dasarda seyle bir yagys yagya seyle bir sowuk. Dek duynem gunes parrlap cykypdy. Paltolarmyzy oyde goyup okuwa ise gidipdik. Bu gun bolsa oykeli gelin yaly howa tasabildi. Semal turya yagys yagya aljyradyp barya. Gysyn orta ayynda gulllap oturan acag gorundi gozume. Men yalnysyandyryn oydip gayta gayta synladym. Sonam seyle bir gynandym ol yalancy bahara aldanyp tutus yyly miwesiz gecirjekdi. Onun gullerini gazaply semal sowuryady. Ol gunun coguna aldandy bahar gelendir oytdi.yalnysdy. Men gozlerme yas aylandy sebabi men sol agajy ozume menzetdim. Menem ozumi bir yalanca aldadyp ir pyntyk yardym. Ony soydim. Ol bolsa gazabna tutdyda taslap gitdi meni. Menem gownum synyp bagtdan binesip galyberdim. Men hem sol ir gullan agac yally gysy sowaryn tomusda miweli agaclary gorup kemsinerin yone men indi asla yalancy bahara ynanman. Wagt geler bizem hakyky bahara gowusarys we bagtly bolarys... (awtor-bibisara) …. meni şeýle oý-pikirler hatda şu sowykda hem “bişirip” barýardy. Awtobusyň gelerine-de takat etmän, öýe pyýadalap gaýdasym geldi.Hyýalymda şool agaja meňzän ömrümiň birje bölegini ýatlap gelişime ýönekeýje bahanalar bilen soňky döwür gaty kän jaň edýän kursdaş oglanymyň jaňyna tisginip gitdim - Alo Bibi yzyňa seredäýda- men yzyma seretsem Maksat maňa tarap gaty –gaty ýöräp ýetip gelýär ----köpçülikde adyňy tutyp gygyrmaýyn diýdim Bibi soňam hool agaja(ol şol agaja elini uzatdy) siňe-siňe seretdiňde pyýada ýöräberdiňle,menem ugradaýaýyn diýdim- diýip Maksat soňky sözüni müýnliräk görnişde aýtdy Men- ýuwaşja hä howwa ol ýalnçy bahara aldanypdyr diýenimi duýman galdymda,soňam Maksady oňaýsyz ýagdaýa salmajak bolyp okuwlar nätýär, talyplar komda bir gyza söýgümi aýdyp bilemok diýip tema açypsyňyz welin... diýip degişen boldym Ol- hä howwa Bibi aýdaýmak ýeňil dä-l diýip sägindi-de göni gözüme seretdi. Şonda men birinji gezek Maksadyň gözlerine göni seredip gördüm göwnüme bolmasa ol gözler has mährilenen ýaly boldy” men muny öň näme üçin duýmadymkan” Birdenem ol garaşylmadyk teklibi aýtdy –Bibi gel şol agajy ýakyndan synlaly Entek esli ara açylmadyk agaja dolanyp gelmäge garşy bolmadym , Ol-howwa bu aldanypdyr ýöne men muňa ynanýan diýip agaja söýenip durşyna aýtdy Soň ol meni öýe çenli ugratdy, talyplar com, ertir com hakynda gürleşdik, Maksady şumada çenli tanamanlygyma, onuň şeýle sada düşünjeli oglandygyna geň galdym Gaýtjak bolanymyzda ol Bibim talyplar” com-daky diýýän gyzym ýat däl ol sen”- diýip kynlyk bilen aýtdyda hoşlaşyp gitdi. Men duran ýerimde esli durupdyryn... ..howwa aýlar geçip bahar geldi biz Maksat bilen diňe şol agajyň astynda duşuşýardyk.Agaç ýene gülläpdirr özem baharyň mymyk şemalyna pyntyk ýarypdyr. Maksat ýuwşja” Bibim seret agajymyz gülleýär” diýdi Menem ýuwşja “sebäbi ol meniň M A K S D Y M -D A” diýdim Ýürek bolsa “men öz maksadyma ýetdim” diýip dünýäni doldyryp gygyraýasy gelýärdi
BEGENDIREN BAHAR
-
magnit
13 years ago
- 1 norka telpek menden +
-
garajaoglantm
13 years ago
- haha
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- men bagtymy acdyn oturyberdin sena gowy yazypsyn tuweleme
-
Tilkijik
13 years ago
- +5
-
maddow
13 years ago
- +10 hehe.bibisara bagtyna dushupsunda ahyr!
-
makgush
13 years ago
- Sagbol merdan gowy tema, söz ýok! Bibisara saňada sagbol, gowy ýazylypdyr! +10
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- men maksadyn mana yylgyryp dursynda mana mahirli garaysynda soygi duydym. Kasga menem ony seyle soyup bilsedim.ol mana nace yola durmus gurmagy teklip etdi. Men bolsa gorkyan.suytden agzym bisenson gatygam uflap icyan indi. Men maksadyn masgalasyna bagly boljagna meni edil hazirkisi yaly elustunde saklajagna doly ynanyan yone men ona asyk dal. Men dali porhan bolup dunyani undup soyesim gelya. Ony goremde yuregim gaty ursun bedenimin gyzgyny kyrka yetsin iki sozun basyny catyp bilman sakawlar derejede soygi. Men onem soyupdima ganat perimi gyryp tasladylar. In kyn gunumde yanymda maksat bardy. Men synan gownumi seyiklapdi. men on yanynda ozumi arkayyn duyyan on barlygy mana guyc berya seylede bolsa name un men ony soymeyakam. Ahli pikirlerimi bir gyra taslap pyntyk yaran agaja seretdim. Ol yaza garasmagy basarypdy aldanmady hem ol su tomus miwe berer. Men bolsa henizem ysk gozleginde. Su pikirlerim bilen maksada biwepalyk edyan yaly ozumi gunaledim. Belki soygi derkaram daldir. Sylansykly gatnasyk mana belki bagt getirer.men gownumi bire baglap maksat bn baglansykly cynlakay pikirlendim. Indi duygularymyn dalde aklymyn yzyna dusdim. Hem maksadyn elinden ilkinji gezek tutdumda eger sen hazirem toy tutmak barada sol pikrinde bolsan ejeni ugraday bizin agajymyz miwe berende toy tutaly diydimde maksadyn gozune belki ysk bn dal yone mahir bn garadym
-
1merdan
13 years ago
- sagja bol Bibisara seň arkaňdan menem "hekaýaly" boldym. meni şärik edeniňe sag bol öz "Maksadyňa" ýet uýam
-
maddow
13 years ago
- dowamam gowy bolan bibisara)toya bizem cagyrylyasmy??
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- hekayadaky hyyaly maksady tapyp getirin cagyrayyn
sagbol agam
-
Jasminka91
13 years ago
- Tüweleme gaty gowy hekaya,oylanma bolupdyr , gazeda,£urnala capa bersenem boljak bula sag bolun awtorlar.
-
magnit
13 years ago
- bibush daýzany bahana bilen satdyk ))
-
maddow
13 years ago
- gysgacha sypatlandyr.tapjak bolayn bibi)))
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- oyun edyanle gep yayradyp yorme maddow bibi maksat diyip oglan gozleya diyip
-
magnit
13 years ago
- uje gazeda obýawleniýa beripdirä
-
mavibonjuk
13 years ago
- tuweleme gowy yazlypdyr.sheyle manyly oylanmalaram uzagyndan bolsun
-
mavibonjuk
13 years ago
- iki adam yazypdyr welin hasam gyzykly boldy
-
1merdan
13 years ago
- sag bol mawi aý men Bibisaraň arkasyndan abraýly bolaýdymlaý
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- magnit senem menden dynsan basga armanyn yogay
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- merdan abray ikimizinkem gazede berelimi suny
-
Jasminka91
13 years ago
- Bibisara gazeda ya "zenan kalby "£urnala berseniz gaty gowy bolardy $u, gowy hekaya.
-
Jasminka91
13 years ago
- Bibisara gazeda ya "zenan kalby "£urnala berseniz gaty gowy bolardy $u, gowy hekaya.
-
miilli
13 years ago
- Super :) Bagytly boluñ Bibishka ;)
-
maddow
13 years ago
- bibi bbc kanala aytdym.ertir habarlarda duydurarlar maksat barada))
-
1merdan
13 years ago
- Bibisara gazeda bersegem bolar nesile meselem, owaza-da ýaraman durmaz(owaz kanala)
-
sweetbala
13 years ago
- bibin nace yashynda
-
mavibonjuk
13 years ago
- owaza bersenem gowa,diyerler,merdan bn bibisaran,oylanmasyndan begendiren bahar dp gurlarler,dinlasim gelip gitdi shu wagt.radioda 2 adamm eshitse 1 adam eshitman galar,jurnalada berin,ikisinede
-
1merdan
13 years ago
- Bibi haýsy agajy göz öňine tutdykanaý(şahsyn) ýaman gyzkly hä. aýdaly menä medinistutyň öňindäki astonowka şol taýdaky agaç, w.şm epizot göz öňime geldi?
-
Jasminka91
13 years ago
- Menin bolsa tdu'nyn önúndäki astanowka we ßon golaýyndaky agaclar göz önume geldi:)
-
AHAL
13 years ago
- tuweleme, ine bul duybinden bashga gurrun. cheperchilik bildirya, her adamyn azda kande yashan pursatlaryny yatlatdya. yuregi joshdurya. muna sozim yok.
gazet zhurnala bermek isleginiz dorese, talyplar com baradaky setirleri ayyrmaly bolaymasanyz.
-
magnit
13 years ago
- örän onat dostlar gazeta £urnala adynyz cyksa bizem begenjek (redaksiya jan edyan smaylik
-
Dobry
13 years ago
- Maksat ýuwşja” Bibim seret agajymyz gülleýär” diýdi
Menem ýuwşja “sebäbi ol meniň M A K S D Y M -D A” diýdim
Ýürek bolsa “men öz maksadyma ýetdim” diýip dünýäni doldyryp gygyraýasy gelýärdi
shol maksat bizin makgushymyz dälmi?
-
wulkan
13 years ago
- Ay erbet däl!
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- yok how hic hili maksat ony merdan oylap tapdy
-
asiya
13 years ago
- Wiiii hemme zat oylanmamydy? Realda bolmadyk zatlarmy bu hekaya?
-
1merdan
13 years ago
- bilmedimda Asiýa, Hekaýa hekaýa borda, ýöne bolybam bilerä, belkem bolyp bilendirem... ýogsa aňymyza-da gelmezdi.
-
magnit
13 years ago
- durmuşdan alynan hekaýa
-
magnit
13 years ago
- durmuşdan alynan hekaýa
-
1merdan
13 years ago
- ana magnidiň durmuşynda bolan ekeni
-
magnit
13 years ago
- durmuş boluphow yany 20 yaş(ajak bolup yörus) yöne durmushda bolyan zat diydim
-
asiya
13 years ago
- Bolyan zatdygyny bilyan(bolmajak zat yok) bibisara bn maksat realda bolanmy diyip soroyan... hali yokarda bibisara maksat yok diyip yazansoñ soraydym ( dushunman geçen smaylik)
-
1merdan
13 years ago
- BAGŞLA Asýa
-
asiya
13 years ago
- Yok bagyshlamok(shutka).. soragyma belli bir jogap tapmak kyn boldy :/
-
turkmenntug
13 years ago
- gowy hekaýa(lar) .sag boluñ!
chopanjyk 13 years ago- hmm