durmuşyň, ony ýaşap geçmek üçin mynasypdygyny ýa-da mynasyp däldigini çözmek – pelsepäniň düýpli soragyna jogap bermekdir. alber kamýu.   statistiki barlaglaryň habar bermegine görä, her ýylda dünýäde 1,1 mln. adam  öz janyna kast edip, ömür tanaplaryny üzýär. bu san aýylganç we lapyňy keç edijidir, çünki her adam bu ýagty jahana ýaşamaga, döretmäge gelip, özi bilen ýagtylyk, bagtyýarlyk getirýär. biz siziň her biriňiziň öz ömrüňiziň gadyryny bilip, uzak durmuş ýolunyň ahyrynda geçen ýollar üçin ýüzüňizi gyzartmajak bolup hemme mümkinçiliklerden peýdalanýanlygyňyza gaty ynanýarys. sebäbi siz tebigatyň iň kämil naýbaşy bolan adam ahyryn! gynansak hem, biziň aramyzda bu dünýäni aýylganç usullaryň kömegi bilen taşlap gidýän adamlar bardyr. özüňe kast etmeklik (suisid) – başga adamlar gatnaşmazdan, meýletin ýagdaýda özüňi öldürip, ömür tanapyny üzmekdir. bilimizi guşap, ýüze çykýan kynçylyklary gaýratlylyk bilen ýeňip geçmäge ymtylmalydyrys. ikinji ýol bolsa, baryp ýatan gorkak kimin, hemme kynçylyklardan gaçyp beýleki dünýä gitmek...käbir adamlardan tapawutlylykda, köp adamlar kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç tapýarlar. suiside getirýän sebäplere aşakdakylar degişlidir: adamyň maddy kynçylyklary: öz maşgalasyny ekläp bilmezlik ýagdaýy, karz alan puluny gaýtarmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaý ýüze çykanda; şahsy durmuşyň başa barmazlygy: aýrylyşma, jogapsyz söýgi, töwerekdäki adamlar bilen düşünişmezlik, ýakyn adamyň ölümi, başgalar tarapdan fiziki güýjüň ulanylmagy (meselem, urulma); işdäki gapma-garşylyklar: iş orunlarynyň gysgaldylmagy, ýolbaşçylar ýa-da işgärler bilen aragatnaşyklaryň bozulmagy; başga sebäpler: durmuşda öz ornuňy tapmazlyk; ruhy keseller bilen kesellemek (gamgynlylyk, şizofreniýa); dini janköýerler (käbir dini sektalarda, adam öz-özüni öldürmek bilen, hemme günälerinden saplanýar diýip hasaplaýarlar); mejbury özüňe kast etmek (garyndaşyňy öldürmek, ömrüniň ahyryna çenli türmede oturmak); alkogol we neşe serişdeleriniň mukdaryny çendenaşa kabul etmek; birine öýkünip özüňe kast etmek (belli şahsyýetleriň ölümine öýkünmek). özüňe kast etmek, amala aşyrylyşy boýunça üç sany esasy görnüşe bölünýändir: hakyky kast etmek – köplenç adamda kynçylyklaryň birnäçesiniň toplanmagy, köp durmuş gymmatlyklaryndan göwnüniň geçmegi, güýçli gamgynlylyk ýagdaýyny döredýär. köplenç gamgynlylyk ýagdaýy adamyň adaty islegleriniň berjaý bolmaýanlygy sebäpli, adamda döreýän içki gapma-garşylyklar netijesinde ýüze çykýar. içki gapma-garşylyklaryň çözgüdi tapylmadyk ýagdaýynda suisidal pikirleriň döremegi ähtimaldyr. ýalandan özüňe kast etmek – başga adamlaryň öňünde, özüňe kast etme hereketleriň amala aşyrylmagy bilen häsiýetlendirilýär. alaçsyzlyk, lapykeçlik ýagdaýynda, haçan-da adam ýüze çykan kynçylykdan çykalga tapmasa, ol adamlaryň ünsüni özüne çekmäge çalyşýar. durmuş bilen hoşlaşmagy ýüregine düwen adam özüni "boş ýer" ýaly görýär. adamlaryň oňa üns bermeýänliginden ejir çekýär. şonuň üçin hem, ol özüne ünsi çekmegň ýeke-täk dogry ýoluny – durmuş bilen hoşlaşmagy ýüregine düwýär. suisidiň bu görnüşini ruhy taýdan gowşak, hemme zady özüne çekýän adamlar saýlap alýandyr. şonuň üçin hem, siziň tanyş adamlaryňyzyň biri: "ynha men bolmaryn, şonda siz aglarsyňyz"   diýen jümläni orta atsa, ony oýun etme höküminde kabul etmäň. ony diňläň, üns beriň, onuň ýeke däldigini, ony sylaýanlygyňyzy ynandyryp, kömek etjek boluň. gizlin özüňe kast etmek düşünjesine bolsa, adamyň öz ömrüniň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýän, öz-özüni weýran ediji häsiýeti degişlidir. adam öz hereketleriniň howpludygyny aňlasa-da, olary dowam etdirýär. ol hereketlere: alkogolizm, neşekeşlik, işde tehniki howpsuzlyk düzgünlerini äsgermezlik, saglyk üçin wajyp lukmançylyk bejergisinden ýüz öwürmek, ýürege çendenaşa agram bermek degişlidir. gynansak hem, biziň zamanymyzda gizlin suisid özüňe kast etmegiň ýaýran görnüşi blup durýandyr. eger adam özüne kast etme pikirini orta atanda, onuň sebäbiniň çözüp boljak kynçylyklardygyna akyl ýetirip, olardan gaçmanyň beýle akmaklyk bilen amala aşyrylýanlygyna akyl ýetirmelidir. bu hereket size hormaty artdyrmaýar, tersine, ol siziň bigaýratlylygyňyzdan habar berer. köp adamlar bu barada pikir etmeýärler ahyryn. gynansak-da, olary indi gaýtaryp bolmaýar... ýöne siz entek şu ýerde. ümsümlikde oturyp, oýlanyp görüň. siziň ýaramaz pikirleriňiziň şeýle manysys we ýerliksizdigine göz ýetirersiňiz. biz jemgyýetde ýaşaýarys. günde onlarça çylşyrymly soraglary çözmeli, ýüzlerçe kynçylyklary ýeňip geçmeli... begenmeli, işlemeli, ýene gynanmaly. durmuş dowam edýär. belki şu wagt siziň bir otagda işleýän işdeş ýoldaşyňyz ýa-da bir podýezd  meýdançada ýaşaýan goňşyňyza kömegiňiz gerekdir. geliň, biri-birimize ünsli we mährem bolalyň!

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
    Induksiya 13 years ago
  • Gaty gülkinç student biz barde durmuśda gabat gelÿän heläkcilik barada gürrüñ gitÿär! Yokardaky yazgyny okamadyñmy degišme diyip ÿazyk dal barde " durmuś kyncylyklary" diyen yazgy bar! Bagyšlañ welin su temada gürleÿän sözñüzde asla many(duz) yok( yenede bir gezek bagślaweriñ bu meniñ öz pikirim!)
    AHAL 13 years ago
  • induksia doss gowy goshgy eken ony copy paste etsek gaty gormersina.
    notyetPERFECT 13 years ago
  • gülkünch däl zatlara gülüp bilyan adam ya öte(chendenasha) ukyply bolmaly, ya-da gaty mes günde yashayan bolmaly.. Ay name her kim öz agramyna görä ses chykaryar.
    Induksiya 13 years ago
  • Yokla ahal geregiñiz gośky bolsun alyberiñ!!!
    Merw92 13 years ago
  •  
    haly wagtyň meňzemegin kilime,
    diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
    öçen wagtyň öýkünmegin çilime—
    içi közli ojar ýaly sönüp git.
    Merw92 13 years ago
  • ömür hakda pikir etseň –
    ölüm öýkelärmişin.
    ölüm halda pikir etseň-
    ömür öýkelärmişin.

    ine saňa gerek bolsa
    iki sany öýkelek.
    öýkelet sen ikinjisin
    gije-gündiz öýkelet!
    Abadan 13 years ago
  • Hmmm temada dogry bellenipdir. Yöne induksiya agzamyzyn aydysy yaly sonky 2-3yylyn icinde menin dus gelyanlem dine yaslar özini kast edyar. Yokarda bellenip gecilen ruhy cökgunlik sebap boldyma so yaslarda diyen pikir kellema gelyarda,"yöne biri,ikisi,ucisi yagsy,yöne hemmesi so sebapli dalmika ödyan.
    turkmenntug 13 years ago
  • abadan dogan, diymek siziñ pikriñizçe ba$gada bir sebäp bar bärde?näme sebäpkä?siziñ pikriñiz?
    notyetPERFECT 13 years ago
  • öz janlaryna kast edip dunyaden gityanlerin sebabi ruhy cökgünlige getiryan asyl problemalar. Elbetde shol problemalaryn ahlisinin sony ruhy cökgunlik bn netijelenyar we ruhy cökgvnligin in yokary derejesine gelen adamlaryn, goldaw edilmedik yagdayynda ahlisi diyen yaly janyna kast edyär. Awtor hem aytd-a sebaplerini.. Finans yagdaylary, herkimde dush gelmeyan syrkawcylyklar, köpculige goshulshyp, du$uniship bilmezlik(ene-ata, ishde, okuwda...$. M.), zyyanly endikler, umytsyz söygi hadysalary, yalnysh dini sektalar... We yene de birtopar sebapler. Ine shularyn hemmesem gamgynlyga, lapykechlige, yekelige we sonunda da ruhy taydan chökgünlige hemde öz özune göwni yetmezlige getiryär.. Men özumden mysal alsam, mende birnace syrkawcylyk bar(gynansamam), bashga hic kimde gabat gelmeyan yene bir anatomiki näsazlyk yagdayym bar, gaty köp bergim bar.... Shulara garamazdan Dashyndan göraymage gul yaly durmushym bara menzeyan. Emma kä halatlarda menem sheyle bir ruhy chökgvnlige düshyan, hatda shu dunyaden yok bolup gidaysedim diyen pikir hem gelip gidyar kelläme. Yokardaky agzalanlaryn yagdayyna menze$ dalmi eysem men yagdayym.
    Emma men hudaya shukur durmushymyn asyl maksadyny azda kände bilyan. Berlen amanat jana nahili seredip o dunyade nahili jogap bermelidigim hakynda da dogry pikirlerim bar.
    Ine, statistikanyn yokary bolmagyna ya da pes bolmagyna karar bermek her indiwidualyn öz elinde. Ruhy chökgünligin sonunyn ajal bn gutaryp gutarmazlygy; bizin allatagala hakynda, o dunya hakynda, öz janymyza kast etmekligin o dunyade nenengsi netije berjekdigi hakynda nameler bilyanligimiz bilen baglanshykly. Eger kimdir biri øz janyna kast eden bolsa onda ol adamyn shu zatlardan yeterlik derejede habarly däldigindendir.. Sheyle yagdaylarda bizin ahlimiz elimizden gelenini edip, mumkin bolan goldawy bermelidiris we esasanam meselanin metafiziki, ruhy tarapyny(dini, o dunya, huday....) dushundirip habardar etmelidiris.. Belki sheytsek hem shol adama, hemem özumize bu dunyade we odunyade bahasyna yetip bolmajak kömegi etdigimiz bolar...
    Merw92 13 years ago
  • Natyetperfect siz dogry aytyanyz !
    notyetPERFECT 13 years ago
  • agzalar okamaga yaltanmasalar-a gowy bordy
    Abadan 13 years ago
  • abadan dogan, diymek siziñ
    pikriñizçe ba$gada bir sebäp
    bar bärde?näme sebäpkä?
    siziñ pikriñiz?
    turkmenntug |2011-11-07
    23:11:37

    nejeptm men öz kellamdaki pikirimi barik yazyp dusundirip bilemok. Harmandali diyen agzamyzyn "öz -özuñi ölduryan kesel"diyen temasyny dykat bn okap görmeginizi maslahat beryan.Link goymany öwrenmandim,yogsam goyup görkezerdim.
    Merw92 13 years ago
  • talyplar.com
    “öz özüňi öldürdýän kesel”
    belgiler:  kesel , gulak-göz galýusinasiýasy , eýe , gara , ölüm
    adyny bilemok bu keseliň şonuň üçin eşdişimçe aýdaýyn. bir adamyň yzyna gara düşýä hem-de “özüňi öldür” diýip bizar edýä tä özüni öldürüp dynýança. käbirleri oňa “eýe” diýýäler “eýesi bar ol adamyň”. kabiriniň gulagyna eşdilýä “gulak galýusinasiyasy” gözüne görünse “göz galýusinasiýasy” diýýäler. özem şeýdip ölýän adamlara sahelçejik zat bolsa-da derrew ölýäler. tanyş daýzalaryň biri şeýle ýogaldy otyran ýerinden ölip galypdyr boýnynda ýüp daňyp. ýüpi hiç ýerden daňmandyr diňe boýnuna ötüripdir özem gysman, ýüpden özüni sallamaga ýeremýok eken otyran ýerinde ölip galypdyr. ondan öň gyzlaryna aýdypdyr “meni özüňi öldür diýip bir zat günüme goýanok” diýip. 
    1-2 gün mundan öň erbet habar eştdim 89 ýyl kijijik dotym özüni 9 etaždan oklapdyr. onuňam şol keseli bar ekeni. ýaman gynandym bir şadyýan oglanjykdy. 
    kim şu kesel hakda bilýän bolsa giňişleýin düşündiräýiň! ýa-da psihiçeskiý tarapdan bir keselmikä?!


    harmandali60 jogap 1256 okalan 2008-02-11 11:20:40

     
    turkmenntug 13 years ago
  • notyetperfect dost okadyk.gaty govy tesvir berdiñiz movzuga. minnetdar.
    Abadan 13 years ago
  • Sag bol Merw92 goyanyna,men yöne dine temany özuni göz önume tutmandym,teswirleri bn okasan,$adyyan adamynam sonun yaly aradan cykanlygy barada aydylyar. Aytjak bolyan dine ruhypeslikden dalmika diyjek bolyan .
    Bravo 13 years ago
  • her 2 sekuntdan Ýeriň ýüzünde 1 adam özüni suicid etmek barada pikirlenýämiş
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri