Sowuk ýeller ösýär munda, ýogsa güneş gülýär ýüzňe. Megerem men çogly Günüm söýdüm aşa düşüp üzňe... Çeh goňşym ýylgyryp diýýär: “Çydar ýaly däl bu yssa!” Men diýýärin: “Hasam gyzsyn, sebäp Günsüz boldum hassa.” Ýagyş ýagsa ýüzi gülýän, arçalarym ejizleýär. Men olary suwarýaryn, emma olar hiç doýmaýar. A men doýamok Güneşden, öň ýanyp bolsamam kişde. Men ýurdumy köp küýsedim, sebäp gidýän diňe düýşde...

Köneler, garypjan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir