“Orbital Technologies” atly rus şereketi Ýer, Aý we ýyldyzlaryň arasynda älem giňişligine tomaşa etmäge mümkinçilik berýän myhmanhana otaglaryny taý­ýarlaýar. 2016-njy ýylda müşderileriň hyzmatyna hödürlenjek bu myhmanha­nada bäş gün bolmak üçin 800 müň dollar tölemeli bolar. Söwda maksady bilen guruljak älem be­kedi Ýerden 350 kilometr belentlikde ýerleşer. Myhmanhananyň gurluşygyny alyp barýan şereket bäş günlük töleginiň 160 müň dollardygyny, ýol nyrhy bi­len bilelikde jemi bahasynyň 800 müň dollar boljakdygyny mälim edýär. Bu myhmanhanadaky müşderiler Aýy, ýyldyzlary, planetalary we beýleki as­man jisimlerini has ýakyndan görerler.Olar üçin Ýerden ýörite taýyn naharlar äkidiler. Etli naharlar, dürli çorbaly na­harlar, gury iýmişlerden taýýarlanan şer­ betler müşderilere hödür ediler. Şeýle hem, sowuk çaý, mineral suwlar, miwe suwlary hem berler. “Orbital Technologi­es” şereketiniň dolandyryjysy Sergeý Kostenko myhmanhanada dört otagyň boljakdygyny we şol bir- wagtyň özünde ýedi müşderini kabul edip biljekdigi­ni aýdýar. Müşderiler bu ýerde kese ýa-da dikligine ýatyp bilerler.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir