- Salam mugallym, bagyşlañ, meñ size birje soragym bar! "Bagtly bol!" diyip düýn bir daýza maňa ýüzlendi. Bagt nämekä, mugallym? Mugallymyň gözleri tegelenip näme diýjegini bilmedi, beýle sorag bu ýaşda döreýänine öñ gabat gelmändi. Sada jogap bilen ol aç gözleri doýurjak boldy: - Bagt gaty çuň düşünje. Garnyň dok, kepiň kök, jübiň pully, ýüziňde gülki, eliňde oýnawaçlar soňky. Ine, şuňa bagt diýilýä!!! Ýiti gözleri mugallymyň içinden geçip gelyädi, beýle gözleri ol köp wagtlap görmändi. Oglanjygyñ Žemperi köneliginden ýaňa saralyp reňki ýitip gidipdir, doly ýaňaklardan zat galmandyr! Ol oglanjyk gaşyny çytyp: - onda men, mugallym, hiç haçanam bagtly bolmaryn -diýdi. - Yok, Serdarjan, näme üçin beý diýýän? - Mugallym, men Ejemjanyň mylaýym elleri haçan iň soňky gezek kellämi sypalany yadyma düşenok! Kakamy bolsa, asla tanamok. Siz garnyň dok diýýäňiz, men düýşümde-de garnymyň doýanyny bilemok, keýpim mugallymdan sowgat gülki yüzini alamda kök bolýa, pul jübimde däl, elimde-de bolanok, oynawaç....??? Ýöne, mugallym, meñ ýüzümde gülki haçan düýşüme Ejemjan gelende peýda bolyar!!! Onda ol daýza diymeli adamsyny ýalňyşypdyr Pasyllar gezekleşip ençe aýlaw edenden soň, hälki mugallymy ýaňky oglan gözläp tapdy. - Salam, Mugallym, mümkin tanan dälsiniz, yöne men Serdar. Yadyňyza düşýän bolsa, şol kiçijek oglanjyk, sizden bagtyň nämedigini soran oglanjyk! Mugallym, siz ýalňyşypsyñyz, ol çagalar öýünden çykamdan soň köp gyşyň sowuklaryny iymeli boldum, göreşdim, güýjüm gutarandan soň göreşip başladym we käwagt garnymy doýurdym! Yöne bagt gelmedi! Soň hanym durmuş nebsi agyryp maña siziñ gülkiñiz deý öz gülküsini sowgat berdi. Indi elmydama garnym dok boldy, keýpim elmydama kök, ýanyma kalby owadan , gülkisi jadyly näzenin geldi, Ejem ýaly owadan gelnim bilen özüm yaly sorag bermäni gowy göryän, kiçijik Myratjan peýda boldy. indi gülki ýüzümden gidenogam. Diyen oynawaçlaryny almaga pulum bar! Yöne, mugallym, bagty men heniz hem görmedim!!! Mugallym onuñ şol yiti gözlerine seredip, buýsanjyndan ýaňa öňki owadan, häzirki garry gözlerine ýaş doldy: - Wahhh, Serdarjan, men saňa bagtyñ suratyny çekip beremde, sen gaty kiçidiň. Häzir men saňa ony has takyk suratlandyryp bereýin. Bilýäňmi, men ony mahal-mahal göremde her tüýsli görnüşlidi ol. Käte gülkide, käte agyda tapdyrdy özüni, käte uzyn, käte gysga boldy boýy onuň. Bagta garaşyp köp gapyny goýdum açyp, ynan, onuñ gelen wagty hem bolupdy, onuň gözleginde duýmadym ony meni gujagyna alan wagty. Bilýäňmi, Serdarjan, bagtyň suratyny her kim özi çekmeli! men saňa öz bagtymyň suratyny berdim. Şonuň üçinem, sen ony heniz tapmadyň! Serdar gözlerini aşak gaçyrdy, pikirler alyp gaçdy kellesin, oýlandy, oturdy, turdy. Aýlandy-da, ýene mugallymyň ýüzine seretdi. Mugallym bu bakyşda şol kiçijek Serdary görüp gözi ýaşaryp gitdi. Serdar uludan demini aldy-da: - Mugallym, düýn maňa bir daýza "bagtly bol, oglum!" diýdi. Bagt näme, mugallym? Şu soragyma jogap berip beräýiň?! Mugallymyň gözlerinden ýaş akyp, begenip özüne serenjam berip, şeýle diýdi: - Serdarjan, oglum! ýum gözleriñi! nähili ýagdaýda sen çyndan begenip gülüp bilersiň? Serdar hol kiçi çaga wagtlaryndaky ýaly gözlerini ýumdy, birdenem olary gatydan açyp, ýüzüne nur çaýylyp, ýanyndaky bagty gördi! - Mugallym, meni Ejemjan gujaklap maňa ýylgyranda, men , hakykatdan begenip ýylgyraryn!!! -diýip mugallymy gujaklady. mugallym Serdary ugradyp yzyna gelen wagty ýüz berilmezlikden ýaňa öýkeläp bir çüňkde oturan bagtyna gözi düşdi. P.S Bize hemişe biri öz arzuwlaryny, isleglerini satýa ýa mugt paýlaýa! Biz ulalyp, ösüp öz ene-atamyzyň ya-da mugallymlarymyzyň arzuwlaryny özümiziňki diýip alýas! Ýalňyş keşpli bagty gözleýäs! Www.ertir.com

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir