaş aýlananyny duýman galypdyryn. Şu başdan geçirmelerimde hem ejelerimiziň nähili keramatlydygyna akyl ýetirdim. Mugallymymyz öwretmedik bolsa, ýalňyşyma şu mahalam düşünip bilmezdim. Mugallymyma köp sagbolsun aýdýaryn. Ejemden bolsa ötünç soraýaryn. Gyzyň Humaýgözel. Awtory: Humaýgözel.
Bagyşla eje...
-
makgush
12 years ago
- Eneleri eliňde göterseñem azdyr. Sagbol aladin gowy tema.
-
Jemka91
12 years ago
- Gowy hem manyly ýazgy. Sagbol Rahat ellerñe saglyk, ýene-de ýetirip dur.
-
ALADIN
12 years ago
- talyplar comda birinji gezek adymy eshtip (okap) görýän :) sag bol jemka91
-
nupokadi
12 years ago
- manyly ýazylypdyr $eýle zatlar köpùräk ýazylyp dursa bolmaýamy sag bol ýetireniñe Aladin
-
Jemka91
12 years ago
- Men agzalañ adyny tutmagy halaýan =) (öñem tutupdm, belki uns beren dälsiñ)
-
Soygiruhy
12 years ago
- tuweleme gowy yazypsyn! ;-)
-
idealman92
12 years ago
- berekella aladin
rowayatam bardyra,bir oglan yetginjek wagty ejesini arkasyna alyp butin dunya aylayar.shoncha eden azaby ejesinin yekeje gije cheken azaby bn den eken
-
Ayjagash
12 years ago
- Sag bolun aladyn. Manyly tema.
-
YaSwami
12 years ago
- a Kaka näme, ol şýota girenokmy :(, sag bol alladin !
-
Jasminka91
12 years ago
- Ene-atalarymyzyn jany sag,ya$y uzyn bolsun.aladin gowy tema sag bol payla$anyna.
-
Mahrish
12 years ago
- Ene-ataly gùnler iñ bagtly gùnler. Soñundan "bagy$la" sözùni aýtdyrjak ýagdaýlarymyz az bolsun. Sag bol aladin gowy tema
ALADIN 12 years ago