häzirki zamanmy, öten zamanmy! ýa geljek zamanmy - bermezdim ünsem bu gün öten zaman işligne bakyp, ulydan dem alyp, otyrýan ümsüm… indi ençe ýyldyr, söýgi hakynda öten zaman bilen ýazýaryn şygyr. eý, taňrym! “söýýärin” diýmegiň ýerne “söýüpdim…” diýmeklik niçiksi agyr. “söýýärin sen gyzy, söýýärin!” diýip, goşgy ýazýan günlem düýndi-le weli, indi goşgy ýazsam “söýýärin!” diýip, çykyp dur her ýandan her kimiň dili. goňşylarym diýýär: “alty çagaň bar…” redaktor diýýär: “saçyňam çap-çal. “söýýän! söýýän!” diýip, gaýtalap ýörmek indi bu ýaşdan soň – gelşikli gep däl. özüňe-de nep däl, bize-de nep däl. dogry, dogry, entek ýaşyňam köp däl. bary-ýogy ýaňy ätläpsiň kyrkdan. şonda-da on sekiz ýaşly gyz bilen ýeri, aýt, nämişiň barmyşyn parkda?” “a-haw, parka barýan meniň özüm däl, liriki gahryman! liriki geroý! ynanmasaň ynha mollanepesem, hanha şipaçewem oka-da göräý- biri ýetmişinde, biri altmyşda, ikisem hemişe parkyň içinde. ýeri, näme, meni jyn urupmyşmy aýny ýaşda, ýaňy kyrkyň içinde?” diýip, her niçikdir olaň deminden müň bahana tapyp sypýaňam welin, öýe gelseň çagajyklaň öňüňden gaçmaga gapy ýok, sypmaga delil. körpe ogluň diýýär: “kaka, aý, kaka, goşgyňy gazetden okadyk ýaňy. bir gyzy söýýärin diýipsiň weli, kaka, söýýän diýýän şol gyzyň hany?” ýüzüňe seredip has tokar ogluň, gaýta has beterin üstüne goşýa: “söýýän, söýýän!” diýip ýörsüňle, kaka kaka-da gyzlary söýer oguşýa?!..” ýene-de bir çagaň, has lälik çagaň gerşiňe atlanyp, saçyňdan çekip, diýýär: “indikide parka gideňde kaka, şol gyz bilen meni hem äkit!” ýeri enesine näme gerekmiş! olam hezil edip gülmäge derek, gaýta siltenjiräp, ýüzüni sallap, ne-hä çaý getirýär, ne-de bir çörek. gaýta hüňürdeýär: “çaý-suw isleseň! şol gyzlaň ýanyna ötäýtmek gerek!” garaz bir tarapdan – çagaň, goňşylaň, beýleki tarapdan – redaktoryň, keýwanyň hem – üçülenji tarapdan, şolara baglyrak seniň takdyryň. biri siltenjiräp, biri öýkeläp, biri akyl berip ýuwaş-ýuwaşdan “söýýän” diýen sözden mahrum etjekler… mundanam bir mydar bormy, ýoldaşlar!

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir