bilipdir gam-gussasyz çagalygmy tapmaryn, tapman senem ene ýabyň boýundan. birçak biz çagakak, her dürli gurjak ýasardyk eýlenen, gyzgylt toýundan. dolsa-da, gurjakdan şowhunly güzer, diýerdiň sen: "ýene birin ýasaly!" şol gün sen ýasadyň bir garry aýal, küýkerip durdy ol eli hasaly. menem ýasapdym bir keltejik goja, durdy olam bir goltugy pişekli. ýylgyryp hem: "özüňizm-eý ol?" diýip, sorapdy bir otdan gelýän eşekli. "ýok, ýok" diýip, gygyrşypdyk şonda biz, gidiberdi olam diýip: "bor onda". "hawa" diýip jogap beren bolsagam boljak eken şol eşekliň soragna. dostuma çykar indi gam-gussaňy köňlüňden, tutma nalap şowsuz söýgiň ýasyny. ilden-günden gizlejek bol, özüňden gizläp bilmeseňem gözleň ýaşyny. gyz gyt däldir, bolar ýene näz eden, ol söýmese, söý saýla-da başgasyn. gordan doly gursagyňda täzeden yşgyň ody tüweleýläp başlasyn. şeýle derde duçar bolup öň menem diýipdim: "heý, oň ýaly gyz tapdyrmy?" ömür bormy, durmuş bormy ondanam bir kejir gyz çözüp dursa takdyrňy. gör dörjeläp kalbyň ýyljak külüni, bardyr közem, şonsuz gurak boş gapdyr, gör-ä erik seçip otyr gülüni, alma bolsa ýaňy gülläp başlapdyr. gaýtadan söýmäge çatar seň gurbuň, goruň bar-a, öçen däldir közüňem. ynha, göräý, ýada salyp soň bir gün bu bolşuňa geň galarsyň özüňem. ol gyza-da diý: "men senden hoşduryn", ýokdur agaç ýa ot güli solmaýan. ýokdur munda ýeri oýlup boş duran, ýokdur öwezini dolup bolmaýan. awtory: atajan annaberdiýew
Goşgy....
-
littil
13 years ago
- merw sposiba goşgulaň üçin gaty gowy :-)
-
Maksim91
13 years ago
- 2-ji go$gyny has gowy gördim. Sagbol Merw92
-
adamjyk91
13 years ago
- 2nji goshgy gowja. Yone adamyn durmushynda owezini dolup bolmajak ynsan kop...
-
magnit
13 years ago
- berekella gowja yazypsyn sagbol +
-
mavibonjuk
13 years ago
- gowy goshgy berekella++++ men magnitinkydanam kop +
-
makgush
13 years ago
- Gowja goşgy! 2-nji goshkyda, oglana žalko gyz ucin şeýdip kösenip nämä gerek. "Gyz" bilen "duza" gytcylyk ýok!
-
ependi
13 years ago
- howwadaý
-
makgush
13 years ago
- Capbi! Ependi
-
Bayja
13 years ago
- +10
-
Jasminka91
13 years ago
- Merw92 goshgularyn ucin sag bol.ùstùnlik hemran bolsun.
AHAL 13 years ago- 1 nji goshguda wagtyn gechyanini aytjak bolya 2njidede owezini dolduryp bolmajak ynsan yokdyr diyya. 1 nji sy gowy eken, 2njisem erbet dal, yone owezini doldup bolmayan adamlaram barmyka diyyan.