bagt kopetdagynyň aňyrsyndamyka?! :d biziň köpimiz bagty uzak ýerlerden gözleýäris. ýöne biz hakyky bagty nämedigni bilmeýäris. çünki biz “bagt” sözi lenç bolan derejede aňymyzda köp aýlap, biperwaý bolupdyrsmy, nämemi, ony köplenç duşumyzdan geçiräýýän bolmagymyz hem bagty uzak ýerlerden, gymmat bahaly zatlardan gözlegimizdir... biz bagty naýbaşy awtomobillerden, owadan jaýlardan we gymmat düşen üstünliklerden gözlemän, belkide-de, iň bir kiçijik zatlardan gözlemelidirs. bagt biziň gazanan ýada ýitiren zatlarymyzda däl-de, öz içimizdedir. mysal üçin, bagt mähir bilen bize berlen salamdyr. bagt bäbegimiziň ysy ýa-da çagalarymyzyň gülkisidir. bagt ýylgyryp öýe giren maşgalaňy : “hoş geldiň, söýgülim!” diýip, mähir bilen garşylamakdyr. bagt bu durmuşa ruhubelentlik bilen garamakdyr. bagt, alanan her demiň “yhlasly peşgeşlidigine” düşünmekdir. bagt eliňdäkini başgalar bilen paýlaşmakdyr. bagt hiç bir bähbitsiz we hasapsyz söýmekdir. bagt hudaýa şükür etmekdir. bagt bütin pasyllaryň bize hödürleýän gözelliklerine düşünip we duýup ýaşamakdyr. bagt diňe maýýyp birine sataşamyzda däl-de, eýsem, özümizdäki artykmaçlygy hemişe duýmakdyr. şu aýdylanlary ýene-de uzaltsaň bolar. ýöne iň soňunda şeýle bir pikire gelýärsiň: bagt biziň üçin ýat, nätanyş bir duýgy däldir. belki-de, biziň ony ýakyndan tanaýanlygymyz üçin sowuk-sala we parhsyz garaýan bir duýgymyzdyr. biz ilki özümize bagly bolan başaryp biljek zatlarymyzy ýüze çykaralyň, soňra bolsa maksada ýetmek üçin göreşeliň. biz “başa barmaýan zatlar” üçin urnyp, özümize agram salmalyň. eger biz beýle etsek, onda ol bizi bagtsyz eder. sebäbi biziň betbagtçylyklarymyzyň köpüsi, öz gözbaşyny höwes-isleglerimizden häsiýetlerimizden alyp gaýdýar. durmuşda gödeksi ýaşamagyň ýerine senetkär biri ýaly bolup ýaşamak hem çözgütsiz hasaplan köp meselelerimizi çözüp biler. durmuşyň bir senetdigini ýatdan çykarmalyň. süýji ukyda ýatan mahallarymyz dünýäde müňlerçe kişiniň ejir çekýän bolmagynyň hem mümkindigini ýatdan çykarmalyň! şeýle bir gijäni geçirip, ertir bilen sag-aman örendigimiz üçin, şükür edeliň! ejir çekýänlerden biri däldigimiz üçin, şükür edeliň! ilkinji nobatda bolsa, ynsan edilip ýaradylandygymyza we ýaşaýandygymyza şükür edeliň!
Bagt nämedekä?!
-
Aristokrat
13 years ago
- Gowy ýazylypdyr dost. Bizi ýaradan hudaýa $ükirler bolsun!
-
Jasminka91
13 years ago
- Tùweleme merw92 gaty gowy ýazypsyn.sag bol.
Biz hemmamiz $atlyk ucin doguldyk,
$on ucinem gecdik ine $unca yol
$at gùnlerin köp bolmanyna gynanma
$at gùnleriñ bolanyna monca bol....
G.EZIZOW
-
Jemka91
13 years ago
- Jaýdar aýdylan sözler. Sagbol
-
Induksiya
13 years ago
- "bagt name?" -diyip soradym puldan.
pul: "baylyk"-diyip altynlary gorkezdi.
pula tarap gadam basjakdym welin,
baylykdan son "meslik" meni urkuzdi
sonra bardym "uzak omrun" yanyna.
"bagt senmi ?"- diyip soradym ondan.
diydi- jigim el ayagyn ysmaz bor,
shonun ucin cyn bagty gozleme menden
gaytdym jogap tapman"uzak omurden"
sonra yolda gabat geldim "abraya"
diydim abray aga sendemi bagt?
gorsem abray zaryn zaryn aglayar....
bagty tapman yuzum salyp gelyardim,
birden "soygi" yglap gedi yanyma
diydi: meni tapsan bagty taparsyn"
hemmamiz soyelin hakyn shanyna
-
Merw92
13 years ago
- uytgeshik zatlardan gozlardim bagty,
apet hyyallary beslap gowunde.
asyl, bagtyn chyn keshbini tanaman,
kan-kan gezek gechipdirin deninden.
-
Merw92
13 years ago
- ak umytlar bagt odunyn kozudir,
onda kanagadyn bagta gowushyar.
bizin yonekeyje diyyan omrumiz,
gor-le, durshy bilen bagt ogushya.
-
Merw92
13 years ago
- bagt eken, bu ajap owadan dunyan,
soygusinden ät galmasan, galmasan.
gyshlarynda aklyk bolup yagyplar,
guyzlerinde durna bolup galgasan.
-
Merw92
13 years ago
- munda kate showsuz diyen pursatlan,
son nur bolup yagyberyar bashyndan.
betbagtlyk yok ekeni aslynda,
ahli zady yagsha yorup basharsan.
-
Merw92
13 years ago
- bagt eken, bagt hakda hyýal ýüwürdip,
goýnuna ýetmäge synanmaklygam.
begenmeli zada begenip çyndan,
gynanmaly zada gynanmaklygam.
-
garypjan
13 years ago
- sagja bol. Bagtly bol
turkmenntug 13 years ago- gowuja ýazgy.