bagt näme diýseler maldyr öýtmäň adamlar, malyň bolsa köpelermiş gyrasyndan gädenler, daşyň dolar şagaldan tilki gurtdan azanlar, maýyn tapsa agyz urar malyňdan ýa jynyňdan! bagt näme diýseler puldyr öýtmäň adamlar, puluň bolsa köpelermiş dost men diýen nadanlar, daşyň dolar gözelden ýüzüňe ýalan gülenden, aglan öýüň özüň dälde puluň aşa söýenden. il günüň abraýyň bolsa, aş dosty däl hak dost bolsa, söýen gülüň ýaryň bolsa, bagt şoldyr adamlar. bagt näme diýseler baýlyk öýdmäň adamlar, baý bolaýsaň köpelermiş orramsy hor nadanlar, daşyň dolar hossardan ömür ýüzüň görmedik, mätäç çagyň göwün namart gelip halyň bilemdik eneň ataň Allaň bolsa, ogul gyzyň dowam bolsa, söýen gülüň ýaryň bolsa, bagt şoldur adamlar. günüň dogsa aýyň dogsa, saçagyňda nanyň bolsa, gursagyňda janyň bolsa, bagt şoldur adamlar. akyş saparow bilen ogly şöhrat saparowlar aýdýa, aýdymy hasam bet.

Köneler, ependi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir