Söýgi iň parlak nur, iň uly güýçdür we Ýer ýüzünde ony ýeňip biljek hiç hili garşy güýç ýokur. Söýgi haýsy ruh bilen bitewileşse, şony elýetmez beýiklige göterer. Söýmeýän ruhlaryň kämillige ýetip, şeýle ýokarylara beýgelmekleri mümkin däldir. Hawa, olar ýüzlerçe ýyl ýaşasalar hem, ynsanyýet we kämillik adyna sähelçe-de ýol alyp bilmezler. Söýgüden mahrum ýürekler öz egolarynyň garaňky we çylşyrymly labirentlerinden gutulmagy başarmandyklary üçin, hiç kimi söýüp bilmezler, söýgüni syzmagy başarmazlar we ähli barlygyň ýaradylyşyndaky muhabbetden habarsyz ýagdaýda ýaşarlar we wagty-sagady gelende-de, bu dünýäden bakyýa göçüp giderler. Çaga ilkinji “iňňä” bilen gözüni açanda söýgüni, mähiri görer, mähir-muhabbetden doly ruhlary görer we söýgüden doly gursagy ýassyk edinip ulalar. Has soňraky durmuşynda bolsa, şol derejede hakyky, gatançsyz söýgüni kämahal tapsa, kämahal-da tapyp bilmän kösener; ýöne, tutuş bir ömür boýy hemişe ol söýgüniň gözleginde, küýseginde bolar we ony tapmak üçin jan eder.
Söýgi seriýasy (1).
-
mirasymyz
13 years ago
- Älemdäki her barlyk bu söýgüniň bir parçasyny özboluşly owaz bilen seslendirýär, bu çuňňur söýgi we muhabbeti görkezmäge çalyşýar.
Söýgi ynsan ruhunda şeýle bir çuň täsir galdyrar welin, ol ugurda il-ýurt terk ediler, gerek ýerinde ojaklar söner we her jülgede aýry bir mejnun “Leýla!” diýer, pygan eder. Ruhundaky söýgä düşünip bilmedik gury köňüller bolsa, bu işe dälilik diýrler..!
-
Abadan
13 years ago
- Soygi diyilse yene oglan bn gyzyn arasyndaky söygudirda diyjek boldum welin,seyle gin edip dusundirlipdir temada"soygin"namedigni. Sag bol mirasymyz paylasanyza.
-
Adgjmptw
13 years ago
- “Hakykysöýgüde sen
başga bir adamyň
gowulygyny isleýärsiň.
Romantiki söýgüde sen
başga bir adamy
isleýärsiň.”
margaret anderson.
-
URGENCLI
13 years ago
- GOWY YAZYLYPDYR. SAGBOL MIRASYMYZ.
ADAMLAR KOPLENC SÖYGI DIYILSE DIŇE GYZ BILEN OGLANYŇ ÖZARA SÖYGÜSINI GÖZ ÖŇÜNDE TUTYARLAR.
BU TEMADA SÖYGI GIN HEM HAKYKY MANYSYNDA DÜŞÜNDIRILMÄGE SYNANŞYLYPDYR
-
1merdan
13 years ago
- dogry belläpsiň mirasymyz, söýgi adatyja aýdanda gowy görmek bolany özimä gatyyyy sadaja sözlemäni halaýan aşyk-magşuk uže çylşyrymlaşyp bulaşdyrýan zatlarda
-
makgush
13 years ago
- "söýmek özgeleriň görüp bilmeýän gudratyny görmek diýmekdir" dogry söýgi, mähir bolmasa bu dünýe neneňsi bolardy.
Sagbol mirasymyz! Gowy tema.
-
tekegyzytatyana
13 years ago
- muhabbetden muhammet boldy hasyl
muhammetsiz muhabbetden ne hasyl
-
Broker
13 years ago
- içimden gecheni bir bilsediniz ...
-
beybi
13 years ago
- soygi oran gin manylydyr
-
yrsgal
13 years ago
- dogamy hacan cykya bun
mirasymyz 13 years ago- Görüp bilenler üçin, Kuýaşyň çogly ýüzünde söýgüniň yzlary bardyr. Suwlar damja-damja bugaryp, şol söýgä tarap göteriler; ýokarylarda birleşen bug damjajyklary şol söýgüniň ganatlary bilen ganatlanar we rehmet bulutlaryna öwrülip, nagra dartyp, kükräp, ýene topragyň bagryna inerler. Güller, gunçalar şol söýgi bilen gelen-geçene ýylgyryş paýlar. Ýapraklaryň bagrynda tagt gurnan säher çyglary söýgi bilen buldurar – töweregne göz gyrpar. Goýun-guzy söýgi bilen mäleşer; guşlar söýgi bilen nagma düzüp, owaz ederler we şol owazlaryň birleşmeginde, Zemin bilen Arşyň arasynda söýgi heňleri ýaňlanar durar, ýaňlanar durar.