Salam gadyrly doganlar! Ýagdaýlaryňyz gowudyr diýip umyt edýärin! Halkymyz tarapyndan giňden tanalýan we ady taryha siňip giden belli şahs barada tapyp okanjalarymy, bu gün siziň bilen hem paýlaşaýyn diýdim. Bu barada her kim öz bilýänjelerini ýa-da pikirlerini aýdybermelidirler. Uzagrakdyr welin gyzyklydyr. Jüneýit han, ömrüniň ahyrlarynda.
Jüneýit han: taryhy hakykat we faktlar.
-
Adgjmptw
13 years ago
- 1916-njy ýylda Hywa
hanynyň eden-etdiligi,
patyşa Russiýasynyň
kolonial sütemi diňe bir
türkmenleriň däl, eýsem,
özbekleriň,
garagalpaklaryň we
beýleki halklaryň hem
halys degnasyna degýär.
Hywa hany ýerli halkyň
namysyna degip, hatda
ýetişen gyzlary zorluk
bilen alyp, öz köşgüne
getirmäge çenli baryp
ýetýär. (Bu taryhy hakykat
boýunça ýazyjy Beki
Seýtäkow «Gyz salgydy»
kitabyny ýazypdy.)
Jüneýit han türkmeniň ar-
namysyny goramak üçin
aýaga galýar. Jüneýit hany
goldaýan toparlar has
köpelýär. Sebäbi ol her bir
meseläni akylly we
adalatly çözmegi
başarypdyr. Jüneýit han
Hywa hanlygyny, başarsa,
bütin Türküstany rus
basybalyjylaryndan azat
etmäge synanyşýar. Ýöne
bu meselede Hywa hany
Isfendiýar belli bir
derejede päsgel berýär.
Isfendiýaryň ýaman
etmişleri sebäpli, özbekler,
garagalpaklar häli-şindi
Jüneýit handan kömek
sorap, arz edip geler
ekenler.
1916-njy ýylyň
ýanwarynda Hojailidäki
özbekler özleriniň
nägileliklerini aýtmaga
Hywa gelende, Isfendiýar
han olary tussag edýär.
Hojailiniň ýaşululary
kömek sorap, Jüneýit
hana ýüz tutýarlar. Ol hem
3 müň atly nöker bilen
Hywa galasynyň sebitine
baryp, tussag edilenler bir
gije-gündiziň dowamynda
boşadylmasa, paýtagta
girip, ähli zady derbi-
dagyn etjekdigini
Isfendiýar hana
duýdurýar.
Gepleşik netije
bermänsoň, Jüneýit han
diýenini hem edýär.
Isfendiýar hany tagtdan
düşürýär. Emma patyşa
Russiýasynyň
administrasiýasy goşulyp,
Isfendiýary ýene tagta
geçirýär. Jüneýit han
Isfendiýardan 60 müň
manat hun alyp, yzyna
dolanýar. Ýöne ýurtda
halk gozgalaňy barha
möwç alýar. Gozgalaňy
basyp ýatyrmak üçin
general Galkiniň
ýolbaşçylygynda jeza
beriji otrýad türkmen
obalarynyň içinden gylyç
bilen geçýär. Halky şeýle
bir gyrýarlar, hut
Gökdepe galasyndaky
ýaly gyrgynçylyk bolýar.
Bu gyrgynçylyk ilat
arasynda häli-şindilerem
«Galkin ýyly» diýlip,
ýigrenç bilen ýatlanylýar.
-
Adgjmptw
13 years ago
- 1916-njy ýylyň gozgalaňy
basylyp ýatyrylandan soň
Jüneýit han Owganystana
gidýär. 1917-nji ýylyň
sentýabrynda ol
Owganystandan yzyna
dolanyp gelýär. Ol
döwürde ýagdaý
düýpgöter üýtgäpdi.
Russiýadaky
rewolýusiýanyň tolkuny
bu ýerlere-de ýetipdi.
Halk indi bolşewistik
akyma goşulyp,
rewolýusion hereketleriň
tarapynda göreşýärdi.
Hywadaky wagtlaýyn
hökümet Isfendiýar han
bilen bilelikde halkyň
rewolýusion göreşine
garşy göreş alyp
barýardy. Jüneýit hanyň
ozalky alyp baran ähli
göreşi rus
kolonizatorlaryna we
Isfendiýar hanyň eden-
etdiligine garşy
gönükdirilen bolsa, soňra
han wagtlaýynça olar
bilen ylalaşyga gelip,
sowet häkimiýetine garşy
göreşmeli bolýar. Bu
ýagdaýda Isfendiýar han
hem Jüneýit hanyň
güýjüne daýanmasa,
ýurdy özbaşdak
dolandyryp biljek däldi.
Hywa tagtynda başga bir
han otursa-da, hakykatda
1918-20-nji ýyllarda bütin
Hywa hanlygyny Jüneýit
hanyň özi dolandyrýar.
Her beglikde öz
adamlaryndan ýörite
wekil goýýar. Özüniň
berkarar eden tertip-
düzgünine tabyn
bolmadyklara ol dözümli
darapdyr. Şonuň üçin
Jüneýit hanyň ýurdy
dolandyran döwründe
ogurlyk, talaňçylyk,
günäsiz adamy öldürmek,
esassyz nika bozmak ýaly
türkmençilige mahsus
bolmadyk hadysalar
bolmandyr. Şol döwri
gören ýaşulularyň
aýtmagyna görä, hemme
zat ýatan-ýatan ýerinde
bolupdyr, hiç kim kişiniň
zadyna birugsat el
degirmändir.
-
Adgjmptw
13 years ago
- 1918-nji ýylyň baharynda
Bedirkent obasynda
başlanan ilkinji
elektrostansiýanyň
gurluşygy soňy bilen
Jüneýit hanyň
raýatyndakylary yşyk bilen
üpjün etmeli eken. Ol
özüniň manatlyk teňňe
puluny çykardyp başlaýar
we salgyt sistemasyny
girizýär. Bu elbetde,
özbaşdak türkmen
döwletini döretmäge
bolan synanyşykdy.
Hywa hany Isfendiýar
eden-etdilige ýüz urup,
halkyň nägileligini
gazanýar we Jüneýit
hanyň geçirýän çärelerine
päsgelçilik döretmäge
synanyşýar. Şonuň üçin
1918-nji ýylyň 30-njy
oktýabrynda ol Jüneýit
hanyň görkezmesi
boýunça özüniň
«Nurullabaý» köşgünde
öldürilýär. Jüneýit han
onuň ýerine Isfendiýaryň
kiçi dogany Seýit Abdylla
töräni tagta çykarýar.
Şeýle-de bolsa ähli
häkimiýeti Jüneýit han öz
elinde saklaýar. Ol
Angliýa, Türkiýe,
Owganystan, Eýran,
Buhara we Türküstanyň
ähli künjekleri bilen
aragatnaşyk saklaýar.
1918-nji ýylyň 25-nji
noýabrynda Jüneýit hanyň
Dörtgülde Sowet
häkimiýetini agdarmak
üçin eden hüjümi şowsuz
gutarýar. Ol 1919-njy
ýylyň 9-njy aprelinde
Tagta etrabynda Sowet
häkimiýeti bilen
parahatçylykly ýaşaşmak
baradaky ylalaşyga gol
çekýär. Gol çekişligiň yz
ýany amatly pursatdan
peýdalanyp, Zakaspi
frontunyň ştaby front üçin
700 atly nöker ibermegini
Jüneýit handan haýyş
edýär. Emma Jüneýit han
sowetleriň bu haýyşyny
kanagatlandyrmaýar. Eger
kömek bermekçi bolsa-
da, onuň ýerine köp
mukdarda ok-ýarag talap
edipdir. Üstesine-de,
kömege iberiljek atlylary
musulmanlaryň, aýratyn
hem Oraz serdaryň we
Eziz hanyň garşysyna
ulanmaly däldigini
duýdurýar (ol Eziz han
bilen ýakyndan gatnaşar
eken). Sowet
häkimiýetiniň wekilleri bu
teklibi kabul etmeýär.
-
Adgjmptw
13 years ago
- 1920-nji ýylyň 22-23-nji
ýanwarynda Bedirkentde
we Gazawatda Gyzyl
Goşun bilen bolan aýgytly
söweşden soň, Jüneýit
hanyň atlylary öz
maşgalalary bilen gum a
— Akjaguýy diýen ýere
çekilýär. 1921-nji ýylyň
aprelinde Han işanyň
ýolbaşçylygynda
Owganystandan, Şyhym
Sülgüniň ýolbaşçylygynda
bolsa Eýrandan 3 müň
tüpeň, 54 müň ok, birnäçe
pulemýot we başga-da
dürli harytlar ýüklenen
kerwen Jüneýit han üçin
ýardama gelýär.
1924-nji ýylda
Garagumda — Palçykly
diýen ýerde ornaşan
Jüneýit hana
Owganystandan ýene-de
270 düýe ok-däri, ýarag
we başga harytlar gelýär.
Şol ýylyň ýanwarynda ol
Daşoguz, Maňňyt, Şabat,
Gazawat, Haňka ýaly
etraplary eýeleýär we
Hywa howp salýar. Emma
Gyzyl Goşunyň jemlenen
uly otrýady Jüneýit hanyň
toparyna güýçli zarba
urandan soň, ol ýene-de
guma çekilmäge mejbur
bolýar.
Sowet häkimiýetiniň
wekilleri Garagumda
ornaşan Jüneýit han bilen
özara ylalaşyga gelmek
üçin gepleşikler geçirýär.
Halk Komissarlar soweti
1925-nji ýylyň 4-nji
aprelindäki karary bilen
onuň emläginiň we
graždan hukugynyň
eldegrilmesizdigini ykrar
edýär. Jüneýit hanyň
garamagyndaky adamlar
üçin 5 müň gektar ýer
bölüp berip, olary üç
ýyllap salgytdan
boşatmak we pul
kömegini bermek hem
göz öňünde tutulýar.
Emma akylly hem
öňdengörüji han
Gurbanmämmet serdar —
Jüneýit han sowet
hökümeti bilen ylalaşyga
girmeýär. Ol ýer bermek
bilen, sowet hökümetiniň
öz daşyna tor gurjak
bolýanyna akyl ýetiripdir
hem-de 1928-nji ýylda
özüniň az sanly nökerleri
bilen Eýrana göçýär,
1929-njy ýylda bolsa
Owganystana geçýär.
Jüneýit han käbir
ýagdaýlarda kem-käs öte
geçen-de bolsa, umuman,
onuň alyp baran işleri
adalatly we külli türkmeni
birikdirip, bütewi özbaşdak
döwlet döretmäge edilen
synanyşyk bolupdyr. Ol
daşary ýurtlarda bolanda-
da öz ýany bilen gidenleri
hor-zar etmändir, türkmen
adyny belent tutupdyr.
Jüneýit han öz Watanyny
diýseň gowy görüpdir. Ol
1938-nji ýylda
Owganystanyň Hyrat
welaýatynyň obalarynyň
birinde aradan çykýar.
Halkyň arasyndaky
gürrüňlere görä, ol
ölmeziniň öň ýanynda
hossarlaryna: «Ölenimden
soň meniň jesedimi
Amyderýa bilen
Watanyma sary akdyryp
goýberiň, men suw bilen
baryp, öz dogduk
mekanymyň topragyna
siňeýin» diýip, sargyt
edipdir.
«Ýer berjek» diýende-de,
sowet hökümetine ynam
etmän, daşary ýurda
gitmek bilen, Jüneýit han
dogry çözgüt tapypdyr.
Sebäbi Jüneýit hanyň-da,
Eziz hanyň-da daşyny
gurşan adamlaryň ählisi —
olaryň maslahatçylary,
nökerleri, dogan-
garyndaşlary... sowet
hökümeti tarapyndan
sudsuz-zatsyz atylyp
öldürildi.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Çoluk Möwlamow
Aşgabatda ýaşaýan
intelligensiýa wekiliniň
edebi lakamy, synçy.
çeşme: ine bu ýerde.
-
Panasonic
13 years ago
- wi bula jygyllykda kartoshka satya ozem gymmat satya
-
prezident
13 years ago
- sagbol dost maglumatyňa,ýaltanman okadym menä.ýöne bu ýerda gaýgysyz atabaýew bilen jüneýit hanyň gatnaşygy barada aýdylmandyr.eger bar bolsa ýazsana iki bile turkmenistan respublikasyny döretdiler...
-
7777777
13 years ago
- dost bu makalana soz yok
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol dostum...
-
ADALATLY
13 years ago
- Sag bol dost.šol suratdaky dogurdanam
jüneýit hanmyka.?
menä han diýseler daýaw pyýada göz öňüme gelýärdi.šu bolšewikden öňki orslaň
koroly hič milletiň däp-dessury bn iši bolmandyr.gaýtam tersine gollapdyr diýýarler.ýurda bolšewikleriň gelmegi bn
sng döwletlerniň däplerini ýok etjek bolup
čalšypdyrlar.gurbanlyk,
sünnete ýatyrmak ýaly zatlary.temaňa söz ýok+
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, Seýran, paýla$anyña!
-
alemdarov
13 years ago
- maladec dost soz yok, men yaly taryhcy ekenin
-
URGENCLI
13 years ago
- ine gowy tema. minnetdar dost.taryha hormat goyyanlar hormata mynasyp adamlardyr
-
Bravo
13 years ago
-
chopanjyk
13 years ago
- sagja bola
-
magnit
13 years ago
- sagbol maglumatyn u.n +
-
Bahelke
13 years ago
- sagja bol doss ullakan onunden men tapyp bilman yordim hazir hokman okaryn ))
-
Bahelke
13 years ago
- menem oz e6iden maglumatym halk arasynda siz b/n payla6asym gelya Juneyt han halk icinde ahli meseleleri cozyan eken onson bir gun juneyt hanyn esgerleri uru6dan dolanyp oyune gow6updyrlar bir gun juneyt hanyn yanyna gaty owadan ya6 gelin gelipdir hanym men arim ur6da yaralanyp burnuny aldyrypdyr yuzi gorer yaly bolmandyr men owadan ya6 gelin on b/n ya6a6yp biljek rugsat berseniz nikany bozjak han diyipdir . Juneyt han oturyp pikirlenipdir bah gelin sen arindir 6o yuzi name bolsada cagan bar gul yaly ma6galan bar watan halk ucin edendir 6o ony6ay diyipdir olam yok han diyipdir oz weziri bar eken adam Owez oydyan yanyna cagyrypdyr 6u gelinin yuzuni arininka meze6 et diyipdir . burny arininkiden ulam bolmasyn kicem bolmasyn diyip buyrypdyr gelin aglap yuzuni arininka menzedip hana sesini cykaryp bilman arinin yanyna gidipdir , Juneyt han 6olar yaly dogrycyl han bolupdyr !!! hatda oz gyzynam atypdyr !!
-
Adgjmptw
13 years ago
sagbol dost
maglumatyňa,ýaltanman
okadym menä.ýöne bu
ýerda gaýgysyz atabaýew
bilen jüneýit hanyň
gatnaşygy barada
aýdylmandyr.eger bar
bolsa ýazsana iki bile
turkmenistan
respublikasyny
döretdiler...
prezident | 2011-11-27
02:12:21
Seniň aýdýanlaryň barada doly jemläp aýdyp biljek zadym-a ýok, ýöne şu maglumatlary okap gör hany, belki kanagatlanarsyň.
-
prezident
13 years ago
- adgjmptw! SAGBOL
Adgjmptw 13 years ago- 1862-nji ýylda Tagta
etrabynyň (häzirki
Görogly) Bedirkent
obasynda doglan
Gurbanmämmet serdar —
Jüneýit han birnäçe wagt
öz obasynda kazy we
mirap bolupdyr.
Ýigriminji asyryň
başlarynda Hywa hany
patyşa Russiýasynyň
hökümetiniň goldawyna
daýanyp, türkmenleriň
üstünden hökümdarlygyny
berkitmek maksady bilen,
olara agyr düşýän ýer-suw
we salgyt reformasyny
geçirmäge synanyşýar.
Şonsuz hem patyşa
hökümetiniň kolonial
syýasaty sebäpli horluk
baryny gören türkmenler
ýaraga ýapyşmaga mejbur
bolýar.
Türkmeniň şeýle agyr
ýagdaýa düşmegi Jüneýit
hany orta çykarýar.
Jüneýit han ilkibada
özüniň gowy ýaraglanan
garyndaş toparlaryny
töweregine jemläp,
serdar adyna mynasyp
bolýar. Soňra ownugrak
galtamanbaşylaryň,
serdarlaryň birnäçesini
özüne tabyn edýär, hatda
adalatyň hatyrasy üçin
özüniň doganoglanyny-da
öldürýär. Şeýle
hereketleri bilen ol il
arasynda adygyp ugraýar.
Öz tiresiniň ady bilen
baglanyşykly ony Jüneýit
han diýip atlandyryp
başlaýarlar. Sebäbi ol öz
obasyndaky ilatyň garyp
ýa-da baý bolmagyna
garamazdan, olaryň ar-
namysyny, hak-hukugyny
goramagy başarypdyr.
1912-13-nji ýyllarda Hywa
hany patyşa Russiýasynyň
hökümetiniň kömek
bermegi netijesinde
türkmen obalaryndaky
gozgalaňy basyp
ýatyrmak üçin harby ýöriş
geçirýär. Jüneýit han bolsa
türkmenleri töweregine
jemläp, Hywa hanynyň
goşunlaryna garşylyk
görkezýär. Şonda Jüneýit
hany diňe türkmenler däl,
eýsem, Hywa hökümetiniň
alyp barýan syýasatyndan
nägile bolan özbekler,
garagalpaklar, gazaklar
hem aktiw goldapdyrlar.
Jüneýit han halkyň
bähbidini hiç bir zada
çalyşmandyr. 1913-nji
ýylda türkmenleriň
ýaraglanan topary 15
müňe ýetipdir.
Türküstandan patyşa
Russiýasyny gysyp
çykarmakda Jüneýit hanyň
uly daýanç boljakdygyna
käbir daşary ýurt
hökümetleri hem oňat
düşünipdirler. Şoňa görä-
de 1914-nji ýyldan başlap
Jüneýit hanyň ähli alyp
baran işlerine ilki german-
türk, soňra bolsa iňlis-türk
razwedkasy goldaw
berýär.