Tekeleriň atly hem pyýada goşuny şol gün öýleden soň, Guşluk tarapdan gelen Hywa goşunynyň üstüne çozup, Gylyçly hem tüpeňli urşa girişýärler. Şonda duşman köp zyýan çekýär, olaryň birnäçesi ýesir alynýar.Şunlukda, Hywa hanynyň goşuny derbi-dagyn edilýär. Şol güniň ahyrynda garşydaş tarapyň ikiside öz tuglarynyň, berkitmeleriniň töwereginde ýygnanyşýarlar. Emma tekeleriň goşunynyň bir bölegi Hywa goşunynyň daşyndan aýlanyp, şol gije olaryň 40-50 sany ýükli erkeklerini-kerwenini(düýekeşi bilen) oljalap, öz çadyrlaryna alyp gidýärler.Şol gün güýçli ýelli howanyň bolmagy-da ýerli goşun üçin amatly bolýar, çünki duşmanlar tozanly ýeliň içi bilen edilen çozuşlaryň haýsy tarapdandygyny bilmägede maý tapmandyr. Ikinji gün daňdanlar Gowşut hanyň galasynyň töwereginde Hywanyň pyýada goşunlary we onuň yzyndan bolsa atly goşunlary arkalaşyp durýarlar. Şol wagt Gowşut han Hajy gaplaň Aýmet oglunyň hem-de Salar keýik Nagym oglunyň ýolbaşçylygyndaky atly goşunlaryň bir bölegini duşmanyň pyýada goşunynyň arkasyndaky atly goşunyna garşy gylyçly urşa gaýduwsyzlyk bilen girişmegi buýruk berýär. Tekeleriň goşuny ýyldyrym ýaly süýnip, duşmanyň üstini gapyllykda basýar. Ejizläp, ýan berip başlan Hywa goşuny ganlaryny syrykdyryp, tuglaryna tarap çekilýärler. Olar çozuşdan goranmak üçin penalyrak ýerlerde durýarlar. Şol gün günortanlar Hywa goşunyna ýene-de kömekçi goşunlar ýeriň pesi bilen gelip, öz goşunlaryny zordan gabawdan çykaryp alyp gidýärler. Şol günki söweşden soň Mädemin han öz atly goşunlarynyň tekeleriňkiden has pesdigine we ukypsyzdygyna göz ýetirýär. Uruş ençeme günläp dowam edýär. Ýazyň elhenç harasatly-ýelli gününde gaýduwsyzlyk bilen alnyp barlan söweş has-da aýlyganç bolýar. Şonda tekeler çozma urşa girişýärler. Çar tarapdan “Çoz teke, ýa Alla” diýişip, atly hem pyýadalar gylyç oýnadyp, naýza sanjyp, tüpeň atyşyp, her hili söweş hünärlerini ýerlikli ulanýarlar. Bularyň şeýle gahrymançylykly söweşmekleri netijesinde Hywa hanynyň goşuny ýeňilip, ýeliň ugruna gaçyp başlaýar. Olaryň birnäçesi topar-topar bolşup, ýaraglaryny taşlap, gollaryny galdyryp durýar, ençemesi bolsa ýaragyny taşlap çöke düşip otyrýar. Tekeleriň çalsyn nökerleriniň bir topary Hywa goşunynyň 3-4 çakrymyndaky tuguna tarap gaçanlaryň yzyndan ýetip, çapyp baryşlaryna Mädemin hanyň çadyryna baranlaryny-da duýman galýarlar. Mädemin han bolsa goşunynyň şeýle ýagdaýa düşeninden bihabardy. Ol ýagly, kişmişli palawdan doýup, sadranç(küşt) oýnap, humarly başyny galdyrman, ýeňişe garaşýardy. Hanyň tuguna baran çalsyn ýigitler şol ýerde orta boýly, garaýagyzrak, hyýyrsyz adama gözleri düşip , derrew oňa gylyç salyp öldürýärler. Onuň Mädemindigini soňra bilip galýarlar. Gowşut, Nurberdi han dagy birnäçe ýaşulylar, sypaýylar bilen Mädeminiň tuguna gelip görseler, ol öldürlipdir. Onuň öldürilmegine gaty gynanan hem gahary gelen Gowşut han: ----- Siz, hanyň, patyşanyň düzgünini bilmeýän bir topar nadanlar! Muny kim öldürdi?-diýip hälki ýigitlere käýäpdir. Tuguň ýanyndaky çadyrlara aýlanyp görseler, 15-20 sany özbek, ýagny tagt ýaşulylary çadyrlaryň içinde, ýorgan-düşekleriň astynda gorkularyna gizlenip ýatyr ekenler. Bir topar emeldarlary bolsa murtlaryny tozga ýaly, gözlerini çanak ýaly edip, howutlaryň, halyklaryň aşagyna kellesini sokup, hyklaşyp ýatypdyrlar. Gowşut han şol ýerde öz nökerleriniň hem-de özbek ýaşuly-begleriniň häziriň özünden başlap etmeli işleri hakynda dik duran ýerinde ýaşulylar bilen gyssagara maslahat çagyrýar. Şonda şeýle karara gelýärler.........(dowamy bar) Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir