Ýer planetasyna meňzeş, Günden 600 ýagtylyk ýyl aralygynda ýerleşýän hem-de ýyldyzyň daşyndan aýlanýan planetanyň üsti açyldy. ABŞ-nyň NASA kosmos agentliginiň alymlary bu planetany “Kepler-22b” diýip atlandyrdylar. Bu planetanyň ýerleşişi ýaşaýşyň möhüm elementi bolan suwuk suw jisminiň saklanmagyna amatlylygy bilen tapawutlanýar. Bu planeta Ýerden takmynan iki esse uly we ol NASA tarapyndan üç ýyl mundan ozal işe girizilen “Kepler” teleskopy arkaly tapyldy. Www.azathabar.com

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir